Soñky urgy

Sidhasa bilen Çanna ýene araba münüp köşkden çykdylar. Wezirler, hyzmatkärler, köşk adamlary şazadanyñ yzyna tirkeşip, hatar durna ýaly bolup ýola düşdüler. Halaýyk ozalkysy ýaly köçäni dolduryp, olary şadyýan garşy alýardy. Hoşallyk bilen ugradyp galýardy. Emma şol wagt şazada ýene bir garaşylmadyk zada duş geldi. Onuñ göz öñünde bir topar adam tabyt göterip, ýan köçe bilen ýuwaş ýöräp barýardy.
Şazada:
ㅡ Haý, Çanna, adamlaryñ göterip barýan ol kişisine näm boldy? Nämüçin ol lal-jim bolup ýatyr? Ol uklap ýatyr öýdýän. Onda näme üçin adamlar aglaýarlar? Ony nirä alyp barýarlar? ㅡ diýip sorady.
Çanna:
ㅡ Ol indi merhum ㅡ diýip, jogap berdi. ㅡ Ony derýanyñ boýuna alyp baryp, jesedini ýakýarlar.
Şazada lal bolup galdy. Soñra ýuwaşjadan ýene sorady:
ㅡ Merhum diýen, jeset diýeniñ näme? Ýaksalar, oña zelel ýetmezmi? Çanna, sen maña düşündir, manysyny bir añlaýyn ㅡ diýdi.
Atasynyñ ýyllar boýy gizläp gelen hakykatyny Çanna şazada tiz düşündirdi:
ㅡ Ol adam hem edil sen ýaly, men ýaly owalbaşda diri bolupdy. Ol ilki çaga bolup doglan oglan bolup ösen, ösüp-ulalyp ýigitlige ýetişen, durmuşyñ ajysyny-süýjüsini dadan, soñra öýlenip, bala-çaga öndürip ösdüren, işlän, ýaşaýşa guwanan, soñam garrap, saç-sakaly agaran, kem-kemden güýç-kuwwatdan aýrylan, iñ soñunda akybet düşege baglanyp galan, soñam haly agyrlaşyp, jan beren. Soñky demi bilen akly-huşy hem, güýç-kuwwaty hem ony terk eden. Onuñ jesedini alyp baryp ýakanlarynda hem ol horlanmaýar. Çünki, indi ol jany çykyp, terk edilen beden.
ㅡ Hany, sen maña aýt, Çanna, şu terzde garrap ölmek, umuman adamlaryñ garrap ölmegi endikmi ýa bir hadysmy? ㅡ diýip, şazada sorady.
Arabakeş:
ㅡ Ýok, şazadam, asla beýle däl. Käbir adamlar garrap ýetişmeýärler, käbirleri näsaglyga kem-kemden ýolugýar. Ýöne ahyry günleriñ bir güni, elbetde, ölýär ㅡ jan berýär ㅡ diýdi.
Arabakeş tarapyndan hatyrjemlik bilen aýdylan bu sözler şazadany daş edip doñdurdy.
Ol gaýgylanyp:
ㅡ Bäý, mundan çykd-ow. Günleriñ bir güni aýalym hem, çagam hem, dostlarym hem öljek eken-dä. Hemmelere ölüm garaşýan bolsa, oýun edip aýdym aýdýan bu dünýäniñ gözi, dogrudanam sokurkör dälmidir? Adamlar oñat geýinmek üçin, çarp urýarlar, ölüp-direlýärler. Olar ahyrsoñunda köpek geýjegi hakynda oýlanmaýarmykalar? Olaryñ akyly beýle kemtermi? Nämüçin ölümi beýle tiz unudýarlar? Ýa-da olaryñ ýürekleri daşmy? Ölüm hakyndaky oýlanmalar nämüçin şol daş ýürekleri eretmeýär? Çanna, arabany yza öwür. Men tizräk köşge baryp, ýeke galmak isleýärin we şu zatlar hakynda oýlanmakçy ㅡ diýdi.
Ýöne Çanna arabany köşge tarap däl-de, bezelen baga tarap öwürdi. Bu ýerde bolsa, owadan oýunçylar, aýdymçy-sazandalar, ähli emeldarlar häzir bolup durdular. Olar şazadanyñ öñünden çykyp, oña alkyş-hormatlar aýdyp, garşy aldylar. Emma şazada olara öwrülip hem bakmady. Onuñ ähli pikir-hyýaly ýañy bolup geçen wakady. Ol şol gören zatlaryna akyl ýetirmek bilen gümrady.


(dowamy bar)

Jonatan Landau

Terjime edenler: A. Atabaýew, D. Kerimow.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir