Dermany suw bilen içmelimi ýa-da...

Bi­ziň kö­pimiz be­jer­gi­de ulan­ýan der­man­la­ry­my­zy süýt bi­len içip, onuň be­je­riş tä­si­rini azald­ýan­dy­gy­myz ha­kyn­da pi­kir eden däl­di­ris. Bu ugur­da bar­lag ge­çi­ren alym­lar der­man ka­bul edi­len­de, se­re­sap­ly­ly­gy el­den ber­me­li däl­di­gi­ni nyg­ta­ ýar­lar. Ola­ryň ýa­zan yl­my maka­la­la­ryn­da greýf­rut­dan (ys­sy ýurt­lar­da bit­ýän sit­rus aga­jy) ýa­sa­lan şi­re su­wu­nyň peý­dasy­nyň örän ýo­ka­ry­dy­gy aý­dyl­ ýar. Onuň dü­zü­min­dä­ki С wi­tami­niň be­de­ni­miz­dä­ki ar­tyk­maç ýag­la­ry aýyr­mak­da, da­mar­lary­my­zy ho­les­te­rin­den aras­sala­mak­da peý­da­sy­nyň ulu­dy­gy hem ýü­ze çy­ka­ry­lyp­dyr. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, bu şi­re su­wu­nyň dü­zü­min­de bag­ryň işi­ni ha­ýallaş­dyr­ýan mad­da­nyň ag­dyk­lyk ed­ýän­di­gi­ni hem ýat­dan çy­karma­ly däl­di­ris. Şol se­bäp­li-de bu şi­re su­wy bi­len ýü­re­ga­gy­ry­dyr al­ler­gi­ýa ke­sel­le­ri­ne gar­şy kabul edi­len der­man­la­ryň ters tä­ sir et­mek how­py bir­nä­çe es­se ýo­kar­lan­ýar. Dü­zü­min­de ase­tilsa­li­sil tur­şu­sy bo­lan as­pi­rin­dir sit­ro­mon ýa­ly der­man­la­ry miwe şi­re­le­ri bi­len içip, yzyn­dan apel­sin­dir man­da­rin iý­mek­den sak­lan­ma­ly­dyr. Bu ýag­daý­da ir-iý­mi­şiň tur­şu­ly­gy der­ma­nyň dü­zü­mi­ne tä­sir edip, ola­ryň güý­jü­ni ga­çyr­ýar.

Mi­we şi­re­le­ri bi­len ka­bul edip bol­ýan ýe­ke-täk der­man mäz be­jer­gi­le­rin­de ula­nyl­ýan der­man­lar­dyr. Ýo­kar­da bel­lenilip ge­çi­li­şi ýa­ly, der­man­la­ry süýt bi­len iç­mek mas­la­hat beril­me­ýär. Süýt esa­sa­n-da, tetrak­sik­lin an­ti­bio­tik­le­riň ha­ta­ryna gir­ýän der­man­la­ryň tä­si­ri­ni pu­ja çy­kar­ýar. Bu ýag­daý­da der­man be­de­ni­mi­ze siň­mezden aş­ga­za­ny­my­zyň üs­ti bi­len hiç bir peý­da­syz gö­ni geç­ýär. Der­man içi­len­den soň iý­len ýag­ly et ola­ryň güý­jü­ni ha­ýallad­ýar. Go­wy de­mi­ni alan gök ça­ýy hem der­man içi­len­den soň iç­mek mas­la­hat be­ril­me­ ýär. Ça­ýyň dü­zü­min­dä­ki tanin mad­da­sy der­man­lar bi­len ere­me­ýän ga­ryn­dy­la­ry eme­le ge­ti­rip, be­de­ni­miz­de çö­kün­di bo­lup gal­ýar. As­lyn­da, is­len­dik be­jer­gi­de der­man­la­ry ýö­ne­keý suw bi­len iç­mek mas­la­hat beril­ýär. Şeý­le edi­len ýag­da­ýynda der­man­la­ryň tä­sir edi­ji güý­ji öň­ki-öň­kü­li­gi­ne gal­ýar.

Täzelikler, Arslanalayew tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir