UFC-niň irlandiýaly göreşijisi Konor Makgregor amerikaly Diego Sançes (30-12) UFC Fight Night 167 turnirinde ýeňiş gazanandan soň, ony göreşe çagyrdy, bu barada Sports.kz habar berýär.

Sançes gadagan bolan dyz bilen kellä urgyny ulanandygy zerarly üçünji raundda diskwalifisirlenen braziliýaly göreşiji Miçela Pereýruny (23-11-2) ýeňdi.

“Konor Makgregor vs Dieogo Sançes” – diýip, Makgregor bu göreşden soň Twitterde ýazdy.

Şundan ugur alsak, Konor heniz rus göreşijisi Habib Nurmagomedow bilen rewanşy gaty bir islemeýän ýaly. Pari-matç bukmeker edarasynyň mümkin boljak ikinji göreşe berýän bahalary şeýle: Nurmagomedowyň ýeňşi – 1.28, Makgregoryň ýeňşi – 3.7. Birinji göreş 2018-nji ýylyň oktýabrynda geçirildi we ol Habibiň dördünji raundda ýeňmegi bilen tamamlandy.

Konor Makgregor özüniň ýaňy-ýakynda ESPN üçin beren interwýusynda özüni UFC-niň sanawynda iň güýçli göreşijileriň biri hasaplaýandygyny aýtdy. Ol özüniň bu pikirini nokaut ýa-da tehniki nokaut bilen ýeňilmedik bolup galandygy we şol sebäpli özüni titul göreşi üçin taýýar duýýandygy bilen düşündirdi.

“Ýeri bolýala, soňky birnäçe ýylyň içinde men bary-ýogy iki gezek ýeňildim. Birinji gezek boks ýaryşynda, ondan soň oktagonda, ýöne meni hiç kim çynlakaý ýeňmändi. Geliň, dogruçyl bolalyň, siz hiç haçan meni ýeňişe çenli uranlaryny görmediňiz, meniň näme barada aýdýandygyma düşünýärsiňizmi? Meni şol agşam ýatyrdylar, dem almagyma mümkinçilik bermediler we gutardy. Iki sany dürli ýeňliş hiç zady çözmeýär”.

Ýatladyp geçsek, soňky göreşinde Makgregor UFC 246 turnirinde Donald Serroneden üstün çykdy, ol kyrk sekundyň içinde tehniki nokaut bilen ýeňiş gazandy.

Sport, 12 tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir