Amerikany ilki bolup kim açypdyr ýa-da
türkmennama giriş


Zehinli edebiýaçy alym Ahmet Bekmyradow özüniň gysga ömürinde är işini bitirip, öz halkynyň arasynda meşhurluga ýetdi. Onuň faktorlara baý, şüweleňli okalýan her bir makalasy diňe bir edebiýatçylary däl, eýsem ýönekeý okyjylarady-da özüne bendi edýärdi. Haýsydyr bir neşirde alymyň bir makalasy çykdygy bes, oyjylarda gyzgyn seslenme döredýärdi.
A.Bekmyradowy edebiýatyň taryhy bilen birlikde küşdüň taryhy-da, halkyň taryhy-da biparh goýmady. Ol soňky döwürlerde türkmen halkynyň taryhy bilen has-da içkin gyzyklanyp ugrady. “Türkmennama” diýip at aljak saldamly işiň yşgyna düşen alym gymmatbahaly materýallaryň uly toplumyny ýygnapdy. Şol kitaba girjek bir makalasyny –“Amerikany ilki bolup kim açypdyr?” atly makalasyny gazetde çap etdiribem ýetişipdi. Arman halk arasynda uly gyzyklanma döretjek şol kitabyny welin, tamamlap ýetişmedi. Eliňizdäki kitapda-da alymyň adybir makalasy bilen birlikde “ Görogly haýsy döwriň är ogly?” , “Türkmen” adynyň gelip çykyşy nähili?” atly makalalary ýerleşdirildi. Bu makalalaryň okuwçylada uly gyzyklanma döretjekdigine ynanýarys.
Makalany toplan we çapa taýýarlan filologiýa ylymlalrynyň doktory

Myratgeldi Söýegow “RUH” 1992 ý

Amerikany ilki bolup kim açypdyr ?

Dünýäniň taryhyndan az –kem habarly islendik okyjynyň bu soraga bada-bat “Hristofor Kolumb!” diýip jogap berjegi öz-özünden belli. Kolumbyň köp wagytlyk muşakgatly ýüzüşlerden soň “Täze dünýä” baryp ýeten hem begenç bilen “ ýer hanha ýer!” diýip gygyran güni 1492-nji ýylyň 9-njy sentýabryna düşýär. Şol ýylyň 13-nji sentýabry hem resmi taýdan Amerikanyň açylan güni diýilip yglan edilýär. Göräýmäge mesele çöp döwlen ýaly edilene meňzeýär. Emma bu uly açyşy Kolumbyň adyna bermek islemeýän barlagçylaryň uly topary baryp XVI asyryň başlarynda peýda bolupdyr.. netijede Amerikanyň açylyşy babatda ençeme teoriýalar hem olaryň tarapdarlary ýüze çykypdyr. Şol tarapdarlaryň arasynda şu günler hem jedel gidýär. Şol ýerde bir ýagdaýy aýratyn bellemek gerek. Şol teoriýalaryň tarapdarlarynyň hemmesi diýen ýaly Amerikanyň açylyşyny bu golaýlarda däl-de, eýsem alymlaryň “taryhdan ozalky zaman” diýip atlandyrýan döwürlerinden gözleýär.
Geçen asyrdan başlap, bu mesele boýunça täze teoriýa ýüze çykyp, onuň tarapdarlary Amerikany ilki bolup aziýalylar, onda-da türki kowumlar açypdyr diýen pikiri öňe sürdiler. Çeh alymy M. Stingliň “Çommaksyz hindiler” (M.1984) diýen kitabynda ýazylyşyna görä , bu teoriýany ilki bolup , amerikan alymy Aleş Grdliçka esaslandyrypdyr. Ol Amerikan hindileriniň we türk kowumlarynyň etniki aýratynlyklaryndaky, däp- dessurlaryndaky, ynançlaryndaky ýakynlyk barada birnäçe işini neşir etdirýär. Soň nemes alymy O. Rerig siu taýpasynyň , arasynda ýaşap, olaryň dillerini öwrenip, siularyň dil tarapdan türki kowumlar bilen garyndaş diýen netijä gelipdir. Aslynda meselä şu nukdaý nazardan çemeleşmek XVII asyrlardan başlanypdyr. Amerikan alymy R. Uokopyň “Süýşen materikler hem ýiten taýpalaryň syry” (M.1966) atly kitabynda ýaşylşyna görä , iňlis alymy J. Josselin birnäçe wagytlap mohauk taýpasynyň dilini öwrenip, 1674-nji ýylda neşir edilen kitabynda “Ol türki dilde gepleýär” diýip ýazypdyr. Umuman , Amerikan hindileriniň ata –babalary Azýaly türkiler bolupdyr diýen teoriýanyň wekilleri hem mesläniň ujuny “ taryhdan ozalky zamandan” alyp gaýdýar. Olar gadymy döwürlerde, heniz häzirki Bereng bogazy eremeýän galyň buzluklar bilen iki kontinenti birleşdirip duran wagtlarda Aziýalylar Amerika geçipdir diýen ynanja gol ýapýar.
Mälim bolşy ýaly, Kolumb “Täze dünýäni” açandan soň Ýewropalylar ýerli halklara “hindi” diýip umumy at dakypdyr. Emma her bir halkyň , her bir taýpanyň öz ady bar. Elbetde, Amerikan hindileriniň hemmesini türki kowumlar bilen baglanyşdyrmak nädogry bolar. Emma şol ýerli taýpalaryň käbiriniň türkiler bilen berk baglanyşýandygy welin hakykat. Ynha , 1976- njy ýylda Leningradda neşir edilen “ABŞ-yň geografiýasynyň meseleleri” diýen ýygyndyda A.G. Karimulliniň makalasy ýerleşdirilip , awtor ABŞ-da hem Kanadada ýaşaýan siu, maýa taýpalary bilen gadymy we häzirki zaman türki sözlerini deňeşdirýär. Täsin tarapy , onuň şol deňeşdirýän sözleri onçakly köp bolamasa-da, olar many hem forma tarapdan biri-birine doly diýen ýaly gabat gelýär.
Bu kitapda A.G. Karimulliniň makalasy mynasybetli belli gündogarşynaslaryň biri “Hunlar”, “Gadymy türkiler” ýaly tutumly işleriň awtory L.N.Gumilewiň çaklaňja düşündiriş –makalsy hem berilipdir. Taryhçy A.G. Karimulliniň deňeşdirmelerinden şeýle netije çykarypdyr: Biziň eýamymyzdan ozalky iki müňünji ýyllarda Amerikada ýaşaýan ýerli taýpalaryň uly topary häzirki Bereng bogazynyň üsti bilen Demirgazyk Aziýa aralaşypdyr. Olar Aziýa taýpalary bilen hertaraplaýyn gatnaşykda bolupdyr. L.N.Gumilew bu meselede ilkinji bolup , “taryhdan ozalky zamandan” bärik ätleýär. Ol biziň eýamymyzdan ozalky IV hem biziň eýamymyzyň I asyrlary aralygynda Merkezi Aziýada ýaşan türki dilli hun taýpalarynyň gülläp ösen döwri bolandygyny belleýär. Ine , şu döwürlerde – de hunlar bilen Aziýa gelen Amerikan hindileriniň gatnaşyklary uly rowaçlyk gazanypdyr, şonuň netijesinde –de olaryň dillerinde ýakynlyk ýüze çykypdyr diýen netijä gelýär.
Biziň pikirimizçe, awtor soňky döwürlerde näme üçin Amerikan hindileri bilen Aziýalylaryň arasyndaky gatnaşyklary ýitiripdir diýen soraga ynandyryjy jogap berip bilipdir. Onuň taryhy faktorlara daýanyp ýazmagyna görä , biziň eýamymyzyň başlarynda Bereng bogazyny hem onuň töweregini diýseň söweşjeň eskimos taýpalary eýeläpdir. Olar köp asyrlap iki kontinenti birleşdirýän ýek-täk ýoly bütinleý ýapýar. Amerikan hindilerini bolsa gyran –jyran edip , soň olary kowup kontinentiň has jümmüşine süýşmäge mejbur edýär. Diňe XXIII asyrda ruslaryň ekimoslary özüne tabyn edip , Bereng bogazyny eýelemek bilen Amerika täzeden ýol açylýar. Taryhçylaryň gürrüňini edýän hun taýpalarynyň türki dilli taýpalar bolandygy ylymda ykrar edilen hakykat. Gyzykly ýeri, taryhy çeşmeleriň , köp sanly barlagçylaryň tassyklamagy boýunça , ine , şu gadymy hun taýpalarynyň “ ilkinji we beýik hökümdary” soň türkmenleriň nesilbaşysy hasap edilen Oguz han bolupdyr. Biziň eramyzdan ozalky 174-nji ýylda dünýäden öten bu taryhy şahys hytaý çeşmelerinde “ilkinji” manysyny beren Mode sözi bilen atlandyrylypdyr. Modeniň düýbüni tutan hem üç asyrlap dowam eden döwleti ýigrimi dört sany hun taýpasyny öz içine alyp, olar alty welaýata bölünnipdir. Soňky “Oguznamalarda” bu taryhy fakt belli derejede rowaýatlaşyp, şol alty welaýat Oguzhanyň alty ogly, ýigirmi dört aýpa hem onuň ýigirmi dört agtygy diýilip görkezilýär. Aslynda aslynda oguzlardan bolup , XI asyrda ýaşan Mahmyt Kaşgarlynyň aýdyşy ýaly , şol ýigrimi dört agtyk bolsa, oguz –türkmenleriniň ýigirmi dört taýpasynyň nesilbaşysyna öwrülipdir. Başgaça aýtsaň soň halkymyzyň bu gadmy ýigrimi dört taýpanyň hers olaryň biriniň adyny göteripdir.
Dogrudan-da L.N. Gumilýowyň aýdyşy ýaly, Amerikan hindileriniň irki zamanlarda Aziýa aralaşandygyny soňky ýyllaryň gazuw –agtaryş işleri-de tassyklaýar. Aýdaly , altmyşynjy ýyllaryň ortalarynda Başgyrdystandan gadymy adam kelle süňki tapyldy. Dünýä belli antropolog M.M. Gerasimow şol kelle süňkini ozalky kaddyna getirdi. Şondan taryhçy G.Matýuşin bu barada şeýle ýazypdy. “Bize F. Koperiň romanyndaky wagşy öküz bilen dikleşýän , gorkyny –ürkini bilmeýän awçynyň özi seredýär. Gäzümiziň alnynda Amerikan hindisiniň suraty dur” (wokrug sweta /Вокруг света- 1969 №10) Görşümiz ýaly , tapyndy L.N. Gumilýowyň pikirine arka durýar. Ýöne taýagyň iki ujy bar. Şeýle diýmek bilen biz hem öz gezeginde Aziýaly türki kowumlar irki döwürlerde Amerikan kontinentine aralaşypdyr diýen pikiri orta atmakçy. Ikinjiden, barlagçylar Amerikan hindileriniň hem türkileriň bagloanyşygyny “taryhdan ozalky zaman” bilen baglanyşdyryp, esasan, çaklamalara daýanýar. Netijede olar beýleki teoriýalaryň tarapdarlary bilen deň dawagär bolup çykýar. Diýmek, hakykat şol baglanyşygyň anyk döwrüini, belli wagtyny talap edýär. Üçinjiden her kim öz ýitigini gözleýär. Şony aýtmak bilen, biziň türki kowumlarymyzyň arasynda ilkinji bolup Amerika aralaşan oguz-türkmenleriniň paýyna düşüpdir diýesimiz gelýär.
Halk arasynda aýdylşy ýaly , gury sözden palaw bolanok. Şonuň üçin geliň, faktlara ýüz tutalyň. Mahmyt Kaşgarly öz işinde türki dilleriň , gepleşikleriň hersine ýörite häsiýetlendirme berip barşyna: “Emma jabarkalaryň uzakda ýaşaýandygy, maçyn bilen olaryň arasynda uly deňziň bardygy sebäpli bularyň dilleri bilinmeýär” diýip ýazýar. Şol döwürlerde Maçyn diýilip Hytaý ýarym adasyna düşünilipdir. Hytaý ýarym adasyndan soň , dogrudan-da uly deňiz -Ýuwaş okeany ýazylyp ýatyr. Ýuwaş okeanyň aňyrsynda hem Amerika. Şundan ugur alsaň , dilleri bilinmeýän jabarkalar şu ýerde ýaşan bolup çykýar. Eýsem jabarkalar kimler? Soňky çeşmelerde ýabarka, ýabarly, ýabyr, ýapar görnüşde gelýän bu jabarkalar oguz- türkmenleriň ýigrim dört taýpalrynyň biri. Oguznamalarda olar Oguz hanyň Aýhan atly oglundan bolan agtygy hasaplanýar. Dogrusy, Kaşgarly öz kitabynda bu taýpanyň adyny gypjakça aýdylşy boýunça tutýar.
Kaşgarly jabarkalaryň dili hakynda hiç bir zat bilmeýändigini belleýän bolsa , soňky taryhçylar ýabarlylaryň ykbaly bütinleý nňbelli diýen netijä gelýär. Ynha , ilkinji bolup, dünýäniň taryhyny ýazan Reşideddin (XIV asyr) olar barada az –kem rowaýatlandyrylan şeýle gyzykly maglumat berýär: “Ýabarly –oňa , “ýagma” hem diýilipdir. Bir gezek söweş wagty olar uly günä edipdir. Oguz han olara berk jeza bermeli diýen karara gelýär. Şol döwürlerde gaty şemal bolupdyr. Hytaý tarapyndan öwüsýän bu şemala “bad-e samsürek” (juda sowuk hem apy-tupanly deňiz ýeli-A.B) diýipdirler. Özüde görülmedik apat bolupdyr. Oguz han ýabarlara “ Sen şol şemalyň öňüne gidip ony sakla!” diýip buýruk beripdir. Maksady ony öz ölmüniň üstine ýollamak ekeni. Häzirki wagtda şol ülkede onuň nesillerinden bolan türkmen ýok. Belki , Hytaýda bardyr”. Edil şeýle maglumat türkmen taryhçysy Salyr Baba-da 1556-njy ýylda tamamlan işind ýazyp galdyrypdyr. Egerde şondan çen tutsaň ýabarly kowumy oguzlardan has uzaga , sowuk demirgazyga tarap gidipdir. Soň olaryň yzy ýiten hasap edilipdir. Hakykatdan-da çeşmelerde ýabarlylar diňe ýatlanyp geçilipdir, taryhçylaryň biri –de olar barada başga hiç zat aýdyp bilenok.
Görşümiz ýaly, oguz –türkmenleriň jabarka ýa-da ýabarly taýpasynyň ykbaly barada taryhy çeşmeler şol bir maglumaty berýär. L.N.Gumilýewiň barlaglary boýunça biziň eramyzyň 90-njy ýyllarynda hunlaryň “Demirgazyk hun” diýlip atlandyrylýan bir kowçumy Hytaýlylar, hatda öz kowumdaşlary bilen köp wagta çeken gandöküşikli çaknyşyklardan soň näbelli ýagdaýda gürüm-jürüm bolýar. Munuň özi şol döwürde hun kowumlarynyň arasynda duşmançylygyň düşendigini görkezýär. Reşideddin bilen Salyr Baba hem ýabarlylara “Ýagma” diýlendigini ýörite belleýär. Gadymy türki dilde bu söz ýagylyk, duşmançylyk manysyny aňladypdyr. Biziň pikirimizçe, hunlaryň ine , şu “Demirgazyk hun” kowçumy jabarkalar ýa-da ýabarlylar bolupdyr. Olar soňy görünmeýän ganly söweşlerden bez bolup, dynç ýaşar ýaly täze mesgeniň gözlegine çykandyr hem Bereng bogazynyň üsti bilen Amerika kontinentine geçendir diýip pikir edýäris. Şol dýwürde bolsa bogaz şindi eskimoslaryň geçmän ekeni. Şonuň yz ýanyndan hunlaryň özü-de köpçülikleýin häsiýetde Günbatara tarap süýşüp ugraýar. Biziň eramyzyň II asyrynda eýýäm olaryň uly bölegi Ýewropa, Kiçi Aziýa,
Arabystana çenli baryp ýetýär. Soňky Ýewropa çeşmelerinde indi olar “gun”, “kun” atlary bilen ýatlanýar. Şeýle şagdaýda hem “Demirgazyk hun” kowçumynyň ýa-da ýabarlylaryň soňky ykbalynyň bütinleý näbelli bolup galmagynyň esasy sebäbi bolsa gerek.
Eger bir oguz-türkmen taýpasy baryp hunlar döwürinde ýokardaky ýagdaýa görä bölünip , Amerika aşan bolsa , heý olardan nyşan galmadymyka? Biziň pikirimizçe, nyşan bar. Häzirki Panama respublikasyna degişli San-Balas arhipelagynda ýerleşýän adajyklarda kun diýen taýpa ýaşaýar. Irki döwürlerde kunlar Amerikanyň iň iri taýpalarynyň biri bolupdyr. Ýöne beýleki taýpalar bilen bolan üznüksiz söweşler sebäpli olar kem- kemden azalyp başlapdyr. Soň kunlary Ispan kolnýaçylary gyrgyna beripdir. Ispanlar bilen ençeme asyra çeken göreşlerden soň , kunlar ahyry “ Uly ýeri” terk edip , San –Balas adalaryna geçýäge mejbur bolýar. Kunlar köp wagytlap


kolonýaçylara boýun egmän egmän , olara garşy batyrgaý göreş alyp baran ýeke-täk söweşçeň taýpa hasaplanýar. 1903-nji ýylda Amerikadaky iň soňky hindi gozgalaňyny hem kunlar turuzypdyr. Häzir bu taýpa azalyp –azalyp , ondan 25-26 müň töweregi adam galypdyr. Täsin tarapy , bar bolan az sanly faktlar hem Amerika göçüp gelen jabarka ýa-da ýabarly taýpasynyň nebereleri bolsa gerek diýen pikiriň üstüne alyp barýar.
Dogrusyny aýtsak, bizde şindi Panama kunlary bilen hunlaryň olaryň soňky dowamy bolan oguz –türkmenleriň arasyndaky etniki –psihologik baglanyşygy barada gutarnykly ylmy nertijä gelmäge mümkinçilik ýok. Munuň üçin ençeme wagtlap kunlaryň arasynda ýaşap, olaryň däp – dessurlaryny dil aýratynlyklaryny, taryhyny ymykly öwrenmeli. Häzirlikçe biziň çeşme mümkinçiliklerimiz çäkli. Şu makalany ýazanymyzda ýokardaky ýaly baglanyşygy tapmak üçin R. Uokopyň , M.Stingliň “ iki okeanyň arasyndaky ýer” (M.,1983) ktabyndan, W. Listowyň “San-Balas arhipelagyndaky kunlaryňkyda” (wokrug sweta /Вокруг света- 1987 №12) atly makalsyndan peýdalandyk. Başgaça aýtsak , bu makala heniz saýlanyp alnan meseläniň deslapky degşirmeleri bilen okyýjylary habardar etmek maksady bilen ýazyldy.
Häzirki döwüre çenli kunlaryň taryhy, dili hem etniki aýratynlyklary, däp –dessurlary, ynançlary barada juda az iş edilipdir. Esasy bellenilýän aýratynlyk- olayň beýleki Amerikan hindi taýpalaryndan köp tarapdan tapawutlanýanlygy. S. Syçew kunlaryň derisiniň beýleki hindi taýpalarynyňky ýaly garaýagyz däl-de , bugdýreňkdigini ýörite belleýär. Käbir barlagçylar bolsa bu taýpa biziň eýýamymyzdan ozalky dört müňünji ýyllarda Ýefratyň boýundan göçüp gaýdypdyr diýen pikiri öňe sürýär. Olar kunlaryň nagyşlarynyň , keşdeleriniň hem bezeg işleriniň Mesopotamiýanyň häzirki ýaşaýjylarynyňka meňzeş gelýänligi esasy tutaryk bolup hyzmat edýär. Elbetde çürt-kesik netije çykardygymyz däl welin, berilýän fotosuratlary siňňin synlasalar kunlaryň nagyş –bezegleri bilen türkmen gelin –gyzlarynyň el hünäri işleriniň arasynda ençeme ýakynlyklary tapsa bolýar. Dogrusy, munuň özi ýörite hem çynlakaý barlagy talap edýär.
Kunlaryň dini düşünjeleri-de özboluşly .W.Listow bu barada şeýle ýazýar: “Latyn Amerikasynyň ähli hindi halklaryna diýen ýaly ilkinji hudaý Gün bolan bolsa, olardan parahlylykda kunlarda hemme zadyň başlangyjy diýlip Ene Ýer hasaplanylýar”. Edil şeýle düşünje hunlarda-da bolupdyr. Biziň “Ene ýer” düşünjämiz hem şondan bolmaly. Kunlaryň düşünjesine görä, ilki ýer döräp, soň aý emele gelipdir. Olar Ene Ýeriň simwoly diýip Aýa düşünýär. Özlerini “Aý perzentleri” hasaplaýar. Gadymy hunlar hem Aýa şeýle hormat bilen garapdyr. Şol hormatyň yzlaryny häzirki türkmenleriň düşünjelerinde –de görse bolýar. Hut şu günki günlerde hem Aý ilki doganda ýüze sylmak däbi halkymyzyň arasynda saklanýar. Türkmen adam atlarynyň arasynda Aý bilen bagly atlar hem juda köp.
Biziň hasaplamalarynmyza görä, Aý bilen bagly adam atlarynyň görnüşleri tas ýetmişe ýetýär. Egerde kunlar özäni “Aýyň perzentleri” hasaplaýan bolsa , biziň şu kunlaryň ata-babasy bolmaly diýen jabarkalarymyzyň ýa- da ýabarlylarymyzyň nesil basyşy Aý han bolupdyr. Oguznamalarda olar Aýhanyň ogullary diýlip bellenilýär. Gyzykly tarapy, baryp biziň eramyzyň başlarynda döredilen hasaplanýan hem iň soňky golýazmasy XIV asyrda uýgur elipbiýinde göçürilen “Oguznamada” Oguz hanyň ejesiniň ady-da Aý kagan diýlip görkezilýär.
Adatça etniki aýratynlyklar aýallarda gowy saklanýar. Amerikan hindilerinden esasy etniki aýratynlyklarynyň biri-de kun aýallarynda burna ortasy deşik, tegelek ysyrga dakmak dessurynyň berk däbe öwrülenligi. S.Syçew bu dogruda şeýle maglumat berýär. “Aşdyşlaryna görä , bir gezek hindileriň bir baştutany Tamir Son Pon öz ýigitleri bilen uzak ýörişden gaýdyp gelýär. Olary taýpadaşlary uly dabara bilen garşy alýar. Serkerde bir seretse , özüniň ýaşajyk aýaly şol ýöreişde has edermenlik görkezen söweşijini ogşap goýberipdir. Muny görüp ol gaty ynjaýar. Gören ýerde posa paýlap ýörmez ýaly aýalyna burnuny deşip ysyrga ötürmegi buýrýar. Serkerde bu onuň beýlekileri ogşamagyna päsgel berer diýip pikir edýär. Taýpanyň ähli aýallary-da şeýle etmeli diýip höküm çykarýar. Şondan soň bu hemmeler tarapyndan kabul edilen däp bolup galypdyr” Elbetde bu dessuryň haçan , nähili dörändigi dogrusynda bir zat aýtmak kyn. Ýöne Hytaý çeşmelerine görä, aýallarynyň burnuna ysyrga dakmak däbi gadymy hunlarda hem bar eken. Taryhçylar şeýle däbiň ýaňy –ýakyna çenli türkmenlerde –de bolandygyny tassyklaýar. “Türkmen diliniň sözlüginde ysyrga “ Bezeg üçin burna dakylýan tegelek kümüş halka” diýip düşündiriş berilmegi-de muňa güwä geçýär.
Taryhdan belli boluşy ýaly, gadymy türki kowumlarda şamançylyk esasy däpleriň biri bolupdyr. Halkymyzyň arasynda ýaňy –ýakyna çenli ýörgünli bolan “şaman odyny” , al kakypdyr diýip, ony kowmak üçin näsag adamyň daşynda “alas odyny” aýlamak däbi, “Butparazdan otparaz ýeg” , “Ot-oraz” nakyllaryny ýatlalyň. Bellemeli tarapy , kunlar hem şamançylyga uýan ekeni. Kun tebipleri-de erbet ruhlary kowmak üçin şaman odunyň daşyndan aýlanyp aýdym aýdypdyr. Gyzykly ýeri, oduň başynda şeýle aýdymlary aýtmak gadymy, oguzlar da berk däp bolupdyr. Kaşgarlynyň bellemegi boýunça oguzlar erbet ruhlary kowup aýdylan aýdymlara – “jadyly sözlere” ýörite gowuz diýip at beripdir. Soň orta asyr şahyrymyz Ahmet Ýasawy oguzlaryň bu däbini sufizme ornaşdyrýar.
Kunlarda şeýle aýdyjy tebiplere “kuntile” diýipdir. Göwnümize bolmasa, söz aslynda iki sözden däzälip, onuň gadymy türki dil bilen baglanyşygy bar ýaly. Gadymy türki dilde berjaý etmek, ýerne ýetirmek “kan” sözi bilen aňladylypdyr. Şonuň ýaly-da, olarda biziň “dile” sözümiz “tile” sözünde aýdylýar. Eger kunlaryň ýokardaky sözi “kan tile”-“dileg et” sözlerinden diýsek, onda ol şamançylygyň mazmunyna doly laýyk gelýär. Galyberse-de, kun tebiplerinde gaty agaçdan edilen ujy çiş taýak bolup, olar şol taýak bilen erbet ruhlary kowupdyr, ýok edipdir. Bu simwoliki taýaga bolsa “uçu” diýlipdir. Gadymy türki dilde “uç” sözi ýok bolmak, gitmek, ölmek manylarynda –da gelipdir. Kunlaryň şu “uçu” sözi bilen türkleriň “uç” düýp sözüniň arasynda –da baglanyşyk bar ýaly bolup görünýär. Ýagny kunlar “uüu” diýip şol jadyly taýak bilen erbet ruhlary uçurmak manysynda aňladypdyr diýesim gelýär.
Çeşmeleriň güwä geçmegine görä, gadymy hunlaryň administratiw – jemgyýetçilik gurluşy sadadan demokratik häsiýetde bolupdyr. Olar ilki taýpa kethudasyny saýlapdyr. Bu ýagdaýa Mode- Oguz han düzgünleşdiripdir, ol köp asyrlap dowam edipdir. Soň bu kanun oguznamalarda has anyk täsirli beýan edilip görkezilipdir. Edil şeýle ýagdaýy kunlarda-da görse bolýar. Olarda maslahat grçrilip, taýpa kethudasyny saýlamak ata-baba däp bolupdyr. Häzirki wagtda-da şeýle däbe görä, obanyň aksakgaly saýlanyp, oňa hem “saýla” diýlip at berilýän ekeni. Biziň pikirimizçe, kunlaryň öz aksakgallaryny atlandyrýan “saýla” sözi bilen biziň “saýlamak” sözümiz genetik taýdan bagly ýaly bolup görünýär.
Gadymy hunlarda dört sany keramatly sanlaryň biri saýlypdyr. Çeşmeler olaryň iň bärkisi söweşde –de reňki boýunça biri-birinden parhlanýan dört dürli bedewleri münüp çykýandygy habar berilýär. Hunlar bir zada baha berende onuň dört tarapyny göz öňüne tutupdyr. Ynha , gadymy “Oguznamada” täze dünýä inen Oguz hana şeýle häsiýetlendirme berilýär: Çyraýy gök, agzy gyzyl, gözleri ala, saçy, gaşy gara. Ýa-da aýagy öküziňki ýaly, bili böriniňki ýaly, ýagyrnysy guşuňky ýaly, kükregi aýynyňky ýaly. Oguzhan her oglundan dört agtyk görýär. Bu sanyň ýörgünliligi biziň halkymyzyň arasynda häzire çenli saklanyp gelýär. Muňa näçe diýseň, mysal getirse bolardy. Ýöne sözi uzaldyp oturman, diňe Japbaklaryň dört bolsaň, pag-da!” säzüni ýatlap oňaýalyň. Edil şonuň ýaly, bu san kunlarda-da keramatly sanlaryň biri ekeni. W.Listow “Kunlaryň filosofiýasy çylşyrymly sistema bolup, ol ýaşaýşyň hem syrly düşünjeleriň içinden akyp geçýär. Bu sistema dört sany esasy prinsipe uýgunlaşdyrylypdyr” diýip ýazýar. Munuň özi kunlaryň durmuşynda –da dört sany ýörelgä gulluk edýändigini aňladýar.
Häzirlikçe biziň elimizde kunlaryň dil aýratynlyklaryna degişli düýpli maglumat ýok. Olaryň dilinden birnäçe sözleri bilýäris. Biziň pikirimizçe, şol sözleriň öz manysy hem formasy boýunça gadymy türki, şol sanda türkmen dili bilen baglanyşygy bar. Kunlar durmuşdaky başarjaňlygy, ökdeligi, ezberligi “tule” sözüniň üsti bilen aňladýar. Ýalňyşmaýan bolsak , ol gadymy “tole” , häzirki türkmen “doly” sözi bilen baglanyşyp, hemme tarapdan dokuzy düzüw manysyny berýär. Türkmeniň “Ýigit ýa doly bolsun, ýa däli” naklylyny ýatlalyň. Kun dilinde meýdan “tola” sözi bilen berilýär. Gadymy türki dilde hem meýdana “tala” diýilipdir. Bu säz öň türkmen dilinde ýörgünli ekeni. Soň ulanyşdan galan bu sözi “ Enäniň göwni balada, balanyň göwni dalada” diýen nakylda görýäris. Kunlarda nagşa, keşdä “mola” diýýärler. Ol biziň keşdä, nagyşa, dahylly “ala-mula” aňlatmamyz bilen bagly bolaýmasyn?! Zehinliligi, ukyplylygy kunlar “kurgin” säzi bilen aňladýar. Gadymy türki dilde “kur” säzi batyr başarjaň manysyny beripdir. Biziň aňlaýşymyza görä, asyl köki “kur” bolan bu säzi türkmen dilinde “gurgun” aňlatmasynda saklanypdyr. Häzir bu säz hemişe ýagdaýyň guratlygyny , düzüwligini soramak üçin ulanylýar: “Gurgunmyň?”, Kunlarda “näme?” sorag säzi “nuga?” görnüşde. Geçmişde türkmenlerde hem bu säzi “näge” görnüşde bolupdyr. Mysal üçin, Magtymgulynyň “Näge ýatyp sen” şygry. Gärşümiz ýalr, bar bolan şujagaz faktlar hem kunlar bilen türkmenleriň diliniň arasynda baglanyşygyň bardygyna köp derejede şaýatlyk edýär.
Badyhowa gürrüň etdigimiz däl. Türkmen dili dünýäniň iň gadymy dilleriniň biri. Gazaklaryň belli alym –şahyry Oljas Süleýmenow diýmişleýin “...taryhy döwre çenli ňhli türkler türkmen dilinden sähelçe parhly dilde gürläpdir”. Ol äzüniň bu pikirini töwerekleýin delillendirmägi –de başarypdyr. E.W.sewortýan, A.M.Şerbak ýaly belli dilçileriň gadymy türki diliň taryhyny dikeldýän işlerinde munuň üçin häzirki türki dilleriň arasynda türkmen dilini nusgalyk höküminde saýlap almaklary-da şunuň bilen bagly. Gelejekde türkmen diliniň hakyky taryhy döredilen diýen ýagşy umydymyz bar. Belkide şonda gadymy zamanlarda Amerika aşan kunlaryň hem dil aýratynlyklary hasaba alnar! Sebäbi alymlaryň biragyzdan tassyklaýşy ýaly, islendik halkyň bir söý bilen öz kowumdaşlaryndan alyslara düşüp galan kowçumynda şol halkyň diliniň , diňe diliniň däl, etniki - psihologik aýratynlyklarynyň gadymylygy, özboluşlylygy gowy saklanyp galýar.
Sözümiziň ahyrynda bir ýagdaýy aýratyn belläsimiz gelýär. Biz bu makalany hähilidir şowhun turuzmak , gyzyklanmak döretmek maksady bilen ýazmadyk. Arzuwsyz adam ýok. Edil şonuň ýal, biz hem indi esli wagt bäri “Gadymy türkmenler” diýen taryhy kitap ýazmagyň arzuwynda . Gadymy oguz –türkmenleriniň ýigrimi dört sany taýpa bölünendigi hemmä belli hakykat. Biz şol kitapda her taýpanyň taryhyny, etniki aýratynlyklaryna ýörite bölüm bagyşlasak diýýäris. Çeşmelerden ýigirmi üç taýpa degişli fakytlary, maglumatlary tapsa bolýar. Emma jabarka ýa- da ýabarly taýpasynyň taryhy henize çenli garaňky bolup gelýär. Indi uç tapdyran bolaýmagy-da ahmal. Geljekde gürrüňi edilen kunlaryň taryhynyň ters yzy çalynsa, onda şol jabarka ýa-da ýabarly taýpasyny taryhyny –da dikeldip bolar diýen tamamyz bar.

Ahmet BEKMYRADOW

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir