Türkmenler we Amerika halklary

Türkmen alymlarynyñ içinden ilki bolup türki dilli halklaryñ Amerikanyñ indeýleri bilen garyndaşlygy baradaky pikiri belli filolog A. Bekmyradow aýtdy (onuñ galamyna türkmenleriñ taryhyna degişli birnäçe ajaýyp işler degişlidir). Ol 1990-njy ýylda ''Amerikany ilki bolup kim açypdyr'' diýen makalasyny çap edýär. Bu makala 1992-nji ýylda gaýtadan neşir edilýär(1).
Emma bu meseläniñ çylşyrymlylygyna seretmezden, ol türkmen-oguz orta asyr ýaparly (ýairli, baýasarly) taýpasynyñ gun taýpasy bilen bilelikde Ýuwaş ummany geçip, kunlar diýen indeý halkyny emele getiripdir diýen ýalñyş pikiri aýdypdyr (elbetde, A. Bekmyradowyñ bellän kunlar bilen gunlar arasyndaky etnografik baglanyşyklar gyzyklanma döredýär)(2).
Eger bu baglanyşyklar bolaýanda-da, olaryñ orta asyrlarda ýüze çykmaga haky ýok, sebäbi Aziýa we Ýewropa bilen gury ýer aragatnaşygynyñ bolandygy barada hatda antik döwürde-de maglumatlar bolmandyr.
Bu pikiri 1991-nji ýylda etnograf G. Gurbandurdyýew gaýtalapdyr. Mundan başga-da, ol ýok bolup gidendigi barada eýýäm XI asyrda belli bolan Mahmyt Kaşgarlynyñ ýazan ýaparly taýpasy hakynda başdan geçirmelere baý tutuş wakany oýlap düzüpdir. Ol ýaparlylar, näme üçindir Uzak Gündogarda bolup, aleutlar bilen söweşýärler we deñ bolmadyk söweşde Amerika düzlüklerine yza süýşüp, indeý taýpalaryna ýolbaşçylyk edip, maýýa siwilizasiýasyny döredýärler diýip hasap edýär?!(3).
Bu makalany tankyt edip biz ''Edebiýat we sungat'' edebi hepdelik neşiriñ sahypalarynda çykyş etdik(4).
Bu meselä geofizika we geologiýa ylymlarynyñ professory Ö. A. Ödekow ýüzlenýär we türkmen hem inkleriñ dillerindäki käbir meñzeşlikleri getirýär. Indeýleriñ ㅡ inkleriñ dilini bellibir lingwistik derñew edip, awtor käbir gynandyrýan ýalñyşlary goýberýär. Mysal üçin ''watan'' diýen ink sözi. Hakykatdan hem, bu söz häzirki zaman türkmen dilinde bar, emma ol gadymy türki leksikasynda bolmandyr, sebäbi ol arap dilinden alnan hasaplanylýar. Biziñ pikirimizçe Ö. A. Ödekowyñ indiki aýdanlary hem bolup bilmejek zatdyr: ''Meniñ inkologiýada geçiren derñewlerimiñ we açyşlarymyñ netijesini gysgaça beýan edip, ink-keçuan taýpalarynyñ etnogenezinde esasy we baş roly gadymy türkmenleriñ oýnandygyny has anyk tassyklap boljakdygyny aýtmak bolýar. Ink siwilizasiýasy, Ink imperiýasy bolsa olaryñ adamzadyñ taryhyny bezän önümidir''(5).
Indeýler ㅡ maýýalaryñ ''türkmenlerden gelip çykandygy'' barada aýdylanda (!), metbugatda A. Ballyýew birnäçe gezek ýazdy. Ol özüniñ soñky makalasynda, ''...maýýa ㅡ halaçlylaryñ türki dilli birleşigi'' (näme üçin hut halaçly?), ýagny olary gönüden-göni türkmenleriñ halaç taýpasyndan gelip çykan edipdir(6).
Şeýle häsiýetli işler Aziýa we Amerika halklarynyñ arasyndaky gatnaşyklar barada anyk düşünje bermeýär, diñe ýalñyşlyklara eltýär we türkologlaryñ soñky onýyllyklarda gazanan ähli netijelerini ýoga eltýär.
Birnäçe ýyllap mohauk indeýleriniñ arasynda ýaşan J. Jossel 1674-nji ýylda olaryñ türki dillidikleri barada netijä geleninden bäri, köp ýyl geçdi. XVIII-XIX asyrlaryñ ahyrynda has anyk häsiýetli işler ýüze çykýar, olaryñ arasynda nemes alymy Otto Rerigiñ ''Dakota-Siu indeýleriniñ dili'' diýen işi tapawutlanýar. Onda ol bu diliñ türki dilleri bilen göni meñzeşliklerini getirýär we dilleriñ uly ural-altaý toparyna degişli edýär. Bu netije siu diliniñ sintaksisiniñ, fonetikasynyñ we morfologiýasynyñ düýpli derñewine esaslanýar. Ol onuñ türki dillerine häsiýetli bolan agglýutinasiýasyny we singarmonizmini anyklaýar. O. Rerig leksiki mysallara hem ýüzlenýär(7).
Türkologiýada maýýa dilini düşündiren (rasşifrofka eden) Ý. W. Knorozowyñ işleri uly waka boldy. Ol bu etnosyñ 300 sözünden 50-siniñ türki dillerde (şol sanda, türkmen dilinde-de ㅡ Ö. G.) göni meñzeşlik tapýandygyny aýratyn belleýär(8).
Türki-indeý etnolingwistik aragatnaşyklary öwrenmek bilen maksada okgunly we hakyky öwrenilişi bilen tatar alymy A. G. Karimullin meşgullanypdyr. Onuñ işleri umuman ylmy, aýratyn-da türkologiýa boýunça örän uly ähmiýete eýedir.
Ilki bilen aýratyn indeý dilleriniñ türki dilli halklaryñ dili bilen garyndaşlygynyñ bolaýmagy hakynda 1974-nji ýylda çykyş edip, eýýäm 1976-njy ýylda A. G. Karimullin Kawkazly alym M. Aribjanow bilen bu temadan kiçiräk makalany çap etdirýärler. Özüniñ pikirlerini has giñ we anyk ''ABŞ-yñ geografiýasynyñ meseleleri'' diýen makalasynda beýan edýär(9). Şol ýerde belli alym L. N. Gumilýowyñ makalasy hem neşir edilýär, ol A. G. Karimulliniñ işine syn bolup durýar. Onda L. N. Gumilýow şeýle belleýär: ''...Demirgazyk Amerikanyñ we Ýewraziýanyñ halklarynyñ arasyndakt gadymy gatnaşyklary uçdantutma inkär etmek käbir inkär ýa-da äsgermezlik edip bolmaýan delillere direnýär... siu ㅡ dakota, maýýa we keçua dilleriniñ köp sözleri alşy we many boýunça türki dillerine şeýle bir meñzeş, bu ýerde tötänleýin gabat gelmeleriñ tapgyry diýeniñden, alynmalaryñ bolan bolmagy ahmaldyr diýmek bolar...''(10).
Emma L. N. Gumilýow garaşylmadyk netijä gelýär. Gündogar Uraldaky mazardan tapylan amerika nusgawy görnüşine meñzeş kelle süñküne salgylanyp, ol indeýler-dakotalar b.e.ö. II müñýyllykda Bering bogazyny geçipdirler we ''sibirliler bilen öz sözlerini paýlaşmak üçin'' Aziýa gunlarynyñ we beýleki halklaryñ etnogenezine gatnaşypdyrlar diýip çak edýär(11).
Ol indeýleriñ polisintetiki dilleri türküleriñ agglýutinatiw dillerinden tapawutlanýarlar diýip tassyklaýar; şonuñ üçin hem gürrüñ etnik garyndaşlyk hakynda däl-de, alynmalar barada bolup biler. Uralda amerikanoid kelle süñküniñ tapylmagy bolsa, indeýleriñ Aziýa gelendikleri baradaky pikire eltýär(12).
Eger soñuna çenli obýektiw bolunsa, onda siu-dakot agglýutinasiýasy we singarmonizmi O. Rerig tarapyndan XIX asyrda anyklanylýar, Uralda amerikan adymynyñ kelle çanagynyñ tapylmagy barada aýdylanda bolsa (onda diñe biriniñ), bu kelle çanagyny öwrenen arheolog G. Matýuşin düýbünden başga zady ýazýar: ''Gündogar Uralda indeý? Hawa. Onda-da bu praindeý (indeýleriñ ata-babasy). Eger ol özüniñ antropologik keşbi bilen diñe bir ýewropa görnüşi bilen baglanyşykly bolmandyr diýip bolsady. S. Dawlekanowyñ (Başgyrdystan ㅡ Ö. G.) açyşy ýagny Täze Dünýäniñ paleoindeý, amerikanoid ilatynyñ emele gelmeginde diñe bir Aziýadan gelip çykanlaryñ däl, eýsem, Ýewropanyñ hem ýaşaýjylarynyñ gatnaşandygy'' barada netije çykarmaga mümkinçilik berýär(13).
Amerikanyñ indeýleri jyns taýdan birligi emele getirmeýärler. Olarda Köne Dünýäde bar bolan ähli jynslar bar: ýewropeidler, mongoloidler (käwagt amerikan jynsyny mongoloidlere degişli edýärler), negroidler we olaryñ görnüşleri, olaryñ köp dilleri bolsa amerind makromaşgala degişlidir. Polýak alymy Ý. Sapiriñ 1925-nji ýylda, şwed alymy S. Wikanderiñ 1970-nji ýylda käbir indeý dilleriniñ ýaponlaryñ we koreýleriñ dilleri bilen getiren deñeşdirmeleri hem gyzyklydyr(14).
Amerika kontinentindäki aborigenleriñ gelip çykyşy baradaky ähli çaklamalaryñ içinde has ynandyryjysy we subut etmäge ýakyny köp indeý halklarynyñ gelip çykyşynyñ aziýaly bolmagy hakyndakydyr.
Belli çeh amerikanisti M. Stingl şeýle ýazýar: ''Alymlara arheologiýanyñ we antropologiýanyñ beren maglumatlaryna daýanyp, amerikanistika irki paleolitiñ awçylarynyñ Aziýadan Amerika gelen wagtyny anyklamaga mümkinçilik aldy. Bu, takmynan, 20 ㅡ 30 müñ ýyl mundan ozal bolupdyr. Indeýleriñ aziýaly ata-babalarynyñ birbada Amerika göçüp barmandyklary örän aýdyñ, olar ýuwaş-ýuwaşdan, birnäçe tapgyrda geçipdirler''(15).
Amerika dürli materiklerden göçüp barmak ýeterlik derejede çalt bolup geçýär hem-de bu antropologiýanyñ we arheologiýanyñ maglumatlary bilen subut edilendir. Emma kontinentiñ ilatynyñ esasy bölegini aziýalylar düzüpdir. Täze Dünýä türküleriñ ata-babalary haçan geçipdir? Käbir indeýleriñ dilinde ýapon we koreý sözleriniñ tapylmagyna esaslanylsa (soñkularyñ dilleri Merkezi Aziýada b.e.ö. V ㅡ III müñýyllykda bölünen altaý maşgalasyna degişlidir), onda gündogara giden we beýleki aziýa etnoslarynyñ düzümine giren türki dilli taýpalar Amerika b.e.ö. III ㅡ II müñýyllyklarda aralaşypdyrlar.
Antropologlar indeýleriñ beden gurluşynda anyk görnüp duran mongoloid sypatlary ýüze çykypdyrlar. Etnografiki maglumatlar hem indeýler bilen Aziýanyñ ýaşaýjylarynyñ arasyndaky meñzeş maddy medeniýete şaýatlyk edýär. Şeýle meñzeşlikler dini düşünjelerde hem duşýar (ösümlikleriñ we haýwanlaryñ kulty, şamanlaryñ däpleri we ş.m.)(16).
Belli meksikaly arheolog A. Rusuñ belleýşi ýaly, şol döwürde, Köne dünýädäki ýaly homo sapiens örän uly giñişlikleri özleşdiripdir, amerika kontinenti bolsa, entek zoologik jennet bolup galypdyr.
Ol: ''Eýýäm amerikan adamynyñ gelip çykyşy barada jedel edilmeýär. Ol Demirgazyk-Gündogar Aziýadan Bering bogazynyñ üsti bilen geçipdir. Şol döwürde bu etrap buzuñ aşagynda bolupdyr we häzirkä seredeniñde, hereket etmek añsat bolupdyr. Aleut adalary hem iki kontinentiniñ arasyndaky ýol bolup hyzmat edipdir. Migrasiýa şol döwürde, bellibir derejede, b.e.ö. 2-nji müñýyllyga çenli bolupdyr diýip hasap edilýär. Açyş Aziýa faunasynyñ progressiw yza gaýtmagynyñ esasynda bolupdyr diýip çak edilýär, onuñ yzyndan olaryñ hasabyna ýaşaýan adamlaryñ topary gem gidipdir diýip çak etmek bolar diýip ýazýar(17).
Uzak wagtlap Sibiriñ we Mongoliýanyñ ýerlerini derñew edenden, soñra Bering bogazynda (Alýaskada) gazuw-agtaryş işlerini geçiren amerikan arheology A. Grdliçnikiñ barlaglary indeýleriñ gelip çykyşynyñ Aziýadandygyny subut edýär(18).
Arheologlara kömege genetikler hem gelýärler. Soñky 15 ýylda geçirilen mitohondrial DNK (mt DNK) molekulýar derñewi alymlaryñ eline jyns aýratynlygynyñ markerini berdi. Amerikanyñ ýerli ilatynyñ (amerindleriñ) emele gelmeginde mt DNK-nyñ 4 görnüşiniñ bardygy ýüze çykaryldy ㅡ A, B, C, D, olaryñ jemi ýygylygy 100 %-e ýakynlaşýar. Demirgazyk-Gündogar Sibiriñ halklary öwrenildi, olaryñ arasynda mitotip B ýok, ýagny olar amerindleriñ ýakyn garyndaşlary bolup bilmezler. Soñra mongollaryñ, Hytaýyñ demirgazyk etraplarynda ýaşaýanlaryñ, tibetleriñ mitohondrial genofondy öwrenilýär. Olarda 4 tipiñ hemmesi (A, B, C, D) ýüze çykarylýar, emma olaryñ jemi ýygylygy 50%-den ýokary däldir. Barlaglaryñ örüsi has giñeldilýär we barlaglara Merkezi Aziýanyñ käbir türki dilli halklary (tuwalylar, soýotlar, hakaslar we beýlekileri) çekilýär. Olar Amerikanyñ daşynda ''amerikan'' görnüşlileriñ mt DNK-nyñ ýygylygyny görkezýärler, ㅡ türki halklary indeýleriñ we Aziýa halklarynyñ umumy ata-baba genofonyny saklapdyrlar(19).
Käbir ýerde etniki garyndaşlyk, käbir ýerde bolsa (belki) ㅡ zor bilen assimilýasiýa edilmegiñ netijesinde, prototürkler uly dil birligini düzüpdirler.
Ilki bilen, altaý dil toparyna demirgazyk amerikan siu-hoka dil toparyny degişli etmek bolar, oña hoka, ýukki, wappo, keres, tunika, redo, çerokezler, muskoşi indeýleriniñ dilleri we siularyñ özleriniñ, dakota-assinboýn, mandan, winnebago, £idatsa, apsaraka we beýlekilere bölünýän diller girýär. Siu-hoka dillerine maýýa dilleri ㅡ keçe, gündogar-astek diller maşgalasy we keçua dilleri hem goşulýar. Olarda inkler gepleşipdirler, häzir bolsa peruanlar, akwadorlylar, boliwiýalylar, argentinalylar we çilileriñ bir bölegi gürleýär(20).
Aziýalylaryñ käbir böleginiñ Amerika eýýäm olaryñ nostratik birligi döwründe (b.e.ö. XII ㅡ X müñýyllyklarda dargapdyr) barypdyrlar diýip çak etmek bolar. Şu pursatlaryñ ählisini anyklap, maýýalaryñ we inkleriñ gelip çykyşynyñ türkmenlerdendigi barada aýtmak gerek hem däl. Biziñ pikirimizçe, türkmen dili bilen haýsydyr bir siu-hoka ýa-da maýýa-kiçe toparyna degişli dilleriñ biri bilen leksiko-morfologik derñewi geçirmek has peýdaly bolar. Ine, mysal üçin, gazak alymlary S. Nurjankiýanow we E. Ka£ybekow şeýle hem edipdirler(21).
Eýýäm türkmenleriñ diñe dünýäniñ türki halklaryna degişliligi hem bize, türkmenleriñ ata-babalarynyñ, beýleki türki halklar ýaly Amerikanyñ käbir etnoslarynyñ emele gelmegine gatnaşypdyrlar diýmäge hukuk berýär.
Arheolog W. M. Masson özüniñ ''Orta Aziýa we Gadymy Gündogar'' diýen işinde L. G. Morganyñ monografiýasyndan alan indeýleriñ pueblo taýpasynyñ medeniýetine degişli nagyşlanan gabyñ suratyny ýerleşdirýär(22). Eger şekiliñ aşagyndaky ýazgy bolmasa, ony Günorta Türkmenistanda eneolit döwründe (b.ö. IV müñýyllyk) ýaşanlaryñ önümlerine düşündiriş bermekden saklanýar we ony biziñ öz garamagymyza goýupdyr.
Umuman, Täze Dünýä özüniñ syrlary bilen göwünli-göwünsiz aýrylyşýar, Amerikanyñ ýerli ilatyny öwrenmek bolsa dowam edýär.

Edebiýat:

1. Bekmyradow A. Amerikany ilki bolup Kim açypdyr//Edebiýat we sungat. ㅡ 3 ýanwar 1990; Bekmyradow A. Amerikany ilki bolup kim açypdyr ýa-da Türkmennama giriş. Makalalar ㅡ Aşgabat: Ruh, 1992.-S.11-12.
2. Şol ýerde. ㅡ S.15-19.
3. Gurbandurdyýew G. Kolumbmy Ya oguzlar//Edebiýat we sungat. 29. 11.1991.
4. Gündogdyýew Ö. Ýeri, onsoñ, oguzlarmy ýa Kolumb // Edebiýat we Sungat. ㅡ 14.02.1992.
5. Odekow O. A. Turkmeny i inki: etnolingwistiçeskiýe analogii i sootwetstwiýa // Turkmenskaýa iskra. ㅡ 13. 05. 1994; 26. 05. 1994.
6. Ballyýew A. Neobyçnyýe plasty turkmenskogo ýazyka// Neýtralnyý Turkmenistan. ㅡ 2.01.1997.
7. Gundogdyýew O. A. Proşloýe turkmen Izbrannyýe trudy po istorii i kulture Turkmenistana. ㅡ M., 1998. - S.26.
8. Knorozow Ýu. W. Sistema pisma drewnih maýýa (opyt rasşifrowki). M., 1995. - S. 95; Knorozow Ýu. W. Pismennost indeýsew maýýa. ㅡ M., L., 1963. ㅡ S. 663.
9. Karimullin A. G. K woprosu o genetiçeskom rodstwe otdelnyh ýazykow indeýsew Ameriki s týurkskimi//Woprosy geografii SŞA. ㅡ L., 1976. ㅡ S.144ㅡ122.
10. Gumelew L. N. Dakoty i hunny // woprosy geografii SŞA. L.,1976. S.123.
11. Şol ýerde.ㅡ S.123.
12. Şol ýerde.ㅡ S. 123-124.
13. Manýuşin G. ''Indeýes'' na Urale // Wokrug sweta, ㅡ 1969. ㅡ No:10.-S.30.
14. Karimullin A. G. Prototýurki i indeýsy Ameriki. Po sledam odnoý gipotezy. ㅡ M., 1995. ㅡ S.50-50
15. Stingl M. Indeýsy bez tomagawkow. ㅡ M., 1984. ㅡ S.41.
16. Şol ýerde. ㅡ S.40-41.
17. Rus A. Narod Maýýa. ㅡ M., 1986. ㅡ S. 42.
18. Stingl M. Görkezilen iş. ㅡ S. 41.
19. Zaharow I. A., Ondar U. N., Dor£u Ç. M. Genetiçeskiýe swýazi tuwinsew s amerikanakimi indeýsami // Uçenyýe zapiski Tuwinskogo instituta gumanitarnyh issledowaniý. ㅡ Kyzyl, 2002. Wyp. XIX. S. 126-130.
20. Karimullin A. G. Prototýurki i indeýsy Ameriki. Po sledam odnoý gipotezy. ㅡ M., 1995. - S.36-43.
21. Şol ýerde. ㅡ S.64.
22. Masson W. M. Srednýaýa Aziýa i drewniý Wostok. ㅡ M., L., 1964. - 397.


Ö. A. Gündogdyýew
''Türkmenler we Dünýä Halklary''
2012.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir