Ýar üçin göreş

Oglan ösüp ulaldyksaýyn adamlaryñ oña mähir-muhabbeti artyp başlady. Ol hemmelere çyn mähribanlyk bilen mylakat edýärdi. Muny gören patyşa alada galdy. Ol: ''Sidhasa öte göwünjeñ we mähriban bolup barýar. Bu halda gazaply we gudratly hökümdar bolup ýetişmegi gümana, uzyn günläp bagda ýalñyz özi oturýar. Ýurdy dolandyrmak işlerine gyzyklanmaýar. Hä diýmän Asita meñzäp, derwüş-galandar bolup köşgi terk etmegi mümkin. Onda ol hiç haçan beýik hökümdar bolup bilmez'' diýip oýlandy.
Şeýle olara batyp, patyşa rahatlygyny ýitirdi. Iñ ynamdar we dana wezipelerini çagyryp maslahat saldy.
Wezirlerden biri:
ㅡ Eý, patyşahym, şazada bagda ýalñyz oturup, özge dünýäler hakynda pikir ýöredýär. Sebäbi, ol bu dünýäde hiç zada göwün goýmandyr. Oña bir mynasyp ýar tapyp, öýlendiriñ, bala-çagasy bolsun, şonda pikir etmesini goýup, patyşalyk işlerine gyzklanar ㅡ diýdi.
Bu maslahat patyşanyñ göwnüne jaý boldy. Şondan soñ ol köşkde uly zyýapat gurnady. Oña asylzada maşgalalaryñ gyzlaryny çagyrdylar. Zyýapatyñ soñunda şazada sowgat-serpaý paýlaýan boldy. Wezipeler ýakyndan gözegçilik edip, şazadanyñ haýsy gyza maýyl bolýandygyny anyklamakçydylar. Ahyry zyýapat gutaryp, gyzlar şazadanyñ ýanyna çekinip, utanjyrap gelip başladylar. Hoşsurat şazada gymmatbaha sowgatlar üýşürilen stoluñ ýanynda pikire gark bolup oturdy. Daşyndan ýuwaş we hatyrjem görünýärdi. Gyzlar nazaryny ýerden götermän, dem-düýtsüz onuñ ýanyna gelýärdiler we şazadadan merwerit-merjen, altyn-kümüş şaý-sepleri alyp, derrew öz ýollaryna rowana bolýardylar. Iñ soñunda sowgat almadyk ýalñyz bir gyz galdy. Ol goñşy patyşanyñ gyzy ㅡ Ýasadharady. Ýasadhara başgalar ýaly uýalyp, çekinip durmady - da, göni şazadanyñ ýanyna bardy. Şu agşam şazada garşysynda duran gyza ilki gezek dikanlap bakdy. Gyz diýseñ owadandy.
Şu bir bakyşda şazada oña haýran bolup galdy. Olar biri-birlerine bir dem delminip, seredişip durdular.
Soñra Ýasadhara:
ㅡ Eý, şazadam, maña berjek sowgadyñ hany? ㅡ diýip sorady.
Şazada edil ukudan oýanan ýaly bolup tisgindi. Öñünde duran mize (mejimä) seretdi. Miz boşdy. Sowgatlar bireýýäm myhmanlara paýlanyp gutarylypdy. Şonda ol barmagyndaky ýüzügini çykaryp:
''Ine, şu seniñki bolsun!'' diýip, ýüzügi gyza uzatdy. Gyz minnetdar bolup, ýüzügi aldy-da, howlukman ýöräp gitdi.
Bu wakany gören wezirler hopugyp-hopugyp patyşanyñ ýanyna ylgadylar.
Olar:
ㅡ Eý, patyşahym, ogluñyza mynasyp ýar tapyldy. Ol goñşy patyşa Supra buddanyñ gyzy şahbanu Ýasadhara: Siz ''bolýar'' diýseñiz, häzir baryp şazada üçin şol gyza guda bolaly ㅡ diýdiler.
Şudhadana razy boldy. Köp wagt geçirmän, goñşy patyşanyñ köşki-saraýyna myhman boldy. Ýasadharanyñ atasy ony hoşluk bilen garşylady.
Ol:
ㅡ Ogluñyzyñ ajaýyp ýigitligine şübhäm ýok. Ýöne men gyzymy oña ur-tut berip bilmerin. Sebäbi, gyzyma sawçy iberip ýören şazada köp, hemmesem ökde, hünärbaz ýigitler. At çapmak, ýaýdan ok atmak ýaly ençe hünärlerde taý tapylmaz gaýratly ýigitler. Ogluñyz gyzyma öýlenmekçi bolsa, däp-dessurymyza görä, şol ýigitler bilen billeşip, güýç synanyşyp görsün ㅡ diýdi.
Gepiñ gysgasy, ýigitleriñ arasynda uly ýaryş geçirilip, ýeñen ýigit Ýasadhara öýlenmeli diýildi.
Patyşa Şudhadana ýene gaýga gark boldy. Ol: ''Meniñ oglum harby oýunlara hiç haçan gyzyklanmandy. Ýaryşda ýeñip bilermikä? diýip oýlandy.
Şazada atasynyñ gaýgy-teşwişe batýandygyny añyp, oña:
ㅡ Ata, göwnüñ jem bolsun. Men hökman üstün çykaryn. Ýasadhara meniñki bolar ㅡ diýip teselli berdi.
Ilki ýaryş ýaýdan ok atmakdy. Birinji talapkär nyşanany uzaga goýdy. Ýaýçy şol nyşanadaky suraty çekilen öküzüñ gözünden urmalydy. Bu ýaryşyñ şertidi.
Talapkärleriñ içinde Sidhasanyñ daýysy Döwedata hem bardy. Gezek oña ýetende onuñ atan oky dogry nyşana degip, ony deşip geçdi. Ýasadhara ätiýaç etmekden ýañ gözüni ýumdy. Ol: ''Söýgülim Sidhasa nyşanany urup bilermikä? Döwedata durmuşa çyksam, nähili gorkunç'' diýip, howpurgady.
Ýöne şazadanyñ özünden göwni hoşdy. Nobat oña ýetende, ol nyşanany şeýle bir uzaga goýdy, hatda dikanlap seredeniñde-de, ol zordan göze ilýärdi.
Soñ şazada torbadan ok alyp, ýaýa saldy. Ony güýç bilen yza çekeni hem şoldy welin, ýaýyñ ýüpi çydam etmän, şart edip üzüldi. Ol:
ㅡ Maña başga bir kuwwatlyrak ok-ýaý beriñ, munuñ ýaly üzülip durmasyn ㅡ diýip, üzülen ok-ýaýy zyñyp goýberdi.
Şonda gelen wezirleriñ biri:
ㅡ Eý, şazadam, köşkde gadymy pälwandan galan bir köne ok-ýaý bar. Şol pälwan ölenden soñ, ýaýdan ok üzmäge hiç kimiñ güýji ýetmändir ㅡ diýdi.
Şazada:
ㅡ Şony getiriñ! ㅡ diýdi.
Eşidenler geñ galdy. Ok-ýaýy getirdiler. Şazada ýaýa oky salyp, ýüpi şeýle bir güýç bilen arkan çekdi welin, ýaý eplenip, iki ujy biri-birine degäýjek boldy.
Soñ ol nyşana çenäp atdy. Ok-ýaýdan warañlap şeýle bir owaz çykdy, hatda uzakdaky obalarda hem ýañlandy. Ok göni ''öküzüñ gözüne'' baryp sanjyldy. Diñe bir sanjylyp oñman, nyşanany hem göterip uçdy-da, gözden gaýyp boldy. Märeke: ''Şazada ýeñdi! Şazada ýeñdi'' diýişip, bir owazdan gygyryşdylar. Ýöne ýaýdan ok üzmek bäsleşigiñ birinji şerti bolup, nobatdaky göreş gylyçbazlykdy. Her bir ýigit bir zarbada agajy şarta çapyp, güýç-gaýratyny görkezmelidi.
Birinji talapkär ýogynlygy bilek ýaly ýaş nahaly çapyp ýykdy. Ikinji üç bilek ýogynlykdaky agajy ýykdy. Ýene biri aýak ýogynlygyndaky agajy çapdy. Nobat şazada ýetdi. Ol biri-birine tutaşyp, goşalanyp ösen agajy saýlady. Ol gylyjy şeýle bir tiz çaldy welin, tygyñ agajy şemşir bilen kesilen agaç gozganman, öz ornuna duruberdi. Muny gören halaýyk haýran galsa, Ýasadhara ah çekip goýberdi. Serine: ''Şazada ýeñildi, onuñ gylyjy goşa agajyñ biriniñ hem nawyny kesip bilmedi'' diýen pikir geldi. Emma şemal öwsüp, kesilen agaç ýuwaş-ýuwaşjadan bir tarapa aganda, ähli adamlar: ''Şazada ýeñdi! Şazada ýeñdi!'' diýip ýene galmagal göterdiler. Soñky ýaryş at çapyşykdy. Hiç haçan münükmedik sarç aty birnäçe adam eýeläp, jylawlap, orta alyp çykdy.
Birinji talapkär münende, at ony şobada ýykyp taşlady. Ikinji talapkär eýeriñ üstünde sähel salym oturup bildi. Gazaba münen at çarpaýa galyp, çapalap, ony hem çelpek etdi. Adamlar ylgap, kömege gelmedik bolsalar, at ony depeläp, gara topraga garjakdy. Şonda üýşen adamlar: ''Ýaryşy togtatmak gerek'' diýşip goh turuzdylar: ''Goý, şazada bir ata münmesin, at ony öldürer'' diýip, howsala düşdüler. Sidhasa bu sözlere üns bermedi. Ol ''Mähribanlyk gara güýçden güýçlüräkdir'' diýip oýlandy. Soñra ata ýuwaşjadan golaýlaşdy. Ýalyndan emaý bilen sypalap, janaweri özüne ram etdi. Sähel salymdan at oña öwrenişdi. Onuñ elini ýalap başlady. Şonda şazada birzatlar pyşyrdap, ýuwaşlyk bilen eýere atlandy. Halaýyk şady-horram bolup; oña guwandy. Sidhasa wezir-wekilleriñ öñünden atyny sürüp geçdi. Söwer Ýashadara eñilip salam berdi. Ýaryş gutardy, ol ýeñdi. Ol diñe bir özüniñ deñsiz-taýsyz edermenligini däl, eýsem, ajaýyp mähribanlygyny hem-de ynsan gözelligini subut etdi.

(dowamy bar)

Jonatan Landau

Terjime edenler: A. Atabaýew, D. Kerimow

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir