UFC-niň prezidenti Nurmagomedow — Makgregor rewanşynyň boljak senesini atlandyrdy
UFC-niň prezidenti Dana Uaýt Russiýanyň ýeňil agram kategoriýasy boýunça UFC-niň çempiony Habib Nurmagomedow bilen titulyň ozalky eýesi irlandiýaly Konor Makgregoryň arasynda gaýtadan geçiriljek göreşiň takmyn senesini atlandyrdy. Habib bilen Konoryň arasynda geçirilmegi mümkin bolan rewanş 2020-nji ýylyň güýzünde bolar.

— Habib we Toni Fergýuson Bruklinde göreşerler. Konor bolsa ýeňiji bilen göreş geçirer. Konor häzir garaşmak islemeýändigini aýdýar, ýöne men onuň üçin haýsy göreşiň manysynyň bardygyny bilemok. Oraza hem Habib bilen Toniniň göreşinden soň başlaýar. Ol onuň gutarmagyna garaşar, şonuň üçin biz güýzi göz öňünde tutýarys. Sentýabr, oktýabr, noýabr — diýip, Uaýt aýdýar.

Nurmagomedow bilen Makgregoryň ilkinji göreşi 2018-nji ýylyň oktýabrynda geçirildi we ol russiýaly türgeniň ýeňmegi bilen tamamlandy.

Indiki göreşinde Habib Toni Fergýuson bilen 2020-nji ýylyň 18-nji aprelinde duşuşar. Makgregor 18-nji ýanwarda birinji raundda nokaut bilen Donald Serronäni ýeňip, oktagona dolandy.

Sport, 12 tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir