Giň howlyny dolduryp duran bu rejeli baglyk ýaşyl ýüpek lybasa beslenip, baharyň salkynjak öwüsginine birgeňsi ülpüldäp, gözüňi guwandyrýardy. Guşluk ýerine galan Günüň altyn şöhlesi üzümleriň hurmalarynda, çybyklaryň näzijek öserlerinde, täp-tämizje ýapraklaryň gyraňynda ýyldyrap oýun edýärdi. Egni ýektaýly, başy ýapaçly adamlaryň bagyň arasyndaky ýodalardan iki ýana gezim edişine baksaň, bu ýeriň keselhanadygyna düşünmek kyn däldi. Bir-birini görmeýän ýaly bolup, hersi öz başyna gezmeleýän bu närseleriň käbiriniň öz-özi bilen gürleşip barşyny, käsiniň hyýalyna gelen bir zada kibtini gysyp gülümsireýşini, ýene biriniň nämedir bir zatdan utanyp ýüzüni sypjykladyşyny görseň, bu ýeriň ýönekeý keselhana bolman, dälihanadygyna göz ýetirýärsiň.

Ine, şol dälileriň biri – ýagyrnysy hökgi, hortaň goja – ýapyk derwezäniň iç ýüzündäki giňişlikde duran gökje furgonyň ýanyna gorka-gorka ýakynlaşyp geldi welin, furgona goşulgy tokgaja tüýlek dor tulparça oňa salam berýän şekilde başyny silkeledi.

Furgonyň nowasyna tirsegini goýan gyýk goýun gözli, kellesi bagana telpekli dikgi adam endigine görä dodaklaryny pökgerdip, agzyndan pyrk-pyrk ýel goýberip, däliniň gorkudan ýaňa gamyş kimin galdyraýşyna gyzyklanma bilen garaýardy. Dälini siňňin synlaýan adam «Birleşik» kolhozynyň kassiri Atahan kazydy.

Tentek goja bagyň aňyrsyndan agaryp görünýän keselhana jaýlaryna bakan howatyrly ýaltaklap, ýukajyk goňras ham bilen örtülen tegelek süňklek ýüzüni egşidip, Atahana ýüzlendi:

– Siz kimiň meýidini äkitmäge geldiňiz?

– Biz meýit äkitmäge gelemzok – diýip, Atahan aga pert jogap berdi. – Biz ýüpek gurçugy üçin tut kesmäge geldik. Hanha, aýallaryň tuda çykyp, çybyk kesip ýörenini özüň göreňokmy?

Däli tut agaçlaryň üstünde, ýaşyl ýapraklaryň arasynda gyzaryşyp göze ilýän zenanlary hem-de kesilýän çybyklaryň şapyrdap, aşak syrylyp, yzly-yzyna ýere düşüşini, hamala, diňe şu mahal, özüne aýdylandan soň gören ýaly, şol ýana agzyny öweltdi. Brigadanyň ýetginjek furgon sürüjisi Geldi bolsa, bir desse çybygyň astynda ýegşerilip geldi-de, ony furgonyň nowasyna basdy. Ýöne, oglan, ýaňky telbäniň duşundan geçende, bir kelteje çybyjagy atanlykda ýere gaçyrdy. Tentek şolçybygy emaýlyk bilen ýerden göterdi-de, çaga ýaly edip, bagryna basdy. Şonda onuň ýygyrt-ýygyrt süňklek ýüzünde hem-de naýynjar delminýän gözlerinde jan agyrysy göründi. Ol gujagyndaky çybyjagyň näzijek öserine sandyraýan dodagyny degrip, nämedir bir zat hümürdedi. Aýdan sözleri düşnükli bolmasa-da, şu pursatda ol eziz perzendine hamraklyk edýän mähriban ynsana meňzedi. Geldi onuň bolşuna pyňkyryp goýberdi. Emma Atahan kazy gülmän, gaýtam Geldä alarylyp bakdy.

Jynly goja bolsa ýumşak gumly peliň gyrasyna baryp, ýaňky gökje çybygyny öl ýere sançdy-da, onuň öňünde çöke düşdi. Ýagyrnysyny tüňňerdip oturyşyna alnyndaky çybyjak bilen ýalbarýan äheňde gürleşip başlady:

– Aglama, balam! Sen gözüňe ýaş aýlasaň, meniňem bokurdagym dolýar. Seniň halyňa gynanyp, ýüregim para-para bolýar! Wah-h! Men garrap ejizläpdirin, saňa hossarlyk edip bilemok…

Atahan kazy telbäniň bolşuna geň galyp, ondan:

– Siz kim bilen gürleşýärsiňiz? – diýip sorady.

– Ýetim gyzjagaz bilen. Öz hakykatym bilen. Özümiň dünýä inderen hakykatym bilen. Görýäňizmi, onuň köýnejigi sal-sal. Horja bedeni görnüp dur. Aýaklary ýalaňaç, saçy buýr-bulaşyk. Egşän ýüzünden boýur-boýur gözýaşy syrygýar. Peläketler ony urup-ýenjip horlapdyr. Serediň, pahyrjyk gorkudan ýaňa galpyldap dur. Wah-wah, görgüli çagajyk!..

Kolhozyň ýaşuly kassiri bu samahyllamadan hiç bir many çykaryp bilmän, agzyny pökgerdip, başyny ýaýkady. Bir gujak ýaprak göteren gelen Mamagözel bolsa:

– Ah-eý, bu işigaýdanyň bagty ýatypdyr-la! – diýip hüňürdedi.

Tentek goja töweregine üns bermän, öz gürrüňine gümrady:

– Eý, meniň kalbymdan pyntyk ýaran, ruhumdan önen, wyždanymdan dörän eziz perzendim! Sen aglamagyn! Sen gyýylmagyn! Ynha, bir gün geler, şonda sen çynar boýly, hoşsurat jenen bolup ýetişersiň. Seniň ýüzüň nury, şypa beriji şuglasy ýer ýüzüne ýaýylyp, çöken göwünleri çoýar, weýran kalplary söýgetlär. Ynha, bir gün geler, sen şonda bütin adamzadyň göz guwanjyna öwrülersiň! Seniň mukaddes demiň, hezreti Isa pygamberiň mübärek demi ýaly, hassalary sagaldar, ölüleri dirilder. Owal doňup-galan çeşme-çaýlar seniň jan beriji demiňden eräp, şarlaşyp akar. Gurap galan baglaryň ornunda täze baglar boý alar. Owal lal bolan bilbiller täzeden dil açyp, nagma kakar… Ine, onsoň… Gürrüldili el çarpyşmalar. Yzy üzülmeýän dowamly el çarpyşmalar. «Ura!» sesleri. Hemmeler ör aýaga galýar…

Öz aýdan joşgunly sözlerinden ýüregi gopan goja, demi tutulan ýaly, hopugyp zöwwe galdy. Onuň hortaň ýüzi birhili ýigdelip ylhamlandy.

Atahan kazy däliniň bulam-bujar samramasyna nähili düşünjegini bilmän, her hili pikir edip, kelle döwüp durdy. «Bir görseň-ä dürdäne, bir görseňem çöpe-çalama urup gidiberýär…»

Onýança däli goja çybyjagyny ýerden sogrup, ony ýektaýynyň goltugynda gizledi-de, ýene ilki başdakysy ýaly, gussaly görnüşde eginlerini sallap süllerdi.

Atahan kazy ondan:

– Siz kim bolarsyňyz? – diýip sorady.

– Muhammet Muhammedow. «Gaýry Muhammet» diýseňiz, has dogry bolar. «Gaýry» sözüniň sizi geň galdyrmagy mümkin. Emma bu ýerde geň galar ýaly zat ýok. – Däli kelleçanagyny dolduryp duran garym-gatym pikirleri tertibe saljak bolýan ýaly, elini maňlaýyna eltip, barmaklaryny hamynyň ýygyrtlarynyň üstünden tyrpdyryp-tyrpdyryp goýberdi. Şeýtdigisaýyn onuň bulançak aňy durlanýan şekillidi. – Ilkidurmuş adamlary toplum bolup awa barýarka, olaryň birisi «Men öz başyma aw awlajak» diýip, köpçülikden saýlansa, şol ýeke çykany ugrubir «gaýry» hasaplardylar. Kimde-kim gürrüldili el çarpyşmalara goşulmasa, olam «gaýry» adyny alandyr. «Dinden çyksaň çyk, ilden çykma» diýlendir.

– Siz neneň «gaýry» bolduňyz?

– Men el çarpmadan saklandym. Üstesine, el çarpýanlara dilimem ýetirdim. Men Käbäni ýykan, ynsanlaryň kalbyny weýran eden, ähli mukaddes zatlaryň ganym duşmany bolan Hajjaja – Hajygoç Aýtgulyýewe garşy çykdym.

– Ol kim?

Däli gorky bilen töweregine ýaltaklap, sesini peseldip pyşyrdady:

– Sülçi. Meni şu ýere iberen sülçi.

– Ol sizi zorluk bilen dälihana dykan-a däldir?! Belkem, siziň keseliňizem ýokdur?!

– Goýaweriň! Aýdýanyňyz näme?! – diýip, «gaýry» Muhammet ör-gökden geldi. – Men zyr däli! Zynjyrlamaly telbe! Iki çignine agyz urup duran jynly! Onsoň şu ýere meni salman, dagy kimi saljak? Bu taýy dälihana däl-de, hakyky erem bagy ahyryn! Bu bagda gyzyl güller açylyp, sary bilbiller saýraýar. Daňdanyň ümüş-tamşynda ak ganat perişdeler agaçlaryň arasynda pel-pelläp uçýar. Ölüleriň ruhlary toplum-toplum bolup, gezim etmäge gelýär. Magadanda açlyk-horlukdan ölen şehitleriň jany hem mydam şu ýerde. Elleşip görüşseň, aýalary buz ýaly. Iniň tikenekläp gidýär. Çünki Magadanyň buzy öliniň elindenem sowuk. Eger men sag bolsam, meni hem şol ýerik ibererdiler. Meniň hergiz-hergiz sag bolasym gelenok. Buz daglarynyň arasynda akja aýylar bilen gar zyňyzşmaga meniň höwesim ýok! Maňa şu ýeri bolsa besdir! Kämahal bu taýy şeýle bir hezillik bolýar welin, oh-hoh-how! Ýogsa-da siz arwah-jynlaryň toýunda oturyp görüpmidiňiz? Wah, onda siz dünýäde hiç zat görmänsiňiz! Hiç zat! Ömründe bir gezek däliräp görmedik adamyň asla ýalançyda ýaşadygam däldir. Bah-bah! Şol taýda şeýle bir keýp çekilýär, hut şampan şerabynyň köpürjigi asmandaky ak bulutlara paşyrdap direýär! Beýik mertebeli Iblisiň, aly jenap Şeýtanlagynyň özi hormatly orunda gadyrly myhman bolup oturýar. Bir mahallar onuň endamyny örten çöpürden itiň ysy ýaly goňursy ys gelerdi. Häzirki zamanda öňki göreniň ýaly kirremajyny akdyryp ýören şeýtanyň ýog-a! Örän medeniýetli hem mylaýym mahlukata öwrülipdir. Keýpi tutan çagy şeýle bir manyly gürrüňlere başlaýar welin, müň ýyl ýaşasaňam hiç ýadyňa düşjek zatlar däl. Hut agzyňy açyp aňkaryp galýarsyň! Eger isleseňiz, men size onuň bir hekaýasyny gürrüň bereýin. Öz dilinden eşitdim. Aýdaýynmy?

Atahan kazy çalaja ýylgyryp:

– Aýtsaňyz aýdyň – diýdi.

Telbe ýaşuly ýanaşyk duran garawul jaýynyň basgançagynyň üstünde syrtyny goýup, jaýlaşykly oturdy-da, şeýtandan eşiden hekaýasyny gürrüň berip başlady:

– Gadym zamanda. Beni Ysraýyllaryň Kengan şäherinde, şa köşgüniň alnyndaky giň meýdanda, gazaply gykylyklap öňe omzaýan mähelläniň derdinden almany göge atsaň ýere düşjek däldi. Daýanykly esgerleriň el-ele berip düzen hatary bu joşgun deňziň dyzgynyny zordan saklap bilýärdi. Hol öňde, belent ýerde, hormatly sudlar wajyp işe başlajak bolup otyrdy. Bärräkde, pesräkde, garalawçy bilen aklawçy görünýärdi.

Güýçli saklawlar göreldeli sud etmek üçin getirilen, alty aýlap derňew astynda saklanan, horugyp ebti agan, tüýleri bulaşan çal möjegiň daşyny gallap durdy. Häzir şu dyzmaç mähellä ygtyýar berseň, möjegi sähel salymda tar-mar edip taşlajakdy. Sebäbi möjek iň agyr jenaýatda – adam iýmekde aýyplanýardy. Beni Ysraýyllaryň beýik pygamberleri hezreti Ybraýym Halyl öz oglunyň ornuna asmandan inen gara goçy gurbanlyk edeli bäri, adam ganyny dökmek dünýäde iň gabahat günä hasaplanýardy. Ynsan ganynyň möjek tarapyndan dökülmegi bolsa müň keren gabahatdy…

On sany saýyrdyň ýigit saç-sakgaly gunda ýaly agaran, ölüm hesretinden bili bükülen ejiz kör gojany köşgüň derwezesinden idekläp-goltuklap çykaranda, märekäniň üstüne suw sepilen ýaly boldy. Bu bagtygara goja päliýaman möjegiň iýen oglany Ýusubyň atasy Ýakupdy. Söýgüli perzendiniň yzynda aglap-aglap batyl bolan Ýakubyň naýynjar halyny gören mähelle haşlap, egni bilen dem aldy. Köpçüligiň içinde horkuldap aglaýanlaram bardy.

Ysgynsyz gojany emaýlyk bilen ýumşak kürsüde oturdansoňlar, sud mejlisi başlandy. Ýurduň Baş kazysy Mizan el-Adyl günäkäri ýerinden turuzdy.

– Adyňyz? Ataňyzyň ady? Dünýä inen ýeriňiz? Doglan ýylyňyz? Maşgala ýagdaýyňyz? Gün-güzeranyňyz?

Çygly kamerada ýatyp, gatyja sowuklan möjek bokurdagyny hürledip, «öhhe-öhhe» üsgürindi-de, gyryk ses bilen jogap berdi:

– Gara gurduň gyzy. Çal böriniň aýaly Möjekgözel. Toklubatanyň ýeňse ýanynda, ojarly oýda, çabgalyk-çapgynlyk ýylda doguldym. Adamym pahyry, bendäniň ýatan ýeri ýagty bolsun, öten gyş çopanlar atyp öldürdi. Üç sany çülpeje ýetim saklaýan. Güzeran diýer ýaly güzeran ýokdur.

– Öň sud jogapkärçiligine çekilipmidiňiz?

– Ýog-eý! Hudaýlarym saklasyn!

– Tersçilleriň, zyýankeşleriň, ýurt ýykan dönükleriň, halk duşmanlarynyň betnam toparlaryna giripmidiňiz?

– Daş edewersin!

– Size görlüp-eşidilmedik agyr günä ýöňkelýär. Siz şony boýnuňyza alýaňyzmy?

Möjek ör-gökden geldi, süýri tumşugyny bulaýlap, saňňy dişlerini syrtardyp, özelenipler gepledi:

– Graždan sudlar! Hezreti Mizan el-Adyl! Adalatyň hem hakykatyň hatyrasyna siz şo gürrüňe ynanmaň! Enwalla, ynanmaň! Haktagaladan ant içýän! Üç sanyjak göz monjugy ýalyjak balajyklarymdan kasam edýän! Möjegem, heý, adamzada batyrynyp bilermi?! Ynsan eti biziň üçin haramdyr! Biz janly-jandarlaryň iki aýakly patyşasyna elmydama baş egip, sarpa goýup gelýäris! Il-halkyň hormatlaýan gojasy hezreti Ýakubyň eziz perzendi Ýusup janyň mukaddes tenlerine dişimi uran bolsam, ylahym, otuz ikimden bolaýyn! Goşa bäbenegim şu wagtyň özünde patlap ýere geçsyn! Ýüregimden önen balajyklarym: Naşyjamyň, Çaşyjamyň, Moşujamyň tapba jany çyksyn!..

Möjek gapdal ýanynda müzzerip oturan çagajyklaryna delminip bakdy-da, hork-hork aglamaga başlady. Eginlerini silkip, içini çekip sojaýşyny görseň, onuň ýüregi gyýlyp aglaýandygyna ynanmaz ýaly däldi. Onuň bolşuna çagajyklary hem bozulyp, güjüjegiň penjesi ýaly penjeleri bilen gözlerini owkalap jyňkyryşyp otyrdylar.

– Hormatly sudlar! – diýdi-de, döwlet garalawçysy gahar-gazap bilen ýerinden galdy. – Men bu bolşa aýgytly protest bildirýärin! Günäkär jögülik edip, jogapkärçilikden sypjak bolýar! Biz onuň şermendeligine garaman, jedelsiz subutnamalary derňemelidiris! Ine, jebir çeken bigünä neressäniň – Ýusup ben Ýakubyň ganly köýnegi! Siziň pikiriňizçe, bu köýnek nireden tapyldy? Elbetde, möjegiň süreniniň agzyndan tapyldy! Şunuň ýaly subutnama barka… Ine, görüň! Goý, ähli halaýyk görsün!..

Garalawçy daraw-daraw ýyrtylan ganly köýnegi belentde galgadyp, köpçülige görkezdi welin, turdy bir goh-galmagal! Ýumrugyny bulaýlaýan, orlaşyp dyzaýan jemagat esgerleriň hataryny böwsüp, günäkär bilen birlikde sudlaryň özüni hem depeläp geçerli göründi.

– Adamhor ýyrtyja ölüm!..

– Gan içen ganymy diri gömmeli!..

– Asmaly!..

– Ýakmaly!..

– Boýnundan daş asyp, derýa gark etmeli!..

– Çagalarynam gyrmaly!.. Tohumyny tüketmeli!..

– Ýok bolsun halk duşmany!..

Garalawçy özüniň halky öjükdirip bilenligine guwanyp, içini güldürdi. «Syýasatyň ussady sähraýy halky ýeserlik bilen öz islän ugruna yňdyrýar-da, onuň gerşine gaýym hopba bolagadan, tutan maksadyna tarap gamçylap sürýär! Eýsem, öjügen halkyň öňünde durup biljek güýç barmy?!»

Baş kazy Mizan el-Adyl milleti köşeşdirmek üçin köp wagtlap ellerini daldalamaly boldy. Onsoň şaýatlardan sorag etmäge geçildi. Hallas bilen Üflas atly iki ykmanda suduň öňünde ant-kasam içip, şeýle bir görkezme berdi:

– Biz bidýan çöllerde aç-suwsuz azaşyp ýörkäk, şu möjegiň Ýusup biçäräni bagyrdyp alyp barýanyny gözümiz bilen gördük. Neresse oglanyň mübärek endamy persala edilipdi. Ýaralaryndan gan akýardy. Biz möjekden: «Sen bu balany nirä alyp barýarsyň?» diýip soramyzda, ol: «Balalaryma iýdirmek üçin alyp barýaryn» diýip jogap berdi. Bu perişan halata biziň ýüregimiz para-para bolup gyýyldy…

– Töhmet! Myjabat! – diýip, möjek janhowul ýaly bolup, tapur-tupur ýerinden galdy. – Bulara ynanmaň! Birisi Hallas, beýlekisi Üflas! Gören ýerde ýatyp-turup ýören öýsüz-öwzarsyz ykmandalar! Dilegçi gedaýlar! Ygtybarsyz süplükler!..

Baş kazy ara düşüp:

– Oturyň! Size söz berlenok! – diýende, gödeksi saklawlar möjegi gerdeninden basyp oturtdylar. Onsoň Baş kazy şaýatlara sorag bilen ýüzlendi: – Hany, aýdyň, huda bendeleri, siziň möjekden göwnüňiziň galan ýeri bolupmydy? Oňa töhmet atar ýaly, öýkäňiz, kitüwiňiz barmydy?

– Ýok, merhemetli kazy! Hiç wagt hiç haçan biziň möjekden göwnümiz galmandy. Oňa töhmet atar ýaly, öýkämiz, kinämiz, kitüwimiz bolmandy.

– Ýeri, muňa näme diýersiň? – diýip, Baş kazy möjege igençli garady. – Bular size näme üçin töhmet atsynlar? Nä sebäbe? Hallas bilen Üflasyň aýdanlaryna ynanmazlyga bizde hiç hili delil ýok. Kanuny esas ýok! Ganly köýnegem üstesine! Ine, görýäňizmi?

Mizan el-Adyl «Hakykat şeýle-dä! Etjek alajyň barmy?» diýen manyda ýüzüni dypbardyp, ellerini gerdi. Jemagat ony goldap, wagyrdy turuzdy.

– Dürs aýdýaň!

– Sypdyrma!

– Jezasyny çeksin!..

Sud başlanaly bäri dymyp oturan aklawçy gobsunjyrap söz sorady hem şaýatlara «içi güjükli» sorag berdi:

– Siz jebir çeken Ýusubyň agalaryndan maddy kömek alypsyňyz diýen gürrüň bar. Şol dogrumy? Eger dogry bolsa, onda siz şol kömegi näme üçin aldyňyz?

Hallas bu sowala aljyrap, özüni ýitirdi, bir hili bulam-bujar gürrüňe başlady, emma Üflas onuň sözüni agzyndan kakyp aldy-da, gaty düzüwli hem ynamly jogap berdi:

– Hormatly aklawçy! Hallas ikimiz bir Haktagalanyň penasynda gezip ýören mysapyr gallaç. Hudaýym biziň rysgymyzy milletiň üstüne saçypdyr. Bizem oba-oba, syňsyraklaşyp, şol rysgymyzy çöpläp ýörendiris. Kömek diýip berselerem, hudaýýoly diýip berselerem, baş pitre diýip berselerem, asla ýüz dönderemzok. Siz bir zady pikir edip görüň: eger mysapyrlaryň hemmejesi bir çukura tüýkürip, ähli sadakadan ýüz dönderse, dine uýýanlar neneňsi betbagtçylyga uçrardy?! Millet sadaka berip, günäsini ýuwmakdan mahrum bolardy. Ynsan ähli pislige, nejislige batyp galardy. Älemi garaňkylyk basardy. Biz mysapyrlar halkyň halasgäridiris. Bize betgüman bolmak külli günädir!..

– Bu ýerde bize-de betgümanlyk edilýär! – diýip, jebir çekeniň on sany enebaşga dogany on ýerden gygyryp başlady. – Aklawçynyň nämä kakdyrjak bolýany düşnükli. Ol bize şu şaýatlary satyn alypsyňyz diýjek bolýar! Eger öz dogany öldürilen bolsa, beýle zat diýmäge dili aýlanmazdy. «Ody ilki özüňe bas, soň – kesekä» diýipdirler. Hawwa!..

Mähelle on dogany goldap, aklawçynyň üstüne nälet baryny ýagdyrdy. O pahyr sorag berenine ahmyr edip, egnini gysyp otyrdy. Onuň başga alajy hem ýokdy. Toplanan subutnamalar möjegiň günäsini doly tassyk edýärdi. Şu ýagdaýda ony ölüm jezasyndan halas etmek mümkin däldi. Munuň ýaly işler hemişe döwlet garalawçysynyň abraýyny artdyrýar. Gör ahyryn, onuň gabarylaýşyny! Hamala, milleti jenaýatçylardan goraýan gahrymanmyş-da! Käşgäm, il saňa näbelet bolsa!..

Garalawçy, göreşde ýeňen pälwan ýaly, döşüni gaýşardyp, möjegiň üstüne süründi:

– Men size halkyň öňünde günäňizi doly boýun alyp, ak ýürekden puşeýman etmegiňizi maslahat berýärin. Siziň ýagdaýyňyzda şundan amatly çykalga ýokdur. Maňa gulak assaňyz, men siz üçin masgaralaýjy asyp öldürmek jezasyny soraman, ondan has ýeňil bolan atyp öldürmek jezasyny sorardym. Ýagşyja oýlanyň! Çagajyklaryňyzyň ykbaly barada pikir ediň! Mundan beter halkyň gaharyny getirmäň!.. Halk gazabyna tutsa, seniň özüňem, çülpeje çagalaryňam sil süpüren ýaly edip alyp gider…

Bu gepden ýel alan halk hakykatdanam, gazaba münüp, böwsüp çykara ugur gözleýän ýaly, tolgunyp, hyň urup durdy. Mähelläniň içinden «Saňsara bir daş» diýen haýbatly sesler eşidilende, rejäniň oňly däldigi hasam aýan boldy. Millet eýýäm şäher meýdanyna düşelen sürçek daşlary goparyp başlapdy. Ýurduň howpsuzlyk edarasynyň başlygy örän gorkuly ýagdaýyň dörändigini aňyp, köşgüň gapdalynda öňden taýyn edilip goýlan atly goşuny çagyrmaga mejbur boldy. Sud öýläne çenli arakesme yglan etdi.

Arakesme wagty aklawçy Baş kazydan rugsat alyp, günäkär bilen ikiçäk gürleşmegi müwessa bildi.

– Men siziň Ýusuby iýmändigiňize sap ýürekden ynanýanam welin, emma muny suduň öňünde subut etmäge biziň mümkinçiligimiz ýok – diýip, aklawçy möjege ýagdaýy düşündirip başlady.

Möjekden janyndan syzdyryp, tumşugyny uzadyp-uzadyp özelendi:

– Allatagala adamzada akyl beripdir, paýhas beripdir, aň-düşünje beripdir. Şeýlekä, näme üçin göz-görtele hakykatyň üstüni açyp bolanok?

– Sebäbi adamzat hakykaty gözlänok-da! Ol hiç wagtam ony gözlemändi! Adamzat özüniň hötjetlik bilen belende göterýän ynançlaryny akyl-paýhasyndanam has ýokary goýýar. Ol özüniň ynançlaryny iň belent hakykat diýip mukaddesleşdirýär, kanunlaşdyrýar. Şoňa, şol peläkete sežde edip, öz toslap tapan zadynyň guluna öwrülýär… Aý, siz bu zatlara düşünjegem bolmaň. Muňa adamzadyň özem düşünip baranok.

– Onda näme etmeli?

– Meniň pikirimçe, siz, dogrudanam, günäňizi boýun almaly.

– Wahh… – edip, möjek içinden urlan ýaly buruljyrap, ýüzüni egşitdi. – Siz beý diýersiňiz öýtmändim!.. dünýäde ýeke-ýalňyz ýapyşalgam sizdiňiz. Indi sizem meni ölüme itekleýäňizmi?!..

– Gep neresse çagajyklar hakda barýar, düşüniň! Siz çagalaryňyzy gowy görýänsiňiz ahyryn?!

– Wah, ýüregimden önen balalarymy, heýem, gowy görmenmi?! Naşyjam, Çaşyjam, Moşujam diýip söýerdim! Men olar üçin ölmäg-e taýyn-a! Olaryň ykbaly niçiksi borka? Eý, Hudaýym!..

Perzent gaýgysy ýüregini paralaýan möjek gaty naçarlap aglap başlady.

– Çagajyklaryňyzy halas etmek üçin, siz hemme günäni öz üstüňize almaly bolarsyňyz. «Ýusuby meniň ýeke özüm iýdim, çagalarym dadybam görmedi» diýersiňiz.

– Dogrudanam, şeý diýsem, balajyklarym halas bormuka? – diýip, möjek täze bir maksada uýýan ýaly, gözüniň ýaşyny süpürip, aglamasyny goýdy. – Şu çagalary gorajak bolup, atalary pahyr awçylaryň güllesinden ölmedimi? Gerek bolsa, men näme üçin janymy gurban etmeli dälmişim?! Meniň janym atalarynyň janyndan süýji däldir ahyryn?! Ölenimden soň o dünýäde men onuň bilen duşuşaryn. «Menem seniň ýaly, çagalarymyz üçin janymy pida edip gaýtdym» diýerin. Dilim gysga bolmaz…

Häzir möjegiň kalbynda belent duýgularyň joşguny möwç urýardy. Gözleri şöhlelenip, wagşyýana sypaty ylhamlanyp, gyryljak sesinde dabaraly äheň aç-açan duýlup durdy:

– Eýsem, öz perzentleriň üçin jan bermek ýaly asylly hem sogap iş bolarmy?! Munuň özi ulug gerçeklere mynasyp gahrymançylykdyr! Goý, adamzat hakykaty bilmän galsyn! Goý, ol peläket tümünde azaşyp, sermensin ýörsün!.. Men adamzat bilen rozy magşar diwanynda haklaşaryn! Allatagalanyň günä-sogap çekýän terezesinde-hä galplyk ýok bolsa gerek… Ine, meniň ýüregim giňedi, derdim sowuldy. Men hemme zada taýyn!

– Emma… ýene bir ýagdaý bar… Şony hem berjaý etmeli bor… Muny kynrak görmegiňiz mümkin… – diýip, aklawçy etmişli ýaly müýnürgäp gürledi.

– Çekinmän aýdyberiň! Ölümden kyn däldir!..

– Edenimize görä, çagalara çirk ýokmaz ýaly edeliň! Goý, olar halkyň öňünde dabaraly ýagdaýda sizden geçýändigini aýtsynlar. «Ganhor enemi näletleýärin! Ganhor enemi näletleýärin!» diýsinler.

– Ah-ah, bu ölümdenem ajy ekeni! – diýip, möjek kellesini tutup, jany ýangynly yrandy. – Ajal okundanam ýaman ekeni! Men muňa nädip çydaryn?! Eşidenimden ýüregim darka ýarylyp öläýmenmi?!

– Siz bolşundan beter çişirýärsiňiz. Çagalar o sözi ýalandan aýtmaly ahyryn!

– Ýalan! Ýene-de ýalan! Adamzat ýalansyz ýaşap bilmeýärmikä? Ah, meniň gara maňlaýym!.. Küle çöken bagtym!.. Indi, gel-gel, öz janköýerleriňden şeýle sözi eşitmek… Ýöne, «enemden geçýän» diýmek olara-da aňsat düşmez. Neressejiklerim men diýip, ölüp-öçüp barýandyrlar. Aýtsalaram, gyýlyp-gyýlyp, kösenip-bişip aýdarlar… Men olaryň garnyny doýurjak bolup, her gije ençeme çölleri sökýärdim: Gyzylgyr, Taýölen, Kyrkçulba, Çilmämmet gum, Bäşimiň ajysy, Gultaryň çyrlasy, Ýartykümmet… Seňkildeý-seňkildeý, bir zat tapsaň-a ne ýagşy. Boş galsaňam, içeri girmäge utanyp, süreniň töwereginde aýlanar ýörersiň… – Birdenkä göwnüne başga bir ünji ýetişen möjek howatyr bilen aklawça ýüzlendi. – Ýogsa-da, bolman duruberse näderis?.. Çagajyklarym menden geçmek islemese… Siz olara oňatja düşündiriň! Öwrediň! Sözme-söz agzyna salyň! Aýratynam iň kiçijigine! Goý, olar sakynman, jedirdäpjik aýtsynlar! Özleriniň ak süýt beren enesini näletläp, pisläp, o dünýä ibersinler!..

Möjek ýene-de ses edip aglady. Emma basym arakesmäniň wagty gutarany mälim boldy. Saklawlar aýyplanýany sud mejlisine alyp gitdi.

– Hormatly sudlar! – diýip, aklawçy ilkinji bolup ýerinden turdy. – Bu günki sud mejlisinde jemlenen ynsan akylynyň, parasadynyň, adalatynyň, ymgyr uly terbiýeçilik güýji şu ýere ýygnanan müňlerçe adamlarda uly täsir galdyrýar. Şeý diýsek ýalňyşdygymyz bolmasa gerek. Şol akyl-parasadyň hem adalatyň kuwwaty iň bir wagşyýana ýüreklerde hem öwrülişik geçirmäge ukyplydyr. Şu mazmunda, aýyplanýan Möjekgözel Gara gurt gyzy adyl sudlara hem ýygnanan halka wajyp ýüzlenme bilen çykyş etmekçi. Men sizden oňa söz bermegiňizi haýyş edýärin!

Möjegiň öz günäsini päk ýürekden boýun alyp, gaty puşeýman edýändigini aýtmagy sudlary hem-de ýygnanan mähelläni haýran galdyrdy.

– Men şeýtanyň alyna aldanyp, Ýusupny iýdim, emma çagalarym, Hudaýyň gudraty bilen, iýmekden ýüz dönderdi. «Haktagalanyň eziz ýaradan bendesini iýmäge biziň ynsabymyz çatmaz» diýdiler. «Hudanyň buýrugyndan çykyp bilmeris» diýdiler. Men Ýusupny iýen çagym, olar dözmän aglaşdylar. «Eje, iýme! Eje, iýme! Ynsan zürýadyna rehim-şepagat et!» diýip uwlaşdylar. Emma men pälazan bulara gulak asmadym. Şeýtanlagyn: «Iý! Iý!» diýip, böwrüme dürteläp goýmady. Men şeýtana gulak asdym. Maňa nähili jeza berseňiz beriň-de, neresse çagajyklarymy azat eýläň! Soňam, olary urup-sögmäň, horlamaň! Olar päk göwünli, hoş niýetli balajyklardyr. Naşyjam, Çaşyjam, Moşujam! Hoş galyň! Men sizi ynsanlara tabşyrýaryn, ynsanlary bolsa beýik Perwerdigäre tabşyrýaryn! Wessalam…

Sud kanunyň hemme talaplaryny jikme-jik berjaý edensoň, möjegiň çagalary barada aklaw hökümini çykaryp, özüne-de atuw jezasyny berdi. Höküm Jumadylahyr aýynyň on üçünji güni öýle namazyndan soň ýerine ýetiriljek diýip jar çekildi.

Şol gün gelende, Erk galanyň düýbüne ir ertirden jemende ýygnanyp başlady. Öýläne çenli mähelle giň meýdana sygman, dykyn alyp çaýkandy. Jokrama yssy beýniňi lasyrdadyp barýanam bolsa, her kim daraklygyna galyp, boýnuny üzäýjek bolup, galanyň düýbüne göz dikipdi. O ýanda, aýratyn toplum bolup duran emeldarlaryň, kazy-kelanlaryň, molla-müftüleriň alnynda, jezany ýerine ýetirmek üçin taýynlyk görülýärdi. Esgerler gara mata bilen möjegiň gözüni baglap, ony hendegiň gyrasyndaky sütüne sarap goýupdy. Ýaragly esgerler zalp bilen atmaga taýyn bolup dur. Şol wagt Baş kazy Mizan el-Adylyň buýrugy bilen üç sany möjek çagasy alnyp gelinýär. Eneleriniň alnynda durzup, olara nälet sözüni aýtdyrýarlar.

– Men ganhor enemden geçýärin! Munuň ýaly ene maňa gerek däl! – diýip, Naşyja jedirdeýär.

– Men adamhor enemi näletleýärin! – diýip, Çaşyja-da öwredilen sözleri ýalňyşman gaýtalaýar.

Iň kiçijigi, ene möjegiň iň gowy görýänjesi Moşuja bolsa enaýy peltekläp:

– Menem pisseýän! Menem pisseýän! – diýip gaýtalaýar.

Mähelläniň «Berekella! Berekella!» diýen orlaşmasy asman-pelege çykýar. Baş kazy ýaglygyny silkip goýberende, zalp ýaňlanyp, howany sarsdyrýar. Tüpeňleriň tüssesi dargansoň, möjegiň gana bulaşyp, dem-düýtsüz, sütünden sallanyp durany görünýär. Birki sany esger hasyr-husur ýüpi çöşüp aýyrýar-da, möjegiň maslygyny hendege taşlaýar. Tomaşa görüp, jany gönenen jemagat: «Ýaşasyn Baş kazy! Ýaşasyn Mizan el-Adyl!» diýip, joşgunly ses bilen alkyşlaýar. «Adalata şöhrat! Hakykata şöhrat!..»

Baş kazy gabarylyp, zerli donuna sygmajak bolýar. Bir gujak çal sakgalyny sypalap, mys-mys gülýär. «Işläniňizde, ynha, şeýle işlärler!» diýýän ýaly, beýleki emeldarlara aşaklyk bilen gözüniň gytagyny aýlaýar. Emeldarlaryň arasynda oňa gözi gidýänem bar, göriplik edýänem…

Şol wagt galanyň günbatar burçundaky diňden goýry tüsse burugsap asmana galdy.

– Çapar gelýär! Çapar! – diýşip, mähelle gozgalaň tapdy. – Hernä ýagy dökülen bolmasa-da ýagşydyr!

Atyny ýüzin salyp gelýän çapar uzakdan göze ilende, märeke darka bölünip, aradan köçe açdy. Harlap, köpük saçyp gelen bedew gyzgynyna saklanyp bilmän, ters aýlanyp durdy. Üst-başy tozana gömlen habarçy-çaapr böküp düşdi-de, Beni Ysraýyllaryň pygamberi hezreti Ýakubyň alnynda ýüzin ýykylyp, onuň mübärek mesisini öpdi. Zürýadyny ýitirip, gam-gussadan bili bükülen, aglap-aglap, iki gözi batyl bolan, saç-sakgaly gunda ýaly agaran naýynjar goja ellerini sermendirip uzadanda, çapar alys ýoldan alyp gelen namasyny onuň goluna tutdurdy. Goja «Okaň!» diýip, namany ýanynda duranlara uzatdy. Baş kazy hatyň möhürini bozup, şu sözleri okady: «Eý, mähriban atam, meniň üçin gam çekmegin. Men diridirin. Müsürde şa bolup oturandyryn. Meni çaýa taşlan on doganym gorkup-çekinip ýörmesin. Men olaryň günäsini ötüp geçdim. Hat ýollan öz ogluň Ýusup ben Ýakup ben Yshak ben Ybraýym ben Aazar».

Goja bu habary eşiden badyna çaşyp ýykyldy. Ulug emeldarlar bolsa biri-biriniň ýüzüne garap, aňk bolup galdylar. Telbelän goja şeýtandan eşiden hekaýasyny aýdyp gutardy-da: «Ýeri, muny niçik görýäň?» diýýän ýaly, Atahanyň gözüniň içine çiňerilip çakyr ses bilen ýakymsyz jakyrdap güldi. Bu gülküde hem-ä janyýangynlylygyň jowranmasy, hemem içýakgyç ýaňsylama äheňi mese-mälim bildirip durdy. Bu gülküde degnasyna deglen möjegiň lapykeç halda heşelle kakyp aýdan sözleri eşidilýän ýalydy: «Goý, adamzat hakykaty bilmän galsyn! Goý, ol peläket tümünde azaşyp sermenip ýörsün!..»

Parahat hem asuda häsiýetli Atahanyň sandygyna howp düşüp, ýüregi hopukdy. Ol özüniň akyl ýetiren zadyndan elheder alyp: «Bäh, şeýledirem öýtýädim-le! Şeýle bolaýmalam-da!» diýip, haýygyp, hyrçyny dişledi. Gökje furgony tut ýapragyndan mas ýükläp, dälihanadan çykyp gaýdanlarynda-da, şäher köçesinden toplum bolup gelýärkäler-de, Atahan agyr oýlardan aýňalyp bilmändi.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir