COVID-19-yň dermany: ABŞ-da adamlarda synaglar geçirilip başlandy

Sişenbe güni ABŞ-da oýlanylyp tapylan waksinany adamlarda synag etmeklik başlandy. Euronews agentliginiň habar berşi ýaly, synagyň birinji tapgyrynda sanjymy dört sany meýletinçä edip gördüler (soňlugy bilen tejribä ýene-de 41 sany adam goşular). Dört hepdeden olar ikinji sanjymy alarlar. Sanjymlary Sietl şäherindäki Kaiser Permanente ylmy-barlag merkeziniň hünärmenleri etdiler. Waksinanyň özüni Moderna Therapeutics kompaniýasy işläp taýýarlady.

Bu serişdäniň aýratynlygy — onuň düzüminde öli ýa-da gowşadylan wirus saklanmaýar, şonuň üçin hem keselleme mümkinçiligi asla aradan aýrylandyr. Bu waksina ýöriteleşdirilen beloklary-antibedenleri işläp düzmek boýunça immun ulgamy işjeňleşdirýär.

Waksinany öndüriji kompaniýanyň beýan etmegine görä, bu serişde eýýäm synagdan geçen prosessiň kömegi bilen taýýarlanyldy. Preparatyň düzüminde wirusdan göçürilip alnan genetiki koduň bir bölejigi saklanýar.

Amerikan kompaniýasy bu oýlap tapyşyny haýwanlarda synag etmezden, gönüden-göni adamlarda synag edip başlady.

Bilermenleriň bellemegine görä, bu sanjymyň näderejede netijelidigini diňe birnäçe aýdan soň anyklap bolar. Ondan soň ol bir- bir ýarym ýyldan ählumumy elýeterli bolup biler.

Associated Press agentliginiň habar berşi ýaly, indiki aýda Inovio Pharmaceuticals atly ýene-de bir amerikan kompaniýasy öz waksinasyny ABŞ-da, Hytaýda we Günorta Koreýada synagdan geçirip başlar.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir