Internet ulgamyna göz gezdirseň, munda ýazylmaýan zat ýok. Hat-da, adamlaryň öz öýlerinde agzyndan çykan käbir hyýaly gürrüňleri hem başyny alyp ýurtdan çykyp, dünýä äşgär bolýar. Bir tarapdan XXI asyra maglumatlar asyry diýilse-de, başga bir tarapdan ýasama maglumatlaryň ýagny, “feýkleriň” asyry hem diýseň ýalňyş bolmaz.
Ýakynda “Azatlyk Radiosynyň” türkmen redaksiýasy Türkmenistanyň içindäki ýagdaýlardan habarly diýilýän çeşmesiniň maglumatlaryny çap edipdir. Onda Balkan welaýatynyň çäginde howply koronawirusyň ýüze çykarylandygy habar berilýär. Aýdylýan bu habaryň çyna berimsizliginden çen tutsaň, redaksiýanyň agzaýan “çeşmesiniň” bardygyna hem ynamyň gaçýar. Aňan bolsaňyz, gep bu berilýän habaryň çigliginde däl, onuň asla gury gürrüňliginde. Ýurt içinde kesele garşy alnyp barylýan çäreler, onuň ýurda ýaýranlygynyň alamaty bolup bilmejegine her kim düşünýär. Olaryň bar niýetleri daşyndan ýalan gürrüňler bilen jemgyýetde dowul döretmek bolsa, onda bu pirimleri elmydam bolşy ýaly bu gezegem paşmady. Bir eýýäm Watany taşlap, onuň içinde bolup geçýän jemgyýetçilik durmuşyndan habarsyz, emma, hamala diýersiň, ýurt içinde bolup ähli zatdan habarlysyrap dereksiz gepleri ýaýradýan bolgusyzlar bir ýa-da iki däl. Şular ýaly düýpgöter hakykata golaý gelmeýän gürrüňler “Azatlygyň” “habarçy” diýip ýören gybatçylarynyň öz gara güzeranlary üçin berýän hasabatlarynyň bir bölegi bolup durýar. Olaryň birnäçe gün “üstünde işläp”, “sünneläp” ýokdan bar edip taýýarlap, her gezek halk köpçüligine ýetirmekçi bolýan gürrüňleri soňy bilen ýalana çykýar. Şeýle masgaraçylyklar öň hem az bolmady. Ýurtda “açlyk” diýip gördüler, ýurtda “gytçylyk” diýip gördüler, ýurtda “nobatçylyk” diýip gördüler. Bolmady!.. Indem ýurtda “keselçilik” diýip kesek atjak bolýarlar. Olaryň bu gün bütiň dünýä ýüzi bolup göreşilýän keselleri bahana edip, gybata baş urup, bir döwüm çöregi gazanmaga günleri galan bolsa, onda olara halal bolsun! Emma, boş ýerden arrygyny gynap, azar edinip ýaýradýan gürrüňleriniň ýalandygy ýüze çykandan soňra bolsa, esli wagtlap “hinleriňe” sümüp ýatýarlar. “Azatlygyň” ýa-da beýleki ýurt daşyndaky “halk gahrymanlarynyň” mundan beýläk näme oslajaklaryny bilip bolmaz, ýöne daş gulakdan ýalan-ýaşyryk eşiden gürrüňleri bilen ýurda, Watana şyltak atmak bilen güzeranyny görýän bolsalar, diýmek, olary eklemek ýene-de ýurdumyza galýar!..

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir