Aýdym hakynda aýdym

Ene hüwdüsinde diňläp çagakam,
Aýdym, gözel aýdym, men seni söýdüm.
Mukaddes duýgyňy aňlap çagakam,
Aýdym, gözel aýdym, men seni söýdüm.

Atalarymyz sypynsalar kärinden,
Gidip diňläpdirler menzil ýarymdan.
Gözelleri bend edipsiň tärimden,
Aýdym, gözel aýdym, men seni söýdüm.

Aýdym sen jogap ber bu sowala-da,
Gyzlar seni az kakdymy lälede.
Ençe çopan aýtdy nije ýaýlada,
Aýdym, gözel aýdym, men seni söýdüm.

Zamanaň aýnasy, döwrüň dili sen,
Paýhasyň perzendi, yşkyň güli sen.
Dürden gymmat duýgularyň baly sen,
Aýdym, gözel aýdym, men seni söýdüm.

Göwnümi göterdiň, eý gözel mukam,
Ynsan üçin pynhan syryň barmykan.
Heý, barmykan aýdym aýtmadyk ynsan,
Aýdym, gözel aýdym, men seni söýdüm.

Täzelikler, Arslanalayew tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir