Tejen şäherindäki 350 orunlyk sport mekdebinde sportuň basgetbol görnüşi boýunça Ahal welaýatynyň açyk birinjiligini almak ugrunda bäsleşik geçirildi. Oňa welaýatyň Ak bugdaý, Kaka, Sarahs, Babadaýhan, Tejen etraplarynyň we Tejen şäheriniň orta mekdeplerinde okaýan oglan-gyzlardan düzülen toparlar gatnaşdylar. Ýaryş welaýatyň çäginde mekdep okuwçylarynyň sporta we bedenterbiýe bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen geçirildi.
Ýaryşa gatnaşyjylar “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynda geçirilýän bu ýaryşa taýýarlykly gelendiklerini görkezdiler. Olaryň erjel çykyşlary güýçlileri ýüze çykardy. Gyzlaryň arasynda Tejen şäheriniň basketbolçylar topary birinji, Ak bugdaý etrabynyň topary ikinji, Babadaýhan etrabynyň basgetbolçylary bolsa üçinji orna mynasyp boldylar. Oglanlarynyň arasynda bolsa Tejen şäheriniň basgetbolçy oglanlary birinji, Tejen etrabynyň topary ikinji, Ak bugdaýly türgenlerи bolsa üçünji oruna mynasyp boldular. Ýaryşy-gurnaýjylar ýaryşa gatnaşanlara özleriniň minnetdarlyklaryny bildirdiler. Ýeňijileri hormat hatlary bilen sylagladylar.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir