Iň köp aýlykly futbolçy – Lionel Messi
Häzirki wagtda iň köp aýlyk alýan futbolçy Lionel Messidir. “Barselonanyň” argentinaly ýyldyzy katalonlardan her aýda 8,3 million ýewro hak alýar. 32 ýaşly futbolçy bu ugurda sanawda 1-nji hatarda barýar. 2-nji basgançakda “Ýuwentusyň” portugaliýaly ýyldyzy Kristiano Ronaldo bolup, ol klubundan 4,5 million ýewro aýlyk alýar. PSŽ-niň braziliýaly hüjümçisi Neýmar 3 million ýewro möçberindäki aýlygy bilen 3-nji hatarda barýar.

Sport, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir