Baýlyk ýa-da garyplyk – bu endigiň işi. Köp adamlar baý we üstünlikli bolmagy isleýärler, ýöne bu her kime başardanok. Adamlaryň esasy ýalňyşy – dogry endikleriň bolmazlygy. Üstünlikli adamlary haýsy endikleriň tapawutlandyrýandygyny biliň, ony öz durmuşyňyza giriziň we siz hem şeýle bolmaga çalşyň.

1. Ir oýanmak. Üstünlikli adamlaryň köpüsi irden 5-6-da turýarlar. Adamyň iş öndürijiligi günüň birinji ýarymynda ýokary bolýar, goşmaça wagty bolsa peýdaly ertirlige, sport bilen meşgullanmaga, günüňi meýilnamalaşdyrmaga sarp etmek bolar. Şonuň bilen bir zady göz öňünde tutmaly, sagdyn adama 6-8 sagat uky gerek, bu bolsa wagtynda ýatmalydygyny aňladýar.

2. Töweregiňi üstünlikli adamlar bilen gurşamak. Töweregiňi bir pikirli we mydama öz telefon kitapçasyny gerekli kontaklardan doldurýan adamlar bilen gurşamak hökmandyr. Bu sizi geljekde täze müşderilerden başlap gerekli işgärleri ýa-da maýa goýujylary gözläp tapmaga çenli giň mümkinçilikler bilen üpjün eder.

3. Bilimiňi artdyrmak. Üstünlikli adam dünýäniň çalt özgerip durýandygyna düşünýär. Hemişe ýokary derejede bolmak üçin, mydama köp okamaly. Täze endiklere puluňy hem, wagtyňy hem gysganmaly däl. Ýokary hilli bilim – üstünlikli geljege goşant.

4. Sport bilen meşgullanmak. Sport – ýaşaýyş. Sport bilen meşgullanmagyň esasy sebäbi, berk sagdynlykdyr. Özüňize laýyk fiziki işjeňligi saýlap alyň: tanslar, ylgaw, ýoga ýa-da suwda ýüzme.

5. Gündelik ýöretmek. Taým-menejment – üstünlikli adamyň esasy endigi. Günüň sistemalaşdyrylmagy we anyk tertibi sizi hemişe başagaý bolup ýörmekden dyndyrar. Ýatmazyňyzdan öň indiki günüň meýilnamasyny düzüň, şeýle etmek bilen siz ertirine oýanyp, ikinji nobatda haýsy işe başlamalydygyny bilersiňiz.

6. Standart däl görnüşde pikirlenmek we ähli ideýalary belläp almak. Günüň dowamynda kelläňize gelýän ähli pikirleri we ideýalary belläp almagy endik ediniň. Genial pikirler adam olara taýýar bolmadyk wagtynda döreýär. Öz ýadyňyza ynanmaň we ählisini kagyzda belläň.

7. Gazanmakdan az sarp etmek. Munda esasy düzgün – özüňde ýok bolan puly harç etmezlik. Karz almakdan boýun gaçyryň. Üstünlikli adamlar garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykanda ätiýaçlyk üçin “howpsuzlyk ýassygy” barada hem pikir edýärler we öz girdejileriniň 30%-ni geljek üçin, meselem, aýratyn hasap hökmünde ýygnaýarlar.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir