Antonio Guterreş karonawirusa garşy göreşde tagallalaryň birleşdirilmegini isleýär
BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreş ýurtlary karonawirus pandemiýasyna garşy göreşde Eýran bilen hyzmatdaşlyga çagyrýar. Baş sekretar BMG-nyň Adam Hukuklary boýunça ýokary komissary Mişel Baçletiň dünýä ýurtlaryny karonawirusa garşy göreşde Eýran bilen hyzmatdaşlyga çagyrýan sözlerini goldady. Bu barada “IRNA” habarlar gullugy habar berýär.

Antonio Guterreş, ilki bilen karonawirus pandemiýasy arkaly bütin dünýäde düşünişmezligiň, duşmançylygyň bes edilmegini isleýändigini beýan edip, “BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary häzirki adatdan daşary pursatda global saglygy goraýyş tagallalary bilen baglanyşykly adam hukuklaryny goldamak we dünýäde millionlarça adamyň ömrüni goramak üçin pudaklaýyn sanksiýalaryň ýeňilleşdirilmegini ýa-da togtadylmagyny isleýär" diýip, dünýä jemgyýetçiligini şu mesele boýunça Eýran bilen hyzmatdaşlyk etmäge we goldamaga çagyrdy.

Eýranda ýaýran karonawirus pandemiýasy sebäpli Türkmenistanyň ilkinji bolup, 19-njy martda bu goňşy döwlete saglygy goraýyş maksatly serişdeleri we azyk önümlerini muzdsuz ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberendigini we olaryň ýurduň Horasan — Rezawi welaýatyna guramaçylykly gowşurylandygyny bellemek gerek.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir