Kataryň «Al-Duhaýl» futbol kluby «Ýuwentusyň» we KHDR-nyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Han Kwan Sony transfer etdi. Bu barada «Futbol 24» habar berýär. 21 ýaşly futbolçy Italiýada 2017-nji ýyldan bäri çykyş edýärdi. Ol Seria A-da futbol oýnan ilkinji KHDR-ly futbolçydyr.

«Barselonanyň» akademiýasynda ýetişen futbolçy Italiýanyň «Kalýari», «Peruju» toparlarynda hem çykyş etdi.

Han Kwan Son milli ýygyndy bilen 10 duşuşyga gatnaşdy. Onuň KHDR-nyň milli ýygyndysynyň Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynda Aşgabatda geçirilen duşuşyga hem gatnaşandygyny habar berýäris. Şol duşuşyk 3:1 hasabynda türkmen futbolçylarynyň ýeňşi bilen tamamlanypdy.

Sport, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir