Russiýaly boksçy Aleksandr Powetkin şu ýylyň maý aýynyň 2-sinde britaniýaly Dillian Waýt bilen tutluşyk geçirer. WBC-niň superagyr agram derejesiniň çempionlyk guşagy ugrundaky duşuşyk Mançester şäherinde “Mançester Arenada” geçiriler. 40 ýaşyndaky Powetkin şu wagta çenli 38 duşuşykda 35 ýeňiş gazanyp (24-si nokaut), 2 gezek utuldy. 31 ýaşyndaky Waýt bolsa, 28 duşuşykda 27 gezek ýeňiş gazanyp (18-si nokaut), 1 sapar garşydaşlaryndan asgyn geldi.

Sport, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir