Türkmenler dünýäniň iň gadymy halklarynyň biri hasaplanylýar. Uzak geçmişiň dowamynda Türkmenistanyň çäginde dürli döwletler bolupdyr. Türkmenler dünýä medeniýetine uly goşant goşan halk hökmünde tanalýar. Munuň şeýledigini ýurduň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikler doly tassyklaýar.
Ýurdumyzyň çäginde ýerleşen taryhy ýadigärlikleriň biri hem, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň günortasynda, Tejen derýasynyň aglykdan çykyp, düzlüge ýaýlyp ugraýan ýerinde gurlan «Pulhatyn» köprüsidir. Il arasynda gurluşyny taryhda belli şahslar Aleksandr Makedonskiý (b.e.öňki 356-323 ý.), Emir Teýmir (1336-1405 ý.), Huseýin Baýkara (1438-1505 ý.) dagylaryň atlary bilen baglanyşdyrylýan giňden ýaýran rowaýatlar bar.
Pulhatyn köprüsi döwri boýunça biziň eýýamymyzdan öňki 4-nji asyr, biziň eýýamymyzyň 15-nji asyrlary bilen senelenýär. Bu köpri baradaky maglumatlara ilkinji gezek 16-njy asyrda pars taryhçylarynyň işlerinde gabat gelmek bolýar. Olar 977-nji hijri-kamary ýylynda (1569-1570-nji milady ýylynda) şeýbanylar bilen sefewileriň arasynda «Pulhatyn geçelgesiniň ýanynda gazaply söweşiň» bolandygyny belläp geçipdirler. Hywa taryhçysy Agehi 1826-njy ýylda pulhatyn köprüsi barada şeýle ýazypdyr. «Pulhatyn – bu berk köpri bolup, daşy suwalan kerpiçlerden salnandyr, ol tejen derýasynyň üstünde gurlan. Onuň uzynlygy 72 arşina (1 arşina 71 sm-e deň), ini 3 arşina deň, suw geçer ýaly 5 sany uly arka, 5 sany kiçi arka gurlupdyr».
Käbir rowaýatlara görä, Aleksandr Makedonskiýniň goşunlary Merkezi Aziýa aralaşan wagty häzirki Pulhatyn köprüsiniň töwereklerini bir owadan baý zenan maşgala dolandyrypdyr. Patyşa aýal Makedonskiýniň ýörişi hakynda öňden eşdip, serkerdä hormat goýup, onuň goşuny Tejen derýasyndan geçer ýaly, öz hasabyna köpri gurdurypdyr. Makedonskiýniň goşuny bu köpriden peýdalanyp, kynçylyksyz öz ýoluny dowam edipdir. Wagtyň geçmegi bilen bu waka halkyň aňynda köprini gurduran aýal hakynda gürrüňler görnüşinde saklanyp galypdyr we köpri «Pulhatyn», ýagny «Aýalyň köprüsi» diýlip atlandyrylypdyr.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir