Bir ýyl

(Poema)

Ýanwar

Ýanwar geldi, başlandy
Ýene-de bir täze ýyl.
Daşarda howa sowuk,
Içerde howa maýyl.

Ak garyñ aşagynda
Gök ýolkany şaýladyk.
Ak don Aýaz babany
Oñ daşynda aýladyk.

Hem bile el tutuşyp,
Halka gurap, tans etdik.
Täze aýdym aýdyşyp,
Babamyzy añk etdik.

Aýazbaba horjuna
Oýunjak salyp geldi.
Hem onuñ ýany bilen
Täze ýyl alyp geldi.

Fewral

Aýt, gyş haçan gutarýar?
Gyş fewralda gutarýar.
Fewral örän gysgajyk,
Gyzgalygna utanýar.

Fewral asla utanma,
Sen bahara howlugyp,
Üç güni kem alypsyñ,
Ol hem seniñ gowlugyñ.

Tamamlaýañ gyşy sen,
Eredip doñ howany.
Ýaşyl ýazyñ başy sen,
Garly gyşyñ dowamy.

Mart

Bahar martdan başlanýar,
Ozaldan şeýle hasap.
Asmanda älemgoşar
Uly sekizlik ýasap.

Eneleriñ baýramyn
Gutlap gökde gülüp dur.
Lemmer-lemmer bulutlar
Dürli surat bolup dur.

Mart surata ökde eken,
Görkezýär öz sungatyn.
Açdym welin depderme
Petir nanyñ suratyn.

Ýagyş bilen çekdi ol,
Depder derrew gurady.
Şemal ogurlap gitdi
Çekilen şol suraty.

Ýene bahar asmana
Ak ýagyş sepip gitdi.
Ýüzüne boz meýdanlañ
Öz keşbin çekip gitdi.

Aprel

Hoş howaly güneşli
Aprel ýazyñ ortasy.
Başynda ýaşyl jyga,
Egninde gök kürtesi.

Daýhan ýerin taýynlap,
Tohum atar pellere.
Hyýar, käşir, pomidor
Eker ýene mellege.

Ekilen gowaçalar
Gögerer hatar-hatar.
Kelemler kellä durup,
Irki hyýar gol atar.

Gülün döken agaçlañ
Miwä durýan aýy ol.
Özi gidip, deregne
Getirýändir maýy ol.

Maý

Maýymyz-a maýymyz,
Durşy baýram aýymyz.
Bu aýlarda tapmadyk
Maýymyza taýy biz!

Iýun

Maý geçdi, iýun geldi,
Howry artdy howanyñ.
Ýetişdi arpa-bugdaý,
Gol ýaýdy garpyz-gawun.

Saralan zamçalaryñ
Bir enaýy ysy bar.
Bu yssyda adamlar
Kölegäni küýseýär.

Salkyn ýerde gojalar
Içip otyr çaýyny.
Ýigitler çekýär başa
Düýäñ sowuk çalyny.

Iýul

Iýul gelip ýetişdi
Bagda miweler bişdi.
Tylla Günüñ şöhlesi
Göni depeden düşdi.

Pöwrizäniñ daglary
Goýny sergin baglary.
Barsañ, gülüp garşylar
Salkyn çeşme-çaýlary.

Awgust

Awgust geler, gijeler
Howa az-kem sowasa,
Gök gozalañ ýumrugyn
Kem-kem açar gowaça.

Nirä baksañ çar ýanyñ
''Ak altynly'' meýdanlar.
Ýetişdiren hasylnyñ
Gadryn bilýär daýhanlar.

Sentýabr

Mekdepde jañ kakylyp,
Okuwlarmyz başlanar.
Çykar pagtaly pele
Çagalardan başgalar.

Pagtany maşyn bilen,
Hem el bilen ýygarlar.
Gije çigrek bolsa-da,
Ýagmaz entek ygallar.

Baglañ başy gyzaryp,
Ýaprak az-kem saralar
Suw enteg-ä sowanok,
Suwa düşýär çagalar.

Mekdebe täze baran
Keýpi kök oglan-gyzyñ.
Sentýabr ㅡ başlangyjy
Hasylly altyn güýzüñ!

Oktýabr

Oktýabrdan başlanýar
Şatlygymyz, bagtymyz.
Watanmyz göge galýar
Hem bagtyýar halkymyz.

Ak pagtaly peller-de
Bagtymyza şaýatdyr.
Ýaşyl baýdak ellerde
Döwletimiz abatdyr.

Ýurduñ garaşsyzlygy
Oktýabrdan bat aldy.
Şol bagtyñ gözbaşyna
Ýüreklermiz badagly.

Sergin güýz şemalyna
Serler hasam durlanar.
Toýnuk gurap, asmanda
Geçip barýar durnalar.

Uzadyp ak durnany,
Geçip barýar aý-günler,
Peselýär güýz asmany,
Göge galýar göwünler.

Noýabr

Geldi, noýabr geldi,
Howa sowaýar kem-kem,
Egnime palto geýip,
Gidýän okuwa men hem.

Bulutlar üýşüp-üýşüp
Süýşüp gelýär aşaga.
Gar basdyryp sakgalyn,
Ýetip geldi gyş aga.

Dekabr

Dekabr,
Dekabr,
Hasabyna hasapçy deý
Örän-örän ekabyr.

Ýetip geldi ýene-de,
Geldi ýylyñ tamamy.
Ýöne täze ýyllardan
Üzmäweri tamañy.

Howa sowap topraga
Petde-petde düşdi gar.
Ýöne ýagan bu garda
Ak bagtymyñ reñki bar.

Ýene geler täze ýyl,
Köne ýylym hoşlaşar.
Şol pursat geçmiş bilen
Geljegmiz gujaklaşar.

Atamyrat ATABAÝEW

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir