Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlary:

1. Azyk önümleriniň howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý ediň. Çig we taýýar iýmit üçin aýratyn kesiji tagtalary we pyçaklary ulanyň!

2. Eti we ýumurtgany doly taýýar bolýança, gowy edip bişiriň!

3. Çig eti dogramagyň we taýýar iýmit bilen işleýän wagtyňyzyň arasynda elleriňizi ýuwup duruň!

4. Daş-töwerekdäki adamlary ýokanç keselinden goraň. Ýagny, üsgürýän bolsaňyz ýa-da gyzgynyňyz ýokary bolsa, adamlar bilen gatnaşykdan gaça duruň.

5. Gyzgynyňyz ýokarlansa, üsgürseňiz we dem alşyňyz kynlaşsa, mümkin boldugyça wagt ýitirmän, lukma ýüz tutuň!

6. Eger siz näsaglamankaňyz haýsydyr bir ýurtlara gidip-gelen bolsaňyz, bu barada lukmana aýdyň!

7. Elleriňizi 15 sekundyň dowamynda sabyn bilen akar suwuň aşagynda ýuwuň!

8. Asgyranyňyzda we üsgüreniňizde agzyňyzy we burnuňyzy tirsegiňizi epip ýa-da el ýaglygyňyz bilen ýapyň. El ýaglygyňyzy şol bada taşlaň we elleriňizi ýuwuň!

9. Gyzgyny ýokary ýa-da üsgürýän adamlar bilen ýakyn galtaşykda bolmakdan gaça duryň!

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir