MÄHRIBAN ŞAZADA (Jonatan Landau)


Sidhasa heniz çaga wagtynda ejesi melike Maýýa wepat boldy. Ol ölmänkä gyz doganyna:
ㅡ Hä diýmän men o dünýä sary rowana bolaryn. Çagam enesiz galar. Doganjan, sen Sidhasadan mähir-muhabbetiñi, rehim-şepagatyñy aýama ㅡ diýdi.
Dogany Sidhasa enelik diýip söz berdi. Ol ýaş şazadany ýuwup, darap, öz çagasy ýaly eziz görüp ösdürdi. Şazada hoşsurat, mähriban bir oglan bolup ýetişdi. Patyşa ony iñ oñat mugallymlara okatdyrdy. Kän wagt geçmänkä, ol özüniñ ýiti zehini, ukyplylygy bilen ussatlaryny geñ galdyrdy.
Mugallymlar patyşa:
ㅡ Siziñ alyjenabyñyz, şazada mundan beýläk biziñ sapagymyza mätäç däl. Sähel salymda ol biziñ ähli bilýän zatlarymyzy öwrendi. Dogrusyny aýtsak, ol indi biziñ özümize sapak berip başlady ㅡ diýdiler.
Bu gepi eşiden patyşa örän hoşal boldy. ''Ýiti akyly, ukyby bilen oglum, elbetde, dana we gudratly hökümdar bolar'' diýip oýlandy. Şol günleri görmek arzuwy onuñ göwnüni gaplady.
Ýöne çaganyñ ýiti zehininden, akylyndan daşary ýene bir ajaýyp häsiýeti bardy: ol örän mähriban, göwünjeñ we ýumşak tebigatlydy. Onuñ deñ-duşlary galmagal edip, ''uruş-uruş" oýnaýardylar. Emma şazada Sidhasa beýle oýunlara gatyşmaýardy. Ýekeligi gowy görýärdi. Köşgüñ bagyndaky kiçijik jandarlar bilen dostlaşmagy halaýardy. Jandarlar hem şazadanyñ azarynyñ ýetmeýändigini duýýardylar. Ondan gorkup-ürküp durmaýardylar. Başgalary golaýyna getirmeýän ýabany haýwanlar hem ol baga girende, göýä salam berýän ýaly ony garşy alýardylar. Asla çekinmän, onuñ elinden iým iýýärdiler.
Bir gün şazada bagda ýalñyz otyrka, bir topar ak guş onuñ depesinden uçup geçdi. Duýdansyz bir ýerden ýaýdan ok atylyp, bir ak guş şazadanyñ aýagynyñ astyna gelip düşdi. Ok onuñ ganatyna sünjülen eken. Şazada ýaradar janaweri ýerden göterip: ''Ah, biçäre ak guş! Gorkma, ýaraña özüm em ederin. Howlukma, oky ganatyñdan çykaraýyn'' diýdi.
Ol bir eli bilen sypalap, depirjikleýän guşy köşeşdirdi we beýleki eli bilen oky onuñ ganatyndan çykardy.
Şazada hemişe öz ýanynda şypa berýän melhemi göterýärdi. Şol melhemden guşuñ ýarasyna sürtdi we ýumşak owaz bilen ony köşeşdirdi. Soñra ýüpek köýnegini çykaryp, ätiýaçlyk üçin sarap goýdy.
Şol wagt baga bir oglan ylgap girdi. Ol şazadanyñ daýysy Döwedatady. Onuñ elinde ýaý bardy. Özem hopugyp-howlugyp:
ㅡ Sidhasa, Sidhasa, ajaýyp bir hoş habar bar. Men bir ak guş awladym. Görseñ, haýran galarsyñ. Bir ok bilen ýykdym. Şu töwerekde bolsa gerek. Gel, ony bileje gözläp tapaly ㅡ diýdi.
Birden Döwedata görse, ujy gana boýalan ok Sidhasanyñ aýagynyñ astynda ýatyrdy. Döwedata siññin seredip, ak guşy hem gördi. Ol şazadanyñ elindedi.
Döwedata:
ㅡ Bäý, muña seret! Bu meniñ ak guşum, men ony atyp urdum, sen bolsa, ony ogurladyñ. Ber guşumy. Ýogsa-da, barybir, men ony alaryn ㅡ diýip gygyrdy.
Gepiñ gysgasy, iki oglan guşuñ üstünde çekişip-dartyşyp başlady.
Döwedata bogazyna sygdygyndan gygyrdy, ýöne Sidhasa onuñ talabyny ret etdi.
Ahyrsoñunda şazada:
ㅡ Ulular gaharlanyşsalar, işi edarada çözýärler. Her kim jedel hakynda aksakallara arz edýärler. Kimiñ hakdygyny, kimiñ nähakdygyny aksakallar aýdyp berer. Bel, biz hem şeýle edeli ㅡ diýdi.
Döwedata göwünli-göwünsiz razy boldy. Çünki, ak guşy almagyñ başga çäresi ýokdy. Iki bolup patyşadyr onuñ wezirleriniñ huzuryna bardylar. Köşk adamlary çagalaryñ arzyny diñläp, ýuwaşja ýylgyrdylar. Käbirleri: '' bir ýönekeý guş üçin wagt sarp edip, mesele çözmek beýhuda, biderek zat'' diýdiler. Ýöne patyşa başga pikirdedi. Ol:
ㅡ Sidhasa hem, Döwedata hem şazada. Olaryñ jedelleşip, biziñ ýanymyza gelmegi meni hoşal etdi. Sebäbi diýseñiz, bu iş olaryñ gelejekde tagty-soltanaty dolandyrmaklary üçin gerek bolar. Geliñ, bu işi adalatly çözeliñ ㅡ diýdi.
Soñra oglanjyklar bolan wakany birin-birin aýdyp berdiler. Wezirler kimiñki-hak, kimiñki ㅡ nähak, ine, şony anyklamaga girişdiler. Käbirleri guşy atan Döwedata ㅡ şonuñ üçin guş onuñky bolmaly diýdiler. Käbirleri guşy tapan Sidhasa ㅡ şonuñ üçin onuñky bolmaly diýdiler.
Wezileriñ dawaly gürrüñleri uzaga çekdi. Şol wagt garaşylmadyk bir ýerden köşge bir garry baba gelip girdi. Ony ozal hiç kim görmändi. Garrynyñ akylly danyşmentligi ýüzünden bildirip durdy. Garra çagalar hem ak guş hakdaky wakany gürrüñ berdiler.
Onda garry:
ㅡ Dünýäde bahasyna ýetip bolmajak zat ㅡ dirilikdir. Şonuñ üçin ak guş onuñ janyny almakçy bolanyñky däl-de, belki, onuñ janyny aman saklap galjak bolanyñkydyr. Ak guş Sidhasa degişli ㅡ diýdi.
Danyşment garrynyñ sözi hemmeleri makul boldy. Ak guşy şazada berdiler. Garry duýdansyz gelşi ýaly, duýdansyz hem gözden gaýyp boldy. Patyşa oña hoşallyk bildirmek üçin näçe gözletse-de, ony tapyp bilmediler.
''Örän geñ zat, garry nireden gelip, nirä gitdi?'' diýip oýlandy.
Ýöne bu sowala hiç kim jogap berip bilmedi. Bu şazada bilen bolan syrly wakalaryñ ýene-de biridi. Köpçülik ony, dogrudan hem, üýtgeşik oglan hasaplady.

(dowamy bar)

Jonatan LANDAU

Terjime edenler: Atamyrat ATABAÝEW
Döwletmyrat KERIMOW

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir