Jana rahat köşgi-saraýlar

Kän wagt geçmän, şazada Sidhasa bilen şahbanu Ýasadharanyñ toýy boldy. Patyşa: ''Oglum asla patyşalygy terk etmegi oýlamasyn'' diýip, täze çatynjalara birbada üç sany köşk gurmagy buýurdy. Olary juda owadan edip guruñ diýip tabşyrdy. Ol ussabaşa:
ㅡ Köşkleri şeýle bir owadan edip guruñ, oña giren adam özüni ýerde däl-de asmanda ýaly duýsun. Birinji ýazky köşk bolsun, goý, ol mermerden bolsun, töwereginde zümerret daşly howuzlar bolup, kümüş bezegler bilen gaplansyn. Ikinji gyşky köşk bolsun, gözelligi bilen kalplary joşdursyn. Üçünjisi ýagyşlar möwsümine laýyk edip gurulsyn. Köşkleri ullakan baglaryñ içinde guruñ. Gözel tebigat olary her tarapdan gurşap dursun. Baglaryñ daşyna belent diwarlar aýlañ. Hiç hili ýaman gep, ýaman owaz daşardan içerik girip bilmesin. Hemme zat şeýle bir gözel hem anyk bolsun ki, şazada hiç haçan bu ýeri terk etmesin ㅡ diýdi.
Patyşa şazadanyñ täze mesgeniniñ gözel hem täsirli bolmagy üçin bar zadyny aýamady we aýdymçylary gözel köşklere ýygnady. Olar säherden şama çenli aýdym aýdyp, saz çalyp, owadan kenizekler tans edip, hemişe hyzmatda bolýardylar. Aşpezler oñat tagamlar taýynlaýardylar. Saçaklardan her dürli nazy-nygmatlar aýrylmaýardy. Hiç zat şazadanyñ rahatlygyny bozmaýardy. Ähli zat ony keýpi-sapa ündeýärdi.
Şazada birnäçe ýyly şeýle rahatlykda geçirdi. Her gün säherden gijä çenli müñ bir ýol bilen onuñ göwnüni awlaýardylar. Ol hemişe ýerde diñe gözelligi görýärdi. Şirin we ýakymly bolmadyk zady eşitmeýärdi. Kenizeklerden biri näsaglyga ýoluksa, ony derrew köşkden alyp gidýärdiler. Tä sagalýança, ony aýry ýerde saklaýardylar. Şu ýagdaýda şazada näsaglygyñ hem nämedigini bilmeýärdi. Gepiñ gysgasy, hiç zat onuñ rahatlygyny bozmaýardy. Patyşa şazada bilen gepleşilende, onuñ göwnüni gamlandyraýjak bir gepem aýtmañ diýip hemmelere tabşyrdy. Bagda ýekeje ösümlik solup, guran bolsa, bagban ony derrew aýyrýardy. Şeýdibem şazadanyñ gözi hiç haçan solan ýa-da guran güle düşmeýärdi. Ol dünýäniñ gaýgy-gamyndan bihabardy.
Ýyllar ajaýyp düýş ýaly akyp, geçip barýardy. Ýasadharanyñ ogly boldy. Hemme zat gözeldi, hemme zat ýeterlikdi. Öz niýetiniñ amala aşýanyndan patyşa hem hoşaldy. Indi şazadanyñ tagt işlerine gyzykmagy mümkindi. Emma bu dünýäniñ bagty hem guwanjy bolup doglan Sidhasanyñ tutuş ömri şeýle rahatlykda geçer diýen pikir nädogrudy. Günleriñ bir güni ol bu dünýäde maksatly ýaşamalydygyny añladýar we durmuşyñ asyl manysyna göz ýetirýär.


(dowamy bar)
Jonatan Landau

Terjime edenler: A. Atabaýew, D. Kerimow

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir