Gözellik aýdymy

Bir gün agşam, nahardan soñ, şazada Sidhasa aýaly Ýasadharanyñ dyzyna baş goýup, ýassanyp ýatyrdy. Sazandalar söýgi sazlaryny çalýardylar, kenizekler pyşyrdaşyp, birzatlar aýdyşyp, gülüşýärdiler. Bu şazadanyñ rahat köşkde geçirýän agşamlarynyñ biridi. Ýöne ol nämüçindir özüni birahat duýýardy. Şonuñ üçin bolsa gerek, ol söýgüli aýdymçylarynyñ birine bakyp:
ㅡ Merhemet et-de, bizi aýdym bilen hüwdüle. Ozal hiç haçan aýtmadyk aýdymyñy aýt ㅡ diýdi.
Aýdymçy jan-dilden razy boldy. Ol saz çalyp, ýüreginden syzdyryp täze bir aýdym aýtdy. Ol dünýäniñ gözellikleri hakynda, çagalygyndan özüniñ syýahat eden alys ülkeleri hakynda, adamlaryñ şat we bagtyýar ýaşaýan altyn şäherleri hakynda aýdym aýtdy. Aýdym şazadany jadylady. Aýdym şazadany jadylady. Aýdym gutarandan soñ ol aýdymçydan:
ㅡ Hany sen maña aýt, şu diwarlardan añyrda hem şeýle gözel jaýlaryñ barlygy hakmy? Adamlar şäherde nähili ýaşaýarlar? Dünýäde, ine, şu köşklerden, şu gözel köşgi-saraýlarda meniñ zatlarymdan hem gözelräk närseler barmy? ㅡ diýip sorady. ㅡ Eger bar bolsa, merhemet et-de, hemme bilýänleriñi maña aýdyp ber ㅡ diýdi.
Aýdymçy:
ㅡ Eý, şazadam! Siziñ köşgi-saraýlaryñyz, dogrudan hem, örän gözel. Emma dünýäde her bir ynsanyñ göräýmeli gözel ýerleri başga-da ajaýyp närseler az däl. Asla biri-birine meñzemeýän şäherler we galalar, daglar we düzlükler, başga dilde sözleýän iller, ilatlar bar. Öz görenlerim-ä görenim, eşidenlerim ondan hem zyýadadyr. Siziñ köşki-saraýlaryñyz çyndan hem gözel, emma, ine, şu alamat diwarlardan añyrda hem görseñ göwnüñi joşdurýan närseler dolup-daşyp ýatyr ㅡ diýdi.
Bu sözleri eşiden şazada şol ajaýyp närseleri görmegi arzuwlady. Ol ýyllarboýy jana rahat köşki-saraýlar, baglar bilen çäklenip, daşky dünýäni düýbünden unudypdy. Indi bolsa ol syýahat etmegiñ kül-külüne düşdi. Patyşa hat ýazyp, köşki-saraýlardan, baglardan çykyp, dünýä seýil etmäge rugsat sorady. Patyşa oglunyñ hatyny alyp, pikire batdy: ''Oglum patyşalyk mülkleri görmek isleýändir. Ol jana rahat köşki-saraýlarda uzak ýaşady. Indi özüniñ gelejekde hökümdar boljak ýurdy bilen tanyşsa baş üstüne!''


(dowamy bar)

Jonatan Landau

Terjime edenler: A. Atabaýew. D. Kerimow

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir