Mercedes COVID-19 kesellilere niýetläp öýkeniň emeli howa täzelenişi üçin enjamlary öndürer

COVID-19 bilen kesellänlere niýetläp öýkeniň emeli howa täzelenişi üçin enjamlary indi “Mercedes” hem öndürip başlaýar. Londonyň uniwersitet kollejiniň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlykda Mercedes Formula-1 komandasynyň inženerler topary gysga möhletde koronawirus bilen kesellän syrkawlara inwaziw zerurlygyndan gaçmakda ýardam etmäge ukyply bolan dem alyş enjamyny döretdiler. Bu barada Euronews habar berýär.
Taslanylan öýkeniň emeli howa täzelenmesi Wenturi effektiniň prinsipi boýunça işleýär, ýagny gazyň basyşy has dar giňişlikde pese düşýär. Kislorod bilen baýlaşdyrylan howa bokurdaga oturdylýan turbajygy ulanmazdan maska arkaly syrkawyň organizmine geçirilýär.
Brokswortdäki “Mercedes” kärhanasy günde 1000-e çenli enjamlary öndürip bilýär. Birleşen Korollygyň hökümeti 10 müň sany möçberde ilkinji toplumy sargyt etdi. Öň, derman serişdelerini we medisina önümlerini sazlamak boýunça britan agentligi şeýle enjamlaryň ulanylmagyna rugsat berdi.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir