2020-nji ýylyň mart aýynyň 24-26-sy aralygynda Türkmenbaşy şäher sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň 3-nji sport mekdebinde sportuň UŞU görnüşi boýunça Türkmenbaşy şäheriniň açyk çempionaty geçirildi.
Ýaryş Halkara UŞU federasiýasynyň düzgünnamasy esasynda gyzykly hem çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Ýaryşa Türkmenbaşy şäherinden 15 türgen, Kenar etrabyndan 25 türgen, Awaza etrabyndan 20 türgen, gatnaşdy. Ýaryşyň netijeleri adalatly emin agzalary tarapyndan yglan edilip onda Kenar etrabynyň türgenleri has şowly çykyş edip, ýaryşyň jemi boýunça 1-nji baýrakly oruna mynasyp boldular. Ýagny olardan 1-nji orna 7 türgen, 2-nji orna 9 türgen, 3-nji orna 8 türgen mynasyp boldy. Awaza etrabynyň türgenleri 2-nji orna mynasyp boldular. Türkmenbaşy şäheriniň türgenleri 3-nji orna mynasyp boldular. Ýaryş wagtynda emin agzalary, gözegçilik edýän lukmanlar topary tarapyndan hiç-hili arz şikaýatlar hasaba alynmady. Ýaryşda ýeňiji bolan toparlara Türkmenbaşy şäher sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň UŞU federasiýasynyň medallary bilen sylaglandylar.
Geçirlen sport ýaryşy ýaşlaryň arasynda sportuň bu görnüşine bolan höwesi ösdürmekde, olarda özüňe bolan erk-islegi we ynamy berkitmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Sport, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir