Ýaşulyň örän jaýdar aýdanlary (Umumy gürrüňdeşlik)

Gytyndan
O//@Z13, Sentýabr-2016ý (22:21)

Yashlaryn biri akyldaryn bosagasyndan atlapdir."Dana baba,mana bir owut nesihat berin,yone ol menden on hic kime aydylmadyk bolsun we menden sonam hic kime aydylmasyn.Goy,adamlar ol sozi dine menden owrensinler"diyipdir.Shu yasha cenli beyle tasin talaba ilkinji gezek gabat geleni ucin akyldaryn ozi hem birbada aljyrapdyr.Ona name diyjegini gowja edip akyl celeginden geciripdir.Ol ilki bilen oglanyn ozunden sorapdyr:"Beyle zady owrenmegin syry name?Name ucin beyle zady bashgalaryn bilmezligini isleyarsin?"diyipdir."Men olardan bir adim onde,bir mertebe yokarda bolasym gelyar.Men shohratyn mushdagy we ashygy.Goy,olar meni has akylly hasap etsinler"diyipdir.Dana baba yylgyrypdyr:"Ogul dinle,aydylmadyk soz yadyma dushenok,yone onden bari aydylyp gelinyan bir sozi yatlayyn.Belki bu hem senin ucin bir tazelikdir.In yakymly zat abray bn shohratdyr.Ya ikisinden birini saylamaly bolsa sen abrayy sayla,cunki abray uzak dowam edyar,shohrat bolsa wagtlayyndyr.In gerekli zat sabyr bn shukurdir.Yone ikisindenem birini saylamaly bolsa seb shukuri sayla.Sebabi shukur ruhy hoshnutlygyn nyshanydyr,sabyr bolsa mejbury cydamaklykdyr.In gowusy baylyk bilen saglykdyr.Yone ikisinden birini saylamaly bolsa sen saglygy sayla.Sebabi "Saglyk yok yerinde hic zat yokdur"diyipdirler."Yene bir zat,hic wagt yeke ozun akylly boljak bolma,bilyan zadyny hemmelere owret.Cunki senin akyllydygyny bilmekleri ucin olaryn hem akylly bolmagy gerek.Kemakyl adam senin akyllydygyna nadip akyl yetirsin?"diyipdir.

Edebiýat, bin tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir