Türkmen oglanlarynyñ dünýägaraýyşlary ýa-da täsin paradoks

Gyzlary oýnamak maksady bilen ýanlaryna barýan oglanlara degişli.
Haçanda bir gyzyñ ýanyna baranyñyzda, öz aýal doganyñyz ýa-da uýañyz ýadyñyza düşenokmy? Ýa-da ''erkek eşek'' diýip edesi gelen zady edip ýörmelimi? Aslynda gyzlaryñ akyl taraplary pes bolýar-da duýguly taraplary ösen bolýar. Şonuñ ýaly hem ynanjañ bolýarlar. Ýöne oglanlaram haýsy gyzy oýnamaly we haýsy gyza öýlenmelidigini gowy bilýärler.
Näme üçin bet ýa ýamanja gyzlaryñ adyny tutup hem bilmeýärler, olardan gorkýarlar. Onsoñam käbir oglanlar, salamy alynsa ýa soragyna gyzlar tarapyndan jogap berilse ''Aý şula meni gowy görýär öýdýän'' diýen niýet bilen başlaýarlar yzlaryna düşüp. Meniñ bilýän käbir gyzlarym bar özleri oglanlara söz aýdýarlar. Şeýle etmek bilen meñ pikirimçe ýalñyşdyr öýdemok. Ýöne nähili oglan bolsa-da beýle etseler şol gyzlary halamaýarlar.


(ertir.com arhiwinden)

Sorag-jogap, Jeksparro tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir