Imo chat kimiňki? Gündelik durmuşymyza giňden ornaşan IMO habarlaşma programmasy barada biz näme bilýäris? Aslynda kim çykarsa çykarsyn biz öz ýakynlarymyz bilen aňsat we mugt habarlaşsak bolýa diýesimiz hem gelýä. Ýöne şonda-da ylym tehnologiýanyň ösen döwründe bu zatlardan habarsyz galasymyz gelmez. Geliň onda azajygam bolsa IMO barada tanyşalyň. IMO programmasyny Google şereketiniň öňki işgäri Ralph Halik tarapyndan 2006-njy ýylda döredildi. IMO häzirki wagtda hususy şereket bolup Amerikanyň Kaliforniýa ştatynyň Palo Alto ýerinde ýerleşýär. IMO şereketiniň işgär sany ýa-da şereketiň ululygy barada internetde doly maglumat ýok. Ýöne şunyda bellap geçmek gerek IMO şereketi 2013-nji ýylda birinji maýa goýum turynda 13,000,000$ maýa gazanypdyr, bu diýmek hem şereketiň kiçi däldiginden habar berýär. IMO başda web merkezli programma bolup tor üstinden chat, ses we wideo hyzmatyny beripdir. Şeýle hem öň ulanyp ýörilen chat progmammalaryny işletmäne mümkünçilik beripdir (AIM, Google Talk, Jabber, ICQ, MSN, MySpace, Facebook Chat, Yahoo Messenger we Skype). IMO programmasynyň esasy funksiýalarynyň biri hem chat taryhyny (ýazyşylan sözleri) özünde saklamasydyr. Häzirki wagtda IMO programmasy ulanyjylara surat we wideo paýlaşym üçin 2GB ýer berýär. IMO-nyň web-den web-e, web-den mobile, mobil-den mobile wideo jaňlarynyň bardygyny hem ýatdan çykarmaly däldir, bu hyzmatlary amala aşyrýandygy üçin IMO webRTC serwisine (pluginsiz wideo chat) borçlydyr. IMO-nyň häzirki wagtda Android, iOS we windows gurulgy kompýuterler üçin programmasy hem bardyr. Şerekete görä mobile programmasynyň ýüklenme sany 10M+ we aýlyk 1.5M aktiw ulanyjylarynyň bardygyny habar berýär.

Çeşme: http://duralga.ru

Tehnologiýa, ulykazy tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir