Nurmagomedow – Fergýuson göreşiniň petekleri satuwa çykdy
UFC-niň çempiony Habib Nurmagomedow bilen amerikaly göreşiji Toni Fergýuson 18-nji aprelde Nýu-Ýorkda duşuşarlar. Bu göreş üçin iň gymmat petegiň bahasy 11 157 dollara deň bolar, diýip Ria Nowosti habar berýär.

Bu göreş üçin petekler 31-nji ýanwarda satuwa çykaryldy we 195 dollardan başlap, 11 157 dollara çenli nyrhdan satylar. Fight Club Membership-iň agzalary petekleri 92 dollardan satyn alyp bilerler.

30 ýaşly Habib Nurmagomedowyň karýerasynda professional derejede 28 göreşde 28 ýeňiş bar, Fergýusonda – 25 ýeňiş we 3 ýeňliş bar.

Sport, 12 tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir