Görüp unly haltany,
Durdy syçan sygyryp.
Çagyrdy ol jorasyn,
''Tiz gel!'' diýip gygyryp.

Iki bolup haltanyñ
Daşyna geçdi olar.
Ilki münüp üstüne,
Soñ ýene düşdi.

Murty syh-syh pişige
Gözleri düşdi olañ.
Zyk etdirmän pişige
Ýetdirmän gaçdy olar.
Girdi olar deşige.

Indi hiniñ agzyny
Ak pişik saklap ýatyr.
Gözün ýumup, myr-myrlap,
Çala yşyklap ýatyr.

Atamyrat ATABAÝEW

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir