ABŞ-da koronawirusyň Gün şöhlesi bilen çalt ölýändigini aýdýarlar

ABŞ-nyň alymlary koronawirusyň çalt ölmegine getirjek şerti atlandyrdylar. Üç sany şert berjaý edilen ýagdaýynda, bu ýokanç kesel bary-ýogy iki minut ýaşap bilýär. Alymlaryň pikiriçe, koronawirusy öldürmek üçin diňe bir sanjymlar we häzirki zaman dermanlary däl-de, eýsem, tebigy şertler hem gerek bolup durýar.
ABŞ-nyň tehnologiýa we ylym boýunça içki howpsuzlyk ministriniň orunbasary Uilýam Braýanyň aýtmagyna görä, Günüň göni şöhlesi koronawirusyň ýaşaýjylygyna güýçli täsir edýär we ýerde-de, howada-da onuň ölmegine getirýär, bu barada TACC-a salgylanmak bilen tsargrad.tv habar berýär.
Ol, alymlaryň +21-den +24 Selsiý gradusyna çenli temperaturada Günüň göni şöhlesi we 80% çyglylyk astynda geçiren barlaglaryna laýyklykda, koronawirus ýerde eýýäm iki minutdan ölmäge başlar diýip belleýär. Şol bir +21, +24 Selsiý gradusy, ýöne 20% çyglylyk şertinde şöhläniň göni täsiri bilen ol howada eýýäm ýarym minutdan dargamaga başlar.
Amerikan alymlarynyň tejribesi heniz resmi taýdan yglan edilenok we häzir ekspertleriň baha bermegine garaşylýar. Belli bolşy ýaly, ultra-benewşe şöhleler, hakykatdanam, arassalamak täsirine eýe, çünki ol wiruslaryň genetik materialyna zyýan ýetirýär we olaryň özüne meňzeş gurluşlary ýasamak ukybyny ýok edýär.
Eger-de geçirilen barlaglar tassyklanylsa, onda bu keseliň ýaýrawynyň tomusyň içinde gowşajakdygyna umyt döreder. Ýöne bu patogeniň düýbünden ýok boljakdygyny aňlatmaýar. Şonuň üçin sosial aradaşlyk prinsipleri hökmany bolup galar.
Belläp geçsek, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp kesellileri adaty däl ýagdaýda, ýagny Gün ýagtylygynyň kömegi bilen bejermegi teklip etdi. Ol koronawirus bilen keselläniň bedenini “ultra-benewşe şöhlesiniň güýçli täsirine ýa-da ýönekeý örän güýçli ýagtylyga” sezewar etmegi teklip edýär. Şeýle hereket wirusy bir minudyň içinde ýok eder diýip çaklaýar.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir