Ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegin Konsepsiyasynyn», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegin Konsepsiyasynyn», şeyle hem «Türkmenistanyn bilim edaralarynda yaş nesli Sazlaşykly terbiyelemegin maksatnamasynyn» önde goýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilyär. Häzirki wagtda hemme ýurtlarda diýen yaly bilim ulgamyny üytgedip guramak işleri alnyp barylyar. Onun, esasan, iki sebäbi bar. Olaryn birinjisi ykdysadyýet bilen baglanysykly, ýagny yaş nesle XXI asyryn yzygider üytgäp duran ykdysady durmuşynda mynasyp orny eyeläp biler yaly yeterlik bilim we endik bermek. Ikinjisi medeniyet bilen bagly bolup, çagalara halkyn me- deni özboluşlygyny saklamagy we geljekki nesle geçirmegi, şol bir wagtda dünyä medeniýetine sazlaşykly goşulyşmagy öwretmek zerurlygydyr. Ylym-bilim döwletin we jemgyyetin öne gitmeginin berk binýatlarynyn biridir. Şona görä-de yaşlara döwrebap bilim berip, ylmy-bilimi hemmetaraplayyn ösdürmek mugallymlaryn önünde duran esasy wezipelerin biridir.
Ukyply we zehinli çagalary ýüze çykarmak hem olary goldamaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek meyilleşdirilendir. Türkmen yaşlary häzirki zaman tehnologiyalaryndan oñat baş alyp çykyan, döwrün talabyna laýyk hünärmen, ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy alyp barmak üçin ukyply bolmalydyr. Ýaşlarymyz bilimin-ylmyn ilkinji basgançaklaryny umumybilim beryän mekdeplerimizde geçýärler. «Mekdep» düşünjesi ilkinji gezek Gadymy Gresiýada döräpdir we ol “dynç alyş “, “boş wagt” diýen manyny berýär. Ilkinji mekdepler biziň eýýamymyzdan öň 4 muň ýyl öň Assiriýada, Wawilonda we Hytaýda döräpdir. Halkara derejesinde geçirilen soragnamanyň netijeleri boýunça jemgyýetiň abadamnçylygyny üpjün edýän hünärleriň arasynda mugallymçylyk käri möhümligi boýunça harbylardan we lukmanlardan soň üçünji orunda durýar. Hakykatda bolsa mugallymçylyk kärini has ýokary derejä çykarsaň hem ýalňyş bolmasa gerek, sebäbi her bir çaganyň ykbaly, döwletiň geljegi ilkinji nobatda mugallyma bagly bolup durýar. Bilermenleriň nygtaýşy ýaly, mugallymçylyk käri edil uçarlaryň herekedini sazlaýjylaryň, uçarmanlaryň we ýangyn söndürijileriň käri ýaly iň çylşyrymly kärleriň hatarynda durýar. Nerw ulgamyna düşýän agramyň derejesi bu kärlerde takmynan, deň derejededir.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir