Abdallar


Sünni yslam daşynda galan birnäçe dini toparlarda gabat gelinýän, türkmenlerde Derwiş ýa-da Baba diýmeklik Abdal manysyny berýär.
Abdal diýmek Alladan başga dünýädäki hemme zatdan ýüz öwren adamdyr. Abdallyk mertebesine ýeten adam hakykatyñ çyn ýoluna düşmelidir.
Toparlaýyn bolan abdal zyýan çekene,ezilene we horluk görenlere kömek edýärler. Halkyñ içinde ahlaksyzlyklara güýçli garşylyk görkezen otoritetlerdir.
Has hem göçüp-gonujy türkmenler arasynda köp bolan Abdallar, Seljukly we Osmanly tükmen döwletleriniñ otoritet garşysyndaky halkyñ birahatlygyna çydam edip bilmän her dürli gozgalañlaryñ başyny başlapdyrlar.
Olara häzir Türkiýede iñ köp içki Anadoly etraplarynda gabat gelmek bolýar.
Kyrşehir, Keskin, Balaýörelerinde abdallar durmuşda köplenç güýmenjelerini saz bilen geçirýärler.
Baka we Keskindäki abdallar häzirki Eýran topraklarynda ýerleşen Horasan diýilýän welaýatdan gelendikleri aýdylýar.
Abdallar Yslam dini bilen türkmenleriñ Yslamdan öñki şamanizmini şahslarynda birkeşdiripdirler.
Gök tañry (Kök tengri) bilen manawy baglanyşyk gurup bilen ''Kam'' düzgünleri yslamlaşyp ''Abdal'' diýip atlandyrylmaga başlanypdyr.
Türkmen oguzlar XI asyrda Kiçi Aziýa (Anadola) göçüp baranlaryndan soñ abdallar hem bu ýerlere köpçülikleýin göçüp barypdyrlar.
Sary Saltyk ýaly käbir abdallar bolsa osmanlylardan öñ Balkan ýarym adasyna aralaşypdyrlar.
Baba Yshagyñ 1239/ 1240-njy ýyllarda Adyýaman etraplarynda turuzan Babai gozgalañy Anadoly seljukly döwletiniñ pese gaçmagyna we 1243-nji ýylda Mongol çozuşlaryna sezewar bolmagyna ýol açypdy.
Bu ýerlerde emele gelen Osmanly beglinde abdallar (Edebaly, Keýikli baba) Osmanly beglerine (Osman gazy, Orhan gazy) ynamdar egindeşlik edipdiler.
Osmanly döwletiniñ irki döwürlerinde abdallar Günbatar Anadolynyñ we Balkanlardaky hristiýan raýatlaryny yslamlaşdyrmakda esasy roly alyp barypdyrlar. Olaryñ esasy öwreden zatlary yslam kitaplaryna derek ýerli däp-dessurlara görä uýgunlyk görkezýär ekenler.
XV asyrda yslam adatlaryny öwreden abdallar soñ-soñlar osmanlynyñ daşynda galyp, Eýranda sefewi döwletiniñ gurulmagyndan soñ gyzylbaş ady bilen tanalmaga başlanypdyr.
Halk sufiliginde abdallaryñ islän wagty islän ýerlerine aralaşyp biljekdigine ynanylýar. Ýagny ynançlara görä; zaman we mekan çäklerine aralaşyp bilmek güýjüne eýe bolunandygyna ynanylýar. '' Olar kä wagtlar hiç kimiñ gözüne görünenoklar. Köneki ynançlara görä gizlin güýçleri bolan we jadylaýjy güýe eýe bolan abdallar ýagyş ýagdyrmagy, bereketiñ köpelmegi we her dürli bela beterlerden goranmak üçin Alladan näme dileseler kabul edilipdir.
Abdallar hakyndaky pikirler türkmen halk ynanjynda-da gabat gelinýär. Meselem Dagystanda ýaşaýan türkmenleriñ bir toparlarynda däp bolan zatlaryñ biri hem dokuz aýlyk bäbejik ejesiniñ hamyla wagtynda ölen bolsa, ony Abdal äkidipdir diýilýär.
Aýdylmagyna görä uzyn ak sakally keşpli Abdal daglarda ýaşaýar. Dag tekeleriniñ arasynda aýlanyp olary goraýar diýilýär. Hiç kime görünmeýär. Awçylar onuñ ady bilen doga edip gurbanlyk kesseler olaryñ awlary ugruna bolýarmyş. Abdal mätäç adamlaryñ ýalbaryp-ýakarmalaryny diñleýär. Gadymy türkmen rowaýatarynda Abdalyñ ölen dag tekesini direldişi we oña täzeden jan berişi hakda kän aýdylypdyr.
Häzirki Sak türkmenlerinde erkek Şamanlara lakam hökmünde ''Abydal'' diýen söz bardyr. Şol sözüñ ''Abdal'' sözi bilen birmeñzeşligi ünsi özüne çekýär.
Öñler Azerbeýjanda bir döwürler aşyklary ýetişdiren merkeze Abdal şäheri diýipdirler.
Abdal sözüne taryhda Akhun ady bilen bilinen Eftalitleriñ ady bilen baglanyşyklydygyny köpler çaklaýarlar. Alawylarda Abdallyk medeniýetiniñ barlygy, Hazar deñiziniñ günorta kenarynda ýaşaýan türkmen taýpalarynda Abdal adyny göterýän adam atlaryna gabat gelinmesi, Abdallaryñ gizlin dilleriniñ bolmagy, Anadolydaky Abdallaryñ has köp göçüp-gonmak durmuşy başyndan geçirip, sazanda, aýdymçy-bagşy we Göroglynyñ kyssalaryny aýdyp bermekde meşhur bolmaklary, özlerine Alawy diýip atlandyran bu taýpa özlerine hem ''Ähli beýdiñ'' gullary hökmünde görmekleri, Muharram aýynda Kerbela şehitlerine ýas tutmalary (Anadoly Abdallaryna, iñ köp Alawylaryñ köpçülik bolup ýaşan ýerlerinde) we şular ýaly birnäçe mysallar, hakykatdanam bu sözüñ (Abdal) gaty gadymy taryhy kökleriniñ bolandygyny görkezýär.
Dürli çeşmelerden edinilen maglumatlara görä bu söz Eýranda XI we XIV asyrlarda galama alynyp ýazga geçirilip başlanypdyr. Edebi ýazgylarda ''Derwüş'', XV asyra degişli ýazgylarda ''Diwana'' manyda ýazga geçirilipdir. Kä wagtlar halk arasynda Abdallar hakynda gürrüñ açylanda ''yşyk'' sözi ulanylypdyr. Has soñralar Bekdaşylygyñ (ýoly) ony öz içine alandygyny, bir kysmyny üýtgedendigi hakynda çaklamalar bardyr.


tr.wikipedia.org saýtyndan terjime edildi.
@Jeksparro

Bilim, Jeksparro tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir