Elde ýasalan iki gatly maskalar aerozollaryň 99%-e çenli bölejiklerini geçirmän saklaýar
ABŞ-nyň fizikleri tarapyndan nah matadan we ýüpek matadan edilen iki gatly maskalaryň aerozollaryň 80-den 99%-e çenli bölejiklerini geçirmän saklaýandygy kesgitlenildi. Özleriniň netijeliligi boýunça olar ABŞ-nyň lukmanlary tarapyndan hödürlenilen №95 klasly respiratorlardan hiç hili pesde durmaýar. Fizikleriň işiniň netijesi “ACS Nano” ylmy žurnalynda neşir edildi. Bu barada chtoproishodit.ru habar berýär.
“Biziň tejribelerimiz dürli matalaryň, meselem, berk nah matanyň, ýüpegiň, şifonyň ýa-da flaneliň birleşmesiniň dürli ölçegli aerozol damjalaryndan gowy goraýandygyny görkezdi. Ýöne islendik deşik (maskada) we berk bolmadyk baglanyşyk zonasy (maska bilen ýüzüň arasy) şeýle maskalaryň netijeliligini 50% ýa-da ondan hem ýokary pese düşürýär” – diýip, alymlar ýazýarlar.
ABŞ-nyň keselleriň öňüniň alynmagyna gözegçilik boýunça Merkeziň alymlarynyň aýtmagyna görä, pagtanyň we tebigy ýüpegiň ýa-da şifonyň birleşmesi aerozolyň bölejiklerini netijeli süzgüçden geçirýär. Bellenilip geçilişi ýaly, COVID-19-yň döredýän SARS-CoV-2, esasan, howa-damja ýoly arkaly ýaýraýar.
Bu bölejikler dürli ölçegde bolýar, olaryň iň kiçileri aerozol diýlip atlandyrylýar. Matanyň süýümleriniň arasynda olar deşijeklerden arkaýyn geçip bilýärler. Şu ýagdaýy göz öňünde tutmak bilen, maskalaryň peýdasy şübhe astyna alynýar. Alymlar Çikagonyň inženerleri bilen bilelikde dürli matalaryň birleşip ýa-da aýrybaşgalykda aerozollary süzgüçden geçirip bilijilik ukybyny seljerip gördüler. Derňewçiler howadaky bölejikleriň matadan geçmezinden öňki we soňky göwrümini we möçberini ölçediler.
Netijede, pagta matasynyň bir gatynyň şifonyň iki gaty bilen birleşdirilmeginiň 80-den 99%-e çenli aerozollary süzgüçden geçirýändigi kesgitlenildi. Şeýle netijäni tebigy ýüpek we flanel hem berdi. Ekspertler pagta ýaly berk birleşdirilen matalaryň bölejikler üçin mehaniki barýer bolup çykyş edýändigini, tebigy ýüpegiň we şifonyň bolsa elektrostatik barýer hökmünde çykyş edýändigini belläp geçýärler, sebäbi olar statiki zarýadlary saklaýarlar.
Maskalaryň dakylmagy doly derejede COVID-19-dan goramaýar, ýöne ol beýleki adamlaryň onuň bilen kesellemek mümkinçiligini peseldýär.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir