Türkmenleriñ ýaşaýyş jaýlary

Oturymly ilatyň ýaşaýyş jaýlary


Türkmen ekerançylary özleriniň daş keşbi we ýaşaýyş jaýlary boýunça Merkezi Aziýa halklary bilen, ýagny özbekler we täjikler bilen köp babatda meňzeş bolupdyr. Emma muňa garamazdan türkmen ekerançylary özboluşly ýaşaýyş hojalygyny ýöredipdirler. Olar Türkmenistanyň tebigy şertleri we taryhy etnografiki aýratynlyklary boýunça üç sebite bölünipdir we ýaşaýyş jaýlarynyň görnüşleri hem-de obalarynyň häsiýeti boýunça biri-birinden tapawutlanypdyr.
Birinji sebit: Günorta we günorta gündogar Türkmenistan. Bu sebit Köpetdag jülgeleri bilen bilelikde Ahal–Etek oazislerini we Murgap oazisini öz içine alýar.
Ikinji sebit: Demigazyk we demirgazyk-gündogar Türkmenistan. Bu sebit hem debirgazyk we gündogar Türkmenistanyň ýerlerini öz içine alyp, Horezm oazisiniň türkmen sebitin we gündogar Türkmenistanyň Amydeýa kenarlary diýen iki topara bölünipdir.
Üçünji Günbatar Türkmenistan we Hazar kenarýaka öýleri. Köpetdag etekleriniň dereleriniň we Ahal hem Etek sebitiniň ilaty (alili, garadaşly, ýemreli, änewli, mehinli, nohurlar, mürçeli taýpalary) tekelerden öň hem (XVIII asyryň 80-nji ýyllaryna çenli) oturymly ýaşapdyrlar. Olar Hywa we Buhara hanlygynyň talaňçylykly çozuşlaryna ýygy-ýygydan sezewar bolypdyrlar. Şonuň üçin hem olar gorag hökmünde galalary edinmäge mejbur bolupdyrlar. Şeýle ýagdaýda öýler galalaryň içinde ýerleşipdir. Emma parahatçylyk döwri galanyň daşynda, ýöne galanyň ýakyn eteklerinde öý tutunyp ýaşapdyrlar we ekerançylyk bilen meşgullanyp, mal bakypdyrlar. Haçanda ýagy çozanda gala girip gizlenipdirler. Munuň üçin, ýagny parahat ilatyň üstüne abanýan howpy habar bermek üçin galanyň dört taraplarynda diňler bolup, onda garawullar durupdyrlar.
Ýaşaýyş jaýlary çig kerpiçden we palçykdan bolupdyr. Oazisleriň obalary uly bolupdyr. Ol obalar kä halatlarda 1000 hojalyga çenli ýetipdir we olar bir tiräniň wekilleri bolupdyr. Köpetdag etekleriniň galalary we ýaşaýyş jaýlary daşdan gurulypdyr. XVIII asyryň ahyrynda tekeler Ahal we Etek ýerlerinde ornaşyp, wagtyň geçmegi bilen olar galalary gurupdyrlar. Emma olar galalarda diňe harby wagtlary gizenipdirler. Galan wagtlarda galadan daşynda ýaşapdyrlar. Şonuň üçin hem galalaryň içinde öýler az bolupdyr. XIX asyrda teke galalarynyň özbolyşly aýratynlygy bolup, kiçiräk, diňe birnäçe maşgala niýetlenen bolupdyr. Gala dört burç bolup ortasy boş bolupdyr. Gyrasynda, ýagny diwaryň iç tarapynda bolsa öýler bolupdyr. Parahatçylyk wagtynda galanyň daşynda ýaşan döwründe, galanyň içindäki öýleri ätiýaçlyk zatlaryny saklamak üçin ulanypdyrlar. Özleri bolsa galanyň daşynda ak öý tutynyp ýaşapdyrlar.
Teke obalary köplenç gara öýlerden ybarat bolupdyr. Obanyň ululygy dürli-dürlli bolupdyr. Oazislerde 500-e çenli öýli bolsa, guýularyň başynda 10-15 öýlilerden ybarat bolupdyr. Beyle obalar bir maşgalanyň we bir tiräniň wekillerinden ybarat bolupdyr. Olar biri-birinden üzňe ýerleşipdir. Ýaz aýlary obanyň ýaşaýjylary ýazlaga gidipdirler we şol ýerde ýaşaýyş durmuşyny dowam etdiripdirler. XIX asyryň birinji ýarymynda Murgap oazisiniň ýaşaýjylary bolan saryklar we salyrlar gaty köp Hywa hanlarynyň we Eýran şalygynyň çozuşlaryna sezewar bolupdyrlar. Bu döwüre çenli Merw we Sarahs ýaly orta asyr iri şäherler harabaçylyga öwrülipdi. Ilat bolsa şol orta asyr galalary dikeldip, bejergi işlerini geçirip, olarda gizlenipdir. Murgap oazisiniň ýaşaýjylary hem edil Ahal oazisiniň ýaşaýjylary ýaly XIX asyryň ortalarynda oturymlylyga geçmek bilen olar çig kerpiçden edilen ýaşaýyş jaýlaryny gurup başlapdyrlar. Emma türkmen gara öýlerinde ýaşamaklygyny dowam etdiripdirler.
Hywa hanlygynda ýaşaýan we Amyderýanyň kenarlarynda ýaşaýan türkmenler XIX asyrda özboluşly jaýlarda ýaşapdyrlar. Bu sebitiň ýaşaýjylarynyň durmuşynda gadym döwürden bäri ekerançylyk mahsus bolupdyr. Ýer eýeçiliginiň mülk, emläk, atlyk, wakuf görnüşleri has giň ýaýrapdyr. Şonuň üçin bu ýerde hutor görnüşindäki obalar bolupdyr. Hutor – daýhan obasy ýa-da mülk ýeri, howly görnüşinde bolupdyr. Her howly ekin we beýleki hajatlar üçin niýetlenenligi sebäpli örän giň möçberdäki ýer bölegini eýeläp, bir howly beýleki howludan 100-400 m., hatda Horezmiň türkmen sebitlerinde 500 m. daşlykda ýerleşipdir.2 Her
howlyda bir neberäniň agzalary, uly maşgalalar ýa-da bir tiräniň wekilleri ýaşapdyrlar. Olar howlusynyň daşyny uly bolmadyk haýat ýa-da diwar bilen örtüp gala emele getiripdirler.
Her howly birnäçe ýaşaýyş jaýlardan we hojalyk gurluşyklaryndan ybarat bolup, olaryň ählisi bir hatara düzülen, bitewi utgaşykly üçekleri- bolupdyr. Howlynyň içinde hojalyk jaýlary bilen bir hatarda at saklanýan ýerler bolan - athana, seýishana, atýatak, düýe saklamak üçin niýetlenen ýere - düýeýatak, goýundyr sygyr saklamak üçin - malýatak, goýunýatak, agyl, mal iýmlerini saklamak üçin samanhana, hojalyk ätiýaçlyklaryny saklamak üçin bolsa ammar, üçek, melek, ury ýaly ýerler bolupdyr.
Barly hojalyklaryň howlusynda degirmende bugdaý üwemek üçin - harazhana (keş-keş), ýag almak üçin - juwazhana hem bolupdyr. Howlynyň merkezi meýdançasynda myhmanhana bolupdyr. Şeýle hem türkmeniň ak öýleri gurupdyrlar. Jaýlary eýwanly bolup, aýallaryň we erkekleriň otaglary aýratyn bolupdyr.3
Hywa çowdurlaryň we gökleňleriň mellek ýerleriniň özboluşly aýratynlygy bolupdyr. Olar özbeklere ýakyn has ösen howly-jaýlarda ýaşapdyrlar. Demirgazyk ýomutlaryň we ýemrelileriň özboluşly mellekleri bolupdyr. Olarda bir diwaryň uzynlygyna ýaşýyş jaýlary we hojalyk gurluşlary setir ýerleşipdir. Ortadaky boş meýdançada bolsa dört-bäş sany ak öýler (gara öýler) ýerleşdirilipdir.
Günorta-günbatarda gökleňlerde we etrek ýomutlarynda esasy öýleri gara öýler bolupdyr. XIX asyryň ahyrynda kerpiç we palçykdan jaýlary peýda bolup, olar ilki döwürlerde esasan hojalyk üçin ulanylypdyr. Ilatyň hojalyk hajatlary üçin çatmalar, kepbeler ulanylypdyr. Soňra birnäçe otagdan ybarat tam we tamkepbeler salynypdyr. Ol çig kerpiçden we pagsadan (bir pagsa ), palçykdan salynypdyr. Olary salmakda Ilkiler palçyk jaýlaryň penjirelerini ýokardan goýupdyrlar. Soňa-baka diwaryň ortasyndan goýup başlaýarlar. Ruslar gelmezinden öň türkmenler öýlerini ojakda ýyladypdyrlar. Gara öýüň ortasynda ot ýakyp tüssesi tüýnükden çykypdyr. Ruslar gelensoň demir peçler bolup tüssesi turbadan çykarylypdyr.
Hazar kenarýaka türkmenlerde suw joşup jaýlary weýran etmezligi üçin, sütünli, agaç jaýlarda ýaşapdyrlar. Beýle jaýlar ýerden bir metr çemesi ýokarda bolupdyr. Jaýlar bir we birnäçe otaglardan ybarat bolup, otaglaryň çar töwereginde, ýagny daş ýüzünden ýörelýän açyk ýodajyk bolupdyr. Ol häzirki döwrüň balkonyna çalymdaşdyr. Şeýle jaýlaryň aşaklarynda köplenç goýun- geçi ýaly ownuk şahly mallary saklapdyrlar we onuň daş töweregini ýapypdyrlar.
Suratdaky jaý soňky döwre degişli bolup, ol iki gatdan ybaratdyr we jaýyň aşak bölegi açyk däldir. Emma jaýyň daş töweregi açyk eýwanlar bilen örtülendir.
Türkmenlerde ―Ak maýa çökmese, ganmaz..‖ diýilişi ýaly suw meselesi kyn bolupdyr. Agyz suwuny bütin ýylyň dowamy boýunça ýygnamaklygyň dürli ugurlaryny oýlap tapypdyrlar. Derýalaryň boýy ýa-da oazisler bolaýmasa emeli ýagdaýda suw saklapdyrlar. Munuň üçin olar ýaşaýan jaýlarynyň ýokarsynda çar töweregine ternaw edip, şol ternawdan akýan ýagyn suwynyň bolsa, guýýan ýerine gabatlap guýy edinipdirler. Şol ternawdan akan ýagyn suwy bütin ýylyň dowamynda ulanypdyrlar.


Handurdy GURBANOW
Aýna GURBANGULYÝEWA

Bilim, Jeksparro tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir