Türkmenistanly karateçiler Türkiýede geçirilen Bosfor kubogynda 14 medal gazandylar
Türkiýede karate boýunça däbe öwrülen halkara ýaryş ― Bosfor kubogy tamamlandy. Onda türkmen türgenleri dürli agram we ýaş derejeleri boýunça medallaryň 14-sine mynasyp boldular.

Türkmen karateçileriniň altyn medallaryny Wadim Rudskiý (kata, 8 ýaşa çenli), Yhlas Annagurbanow (kata, 10 ýaşa çenli), Röwşen Staýew (kumite, 35 kilograma çenli) we Ogulgerek Kiçenowa (kumite, 53 kilograma çenli) dagylar gazandy. Şeýle hem türgenlerimiz kümüş medallaryň ikisine, bürünç medallaryň sekizisine mynasyp boldular.

Şeýlelikde, toparlaýyn hasap boýunça biziň türgenlerimiz Türkiýäniň we Azerbaýjanyň ýygyndysyndan soňra üçünji orny eýeledi. Türkmen karateçileriniň ýeten bu sepgidiniň niçik beýikdigine göz ýetirmek üçin bolsa Bosfor kubogyna 26 döwletden 840 erkek, 578 zenan türgeniň gatnaşandygyny aýtmak ýeterlikdir.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir