Ynsanyñ ýüz keşbiniñ aýratynlyklary

Gylyk-häsiýet, endik, özüñi alyp barmak aýratynlyklary her adamda bir hili bolýar. Adamyñ şol häsiýet aýratynlyklaryny öwrenmekde birnäçe usullar ulanylýar. Irki döwürlerde hytaýly fiziognomistler ýüzi keseligine üç bölege (forma) bölüp, şoña görä-de adamlaryñ häsiýetlerini öwrenipdirler. Elbetde tebigatyñ kanunyna görä, her bir ynsanyñ özboluşly keşbi, ýaradylşy bolýar. Ýöne şu aýratynlyklary hem öz arasynda toparlara bölüp, ynsan häsiýeti öwrenilýär. Edil şonuñ ýaly-da kelläniñ şekilini hem bäş sany esasy görnüşe ㅡ süýri, üçburçlyk, ýarymüçburçlyk, dörtburçlyk we tegelek şekillere bölüp bolýar. Bu ýüze çykarylan çäkler, bölekler fiziognomistler üçin adamlaryñ aýratynlyklaryny, häsiýetlerini, durmuşyny, mundan başga-da köp zatlary bilmegiñ açary bolup hyzmat edýär. Geliñ, onda şu hilli ýüz şekillere eýe bolan adamlaryñ häsiýet aýratynlyklaryna seredip geçeliñ.
♦ Ýüzi süýri görnüşdäki adamlar, intelligent, duýgur, öñdengörüji, adalatly, arkaýyn häsiýetlere eýedir. Şeýle ýüz şekili guramaçylyk ukyplary ýokary, adamlar bilen işleşmekde ussat, maksada okgunly bolan adamlara mahsusdyr.
♦ Ýüzi üçburç görnüşe eýe bolan adamlaryñ giñ mañlaýy we çykyp duran ýüz süñki, inçe burny, çuñ oturan gözleri we üçburç eñegi bolýar. Bu görnüşdäki erkekler we zenanlar adatça duýgur we öz-özleri bilen başagaý bolýan adamlardyr. Olar añ taýdan güýçli, pikirlenişi ösen, käbir halatlarda bolsa, mekir, gabanjañ, ikiýüzli adamlar hem bolup bilerler. Bu görnüşe eýe bolan adamlara beýlekiler bilen oñuşmakda kynçylyklar ýüze çykyp biler.
♦ Romb şekilindäki (pişme şekil. P. A. belligi) ýüzli adamlaryñ üç burç ýüzli adamlara meñzeşligi bar. Olaryñ hem mañlaýlary giñ bolýar, ýöne eñekleri uçly bolmaýar. Çeýle adamlaryñ özlerine çekijilik, aktýorçylyk ukyplary ýokarydyr. Bu ýüzler zenanlara has mahsusdyr. Şeýle zenanlar örän wepaly bolýarlar we bagtly maşgala durmuşyny ýöredýärler.
♦ Dörtburç ýüzli adamlar adatça gyzma adamlar bolup, olara gödek häsiýet, batyrgaýlyk mahsusdyr. Beýle adamlar gönümel, tutanýerli we çözgütlidirler. Ok adamlar düzgün bolşy ýaly işde we söýgüde açykdyrlar.
♦ Tegelek ýüzli adamlar ㅡ agyr göwreli (daýaw) adamlary häsiýetlendirýär. Eger-de şeýle adamlarda kiçijik buryn bar bolsa, onda olar aladasyz häsiýete eýedir hem-de olar amatly, rahat durmuşy söýýändirler. Olar iýermen (işdäli) bolup, gapma-garşylygy halamaýarlar. Maddy serişdelere, gymmatbaha zatlara ymtylýarlar, şöhrata, at-abraýa kowalaşmaýarlar. Eger-de tegelek ýüzli adamlarda ýüz süñküniñ çykyp durmasy, ýiti gözleri, burun süñki beýik bolsa, onda olar düýbünden başga şahsyýetdirler. Olar pikirleniş we akyl taýdan ösen, işjeñ adamlardyr.

Aýna RAHMANOWA

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir