Gadymy Gresiýada adama gerekli bolan ylym-bilime «matema» diýipdirler. Erkin-azat (gul däl) adamlaryň başarmaly matemalary ýedi sany bolup, olar: arifmetika, geometriýa, grammatika, ritorika (suhangöýlük), saz, gimnastika we astronomiýadyr. Soňraky döwürde häzirki manysyndaky «matematika» adalgasy ýüze çykypdyr. Ol grekçe ylym, sungat (usul) diýmekdir. Öňki «matema» degişli bolan arifmetikadan we geometriýadan başgasy onuň düzüminden çykypdyr. Oňa matematikanyň täze şahalary — sanlar nazaryýeti, kombinatorika, algebra, matematiki analiz we başgalar girizilendir. Şunlukda, matematika ylym hökmünde Gadymy Gresiýada miladydan öňki birinji müňýyllygyň ortalarynda ýüze çykyp ugrapdyr we XVII asyra çenli başlangyç matematika hökmünde ösdürilipdir.

Umuman, ylym tebigatyň, jemgyýetiň we akyl ýetirmegiň kada-kanunlaryny öwrenýär. Ylym özüniň tassyklamalaryna esaslandyrmalar we subutlar berýär. Matematika hem ylmyň bir pudagy bolmak bilen, ol obýektiw dünýäniň hadysalarynyň mukdar gatnaşyklaryny we giňişlik formalaryny öwrenýär. Munuň üçin ol özüne mahsus bolan düşünjeleri we subut etme usullaryny döretmeli bolýar. Ol düşünjeleriň esasylary «san we «şekildir». Şunlukda, alymlar mukdarlaryň üstünde däl-de, olara degişli sanlaryň üstünde amallar geçirmek bilen täze-täze maglumatlary aldylar. Alymlar zatlaryň hiline däl-de, onuň daşky görnüşine, ýagny şekile üns berýärler we olary öwrenmek bilen, birnäçe amaly meseleleri çözýärler. Meselem, zatlaryň şekili boýunça onuň göwrümi we üstleri olaryň käbir elementleriniň ölçegleri arkaly tapylýar. Şunlukda, bilermenler özüniň öwrenýän obýektleriniň hiline garamazdan, diňe olaryň mukdar we şekil taraplaryny öwrenýärler.

Adamzat jemgyýetinde sanamak we hasaplamak işleriniň has ösmegi netijesinde, adamlar hasaplaýyş ulgamlaryny we hasaplaýyş tehnikasyny döredipdirler. Ilki-ilkiler barmaklaryndan peýdalanyp hasaplapdyrlar. Soň-soňlar çotlardan (ýapon, hytaý we rus çotlary) peýdalanypdyrlar. Numerasiýa döränden soň, ýazuw üsti bilen hasaplamak ýüze çykypdyr.

Ilkinji geometrik düşünjeler hem adamlaryň zatlary ýasamak işi bilen baglanyşykly ýüze çykýar. Töwerek, tegelek, üçburçluk, köpburçluk, kesim, nokat ýaly şekiller durmuşda şekil we nagyş çekmekde köp ulanylypdyr. Kub, prizma, piramida, silindr, konus, sfera, şar ýaly giňişlik şekilleri hem zatlary ýasamak arkaly ýüze çykypdyr. Kem-kemden olar abstrakt geometrik düşünjelere öwrülipdir we olara degişli anyk meseleler çözülipdir.

Matematika ylmynyň beýleki ylymlardan tapawutly aýratynlyklary bar. Olaryň ilkinjisi matematikanyň abstraktlygydyr. «San» we «şekil» abstrakt düşünjelerdir. Ikinjisi bolsa onuň formal logikanyň esasynda gurulmagydyr, kesgitleme berilmeýän düşünjelere logiki kesgitleme bermelidir.

Çeşme: “Mugallymlar gazeti”, 8.12.2020

Bilim, bank tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir