Kamaru Usman: Men hiç haçan Habibe garşy göreşmerin

Kamaru Usman (11-0) UFC-niň «ýeňilmedik» diýen statusy saklaýan göreşijileriniň biri. Munda oňa diňe ýeňil agramda Habib Nurmagomedow (12-0 UFC) we orta agramda Israel Adesanýa (7-0 UFC) bäsdeşlik edip biler.

Ýarym orta agram boýunça çempion Kamaru Usman özüniň ýaňy-ýakynda beren interwýusynda näme üçin özüniň agram kategoriýasyny üýtgetmek islemeýändigini we ýeňilmedik çempionlara garşy göreşmekçi bolmaýandygyny aýtdy.

«Habib Nurmagomedowa garşy men hiç haçan göreşmerin. Ol meniň doganym. Bu ikitaraplaýyn hormat we men özümi oňa garşy göreşiji hökmünde göz öňüme getirip bilmeýärin. Şeýle-de, men özümiň Adesanýa garşy göreşimi hem göz öňüme getirip bilemok, muňa garamazdan, soňky wagtlar bu barada kän gürrüň gidýär. Meniň oňa gatnaşygym gowy, biziň ikimiz hem Nigeriýadan we men Nigeriýanyň iki çempion titully bir çempiony bolanyndan iki çempiony bolsa has gowumyka diýýän. Adesanýa üýtgeşik oglan we men onuň bilen göreşmerin. Biziň köp meňzeşligimiz bar» – diýip, Usman aýdýar.

Ozalky göreşinde Usman Kolbi Kowingtony nokautirledi we çempion titulyny gorady.

Sport, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir