Güýçli ýer titreme şäheri sanlyja salymyň içinde ýer bilen ýegsan edipdi. Sähelçe salymyň içinde müňlerçe adamyň arzuwlary wysala ýetmän, kesegiň astynda galypdy.

Şol wagt bir kaka hem oglunyň mekdebine tarap ylgap barýardy. Mekdep haraba bolup ýatyrdy. Ene-atalar gygyryşyp, ýykylan diwarlaryň arasyndan çagalaryny gözleýärdiler. Başga biri bolan bolsa, ejizläp, şol bada dyzyny ýere bererdi. Emma ol kaka, harabalygy synladygyça, ruhuna ruh goşulypdy.

Ol oglunyň synpynyň ýerleşýän ýerine bardy-da kesegi gazyp ugrady. Bu harabanyň astynda diri adam galandyr öýder ýaly däldi. Ol häzir hiç zada üns berenokdy. Diňe ogluna: “ Şu agşam hökman gelip, mekdepden alyp giderin!” diýip, söz berenini bilýärdi. Sözünde-de hökman durmalydy.

Gazyşlyk dowam edýärka, umydyny ýitirenler: - Gija galdyk. Hemmesi bir eýýäm jan berendir- diýişýärdiler. Haraba girmegi bes edenler-de bardy. Töwerek çolarypdy.

Ýangyn söndürijileriň başlygy ony gyra çekip: - Bu ýer howply. Bar öýüňe gaýt- diýdi. Ýöne ol öýüne gaýtmady.

Çünki ol ogluna söz beripdi. “Hökman gelerin!” diýip söz beripdi. Ol ýykylan diwarlaryň astyny gazmagyna yhlas bilen dowam etdi. Birdenkä bir daşy galdyranynda oglunyň sesini eşitdi.

-Oglum! - Kaka! Kaka, jan. Men seniň geljegiňi bilýärdim. Çünki sen maňa “Hökman gelip alyp giderin.”- diýip söz beripdiň. -Geldim, oglum, geldim!

Sorag-jogap, Perhat Sabirovv tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir