Bu gala Kaka etrabynyň Garahan obasyndan, takmynan 5-6 kilometr demirgazykda ýerleşýär. Gala taraplary 120 metre deň bolan dörtburçluk görnüşinde gurlupdyr. Galanyň günorta tarapdaky ganatynyň ortasynda giňligi 3,5 metre barabar bolan derweze gurlupdyr. Derwezäniň iki gapdalynda diwaryň deňesinden 3,5 metr öňe çykyp duran, töwrek görnüşinde salnan iki sany diň bolup, olaryň beýikligi 4 metre barabardyr. Dörtburçluk görnüşinde bina edilen bu galanyň her burçunda bir diň uzakdan seleňläp görünýär. Emma galanyň içine aralaşyp syn etseň welin, günbatar, demirgazyk, gündogar we günorta ganatlarynyň ortasynda hem diňleriň bolandygy mese-mälim bildirip dur. Umuman, galada jemi 9 sany diň bolupdyr. Diwarlary 1 metr inlilikde pagsadan salnyp, olaryň häzirki beýikligi 4 metr çemesidir. Galanyň daş-töweregi garym we gaçy bilen gurşalypdyr. Gala XVIII asyryň aýaklary XIX syryň başlary bilen senelenýär. Galanyň ilaty ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgul bolupdyr. XIX asyryň ortalarynda gözbaşyny dag eteginden alyp gaýdýan Nöwrekçaýyň suwunyň kesilmegi zerarly, galanyň ilaty bu ýerden günorta tarapa süýşmäge mejbur bolupdyr. Mähdi han Astrabady özüniň “Nedir şanyň taryhy” atly işinde türkmenleriň Zagçent atly galasynyň Garahan atly serdaryny gaýta-gaýta agzap geçýär. Şeýle hem Hywa taryhçylaryndan Munis we Agahi XIX asyryň başlarynda Hywa hanlarynyň Etege eden çozuşlary döwründe Gozgan töwereklerinde ýaşan garhanlylar barada ýazypdyrlar. Gala we onuň ilatyna şol Garahan diýen şahsyň adynyň dakylandygy aýdylýar. Giň sähralykda maldarçylyk bilen meşgullanýan ilatyň gala gurup ýaşamak ýörelgesiniň täsin nusgasy bolan bu gala aýratyn ähmiýetli binagärlik ýadygärligidir. Şol sebäpli, häzirki wagtda raýatlarymyz we ýurdumyza gelýän daşary ýurt syýahatçylary hem bu taryhy galanyň häzirki durkyny görmek hem-de onuň taryhy bilen gyzyklanyp onuň çägine yzygiderli barýarlar.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir