Türkmençilikde gybat etmekden uly günä hasaplanýan günä ýok diýsem köpler men bilen ylalaşsa gerek. Ýöne gynansak-da dünýede türkmençilige sygyşmaýan hereketleri edip, öwünip ýörenlerem has dogrusy watanyny taşlap gaçyp gidip, indem “uly gybatçylar” diýen beýik ada eýe bolan töhmetçilerem bar. Üns beren bolsaňyz ýokarda biz watanyny taşlap gaçyp giden töhmetçileriň bardygyny belledik. Ol töhmetçiler kim? Olar sosial сахыпаларыň üsti arkaly ýalan-ýaşyryk maglumatlary ýaýradyp özlerine ýal tapmaga çalyşýan Halmyrat Söýünow, Akmuhammet Welsaparow, Muhammet Düýeji we Geldi Kärizow dagylar. Ýagny, olar häzirki wagtda Hytaý halk Respublikasynda döräp köpçülikleýin adam pidalaryna getirýän ýagdaýlar hakynda habar beriş serişdelerinde ýaýran maglumatlardan peýdalanyp, türkmen halkynyň aladasyny edýän “watany üçin janyny orta goýmaga taýýar” adamlar hökmünde görünmäge çalyşýan, kör abraý gazanmaga, hojaýynyna ýaranmaga jan edýärler.

Olar pasyl çalşygynda ýurdumyzda ilatyň arasynda döremegi mümkin bolan keselleriň öňüni almak maksady bilen geçirilýän adaty sanjym ediş, öňüni alyş çärelerini häzirki wagtda Hytaýda bolup duran ýagdaýlar bilen baglanyşdyrmaga, dowul döretmäge çalyşýarlar.

Olaryň toslama toslap kör abraý gazanjak bolýandyklarynyň logiki tarapyny alanyňda düşnükli. Сebäbi, olaryň häzirki wagtda towuga ýüklär ýaly hem abraýlary ýok. Öz ýurduny taşlap gaçyp giden we indem sähel bir ýerden gybat eşitse watany hakynda gybat edýän töhmetçilerde abraý bolmajakdygy köre hasa.

Türkmen halkynyň ýokardaky ýaly gybatçylara gününiň galmadygam gaty gowy zat. Bolmasa olaryň halkymyza etjek zyýany häzirkiň çeni-çaky bolmazdy. Öz halkynyň aladasyny edip bilýän, halkyň saglygyny goramak üçin gerekli çäreleri geçirmekde hiç bir ýurtdan pesde durmaýan, ilatyň arasynda sanjym işlerini, öňüni alyş çärelerini mugtyna geçirmäge mümkinçilik döredip bilýän döwletimiziň bardygyna juda begenmelidiris. Döwletimiziň binýadynyň, halkymyzyň jebisliginiň has-da berkemegi üçin ýokardaky ýaly gybatçylaryň ýaýratmaga ymtylýan töhmetlerine däl-de ýurdumyzda il-günüň bähbidi üçin amala aşyrylýan beýik işlere ynanmalydyrys. Adamzadyň ömüriniň gymmaty gybatlar ýa-da gury sözler bilen däl-de bitirilýän gowy işler bilen ölçenýändir.

çeşme : http://nexttm.com/view/13603/

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir