OWAZYŇ ÇYN-MAÇYN, DAGLAR AŞASY...

■ Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň taryhy kökleri barada

Türkmen halky şindi gadym zamanlarda döwlet döredip, halkara we döwletara gatnaşyklaryna girişip bilen dünýäniň gadymy milletleriniň biridir. Geçmişde halkymyzyň dünýäniň çar künjeklerine uzan taryhy ýollary bolupdyr. Halkymyzyň şindi gojaman geçmişde döwletara gatnaşyklaryny ýola goýan ýurtlarynyň biri-de gadymy Çyn-Maçyn döwletidir. Şonuň üçin hem biziň gürrüňimiz geçmişde türkmeniň bu gadymy ýurda  uzan taryhy ýoly barada bolar. Türkmen we hytaý halklarynyň dostlukly gatnaşyklary gözbaşyny taryhýň iňňän gadymy döwürlerinden alyp gaýdýar. Taryhy barlygy müňýyllyklar bilen ölçelýän iki halkyň taryhy ykbalynda umumylyklar örän kän. Dörediji milletler  bolan türkmenler hem-de hytaýlylar  dünýä medeniýetiniň we sungatynyň   ösüşine ägirt uly goşant goşan  halklardyr. Ata-baba goňşy  okum  türkmen hem-de hytaý milletleri şol bir wagtyň ozünde biri-birinden köp zatlary öwrendiler, şeýdibem milli gymmatlyklaryny we taryhy  miraslaryny baýlaşdyrdylar. Dünýä jemgyýetçiligi hytaýlylaryň adamzat taryhyndaky orny barada köp zatlary bilýär. Emma mukaddes Garaşsyzlygymyzy alýançak, dünýä jemgyýetçiligi biziň halkymyz barada az bilýärdi. Türkmenleriň adamzat mirasynyň  altyn hazynasyna  goşan goşandyny    we onuň dünýä taryhyndaky jedelsiz ornuny Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy mukaddes Ruhnamada ummasyz köp mukdardaky ylmy hem-de taryhy delilleri getirmek bilen halkymyzyň beýik geçmişi baradaky bu hakykaty äleme äşgär etdi. Indi türkmeni bütin dünýä tanaýar.Türkmenler we hytaýlylar biri-birine at dakan halklar hasap edilýär. Türkmenler özüniň gadymy goňşusyny we onuň ajaýyp ýurduny Cyn-Maçyn ady bilen bir hatarda, indi ençeme asyrlar bäri hytaýly we Hytaý diýip atlandyryp gelýär. Ýogsam, hytaýlylar oz milletini «han», döwletini bolsa «Jungo» («Älemiň merkezindäki döwlet») diýip atlandyrýarlar. Häzirki döwürde dünýäniň köp ýurtlarynda hem bu gadymy millet we onuň arzyly döwleti «Hytaý» diýlip atlandyrylýar. Mälim bolşy ýaly, bu at hytaýlylara şindi gojaman geçmişde oguzlar-türkmenler tarapyndan dakylan atdyr. Biziň eýýamymyzyň V-VI asyrlarynda-da oguzlar öz günortaly goňşusyny  «kytaý» we «hytaý» diýip atlandyrýardylar. Oguz–orhon ýazuwundan mälim bolşy ýaly, oguzlar hytaýlylary tabgaç diýip hem atlandyrypdyrlar. Emma, oguzlar tabgaç diýenlerinde, Demirgazyk Hytaýyň oguzlar bilen garyşan ilatyny göz öňüne tutup aýdýardylar. Käbir adamlar rus dilinde  aýdylýan «Kитай» sözüni biziň dilimize rus dilinden geçen bolmaly diýip nädogry düşündirýärler. Tersine , bu söz hem rus diline türkmen dilinden geçipdir. Üstesine-de, ruslar hytaýlylar bilen goňşýçylyk gatnaşyklaryňy  XVII asyrda ýola goýupdyrlar. Geçmişde gadymy oguzlaryň taryhy atlarynyň biri bolan «hun» («ýowuz») ady hem hytaý diliniň üsti bilen dünýä ýaýrady.  Türkmenler ilkinji bolup aty eldekileşdirip, dünýä meşhur tohum bedewleri ýetişdirip, at münen  milletdir. Aty at edýän esbaplaryň ählisi diýen ýaly türkmenleriň ata-babalary bolan oguzlar-hunlar tarapyndan ynsan ýaşaýşyna ornaşdyrylan möhüm hojalyk hem-de durmuş zerurlyklarydyr. Bu zatlar hut biziň ata-babalarymyzdan dünýä ýaýrady. Oguzlaryň döreden ajaýyp maddy mirasyna şaýatlyk edýän gymmatly zatlar dürli döwürlerde alymlar tarapyndan ýüze çykaryldy we düýpli öwrenildi. XX asyryň başlarynda rus alymy P.K.Kozlow tarapyndan gadymy oguzlaryň hökum süren sebitleriniň biri bolan häzirki Mongoliýanyň we Demirgazyk Hytaýyň dürli ýerlerinde ata-babalarymyza degişli ýadygärlikler içgin öwrenildi. P.K. Kozlow aýratyn hem «hun depeleri» diýilip atlandyrylýan ýadygärliklere üns beripdir. Şol depeleriň biri Mongoliýanyň Noýin-Ula diýen ýerinde ýerleşip, ol meşhur oguz patyşasy Üçžüläniň (biziň eýýamymyzdan öňki 8-nji – biziň eýýamymyzyň 13-nji ýyllary) guburydyr. Bu guburyň üsti P.K. Kozlow tarapyndan 1924-nji ýylda açylypdyr. Iki eýýamyň sepgidinde ýaşap, biziň eýýamymyzyň 13-nji ýylynda aradan çykan, türkmen ady näbelli, hytaý çeşmelerinde bolsa Üçžüle şanýuý diýilip atlandyrylýan tanymal oguz hanynyň guburyndan ummasyz köp mukdardaky zatlar tapyldy. Bu taryhy tapyndylar gadymy ata-babalarymyz bolan hunlaryň-oguzlaryň baý maddy hem-de ruhy mirasynyň bolandygyny tassyk edýär. Kümüşden, bürünçden edilen dürli şekiller, gap-gaçlar, şaý-sepler, matalar, egin-eşikler, at-esbaplary we ýaraglar özüniň aýratyn nepisligi bilen tapawutlanýarlar. Gadymy ata-babalarymyzyň döreden bu sungat eserleri halkymyzyň döredijilik dünýäsiniň baý we ukyp-başarnyklarynyň ýokary derejede bolandygyna şaýatlyk edýär. Gadymy döwürde at münen halk bolan oguzlaryň durmuş we hojalyk esbaplary: şaý-sepler, eýer, üzeňňi, jylaw, gamçy, egri gylyç, şeýle hem atlynyň dony, telpegi, gönden tikilen ädigi, köýnegi, gyýma jalwary dünýä medeniýetiniň ösüşine aýgytly täsir eden gymmatlyklardyr. Ata-babalarymyzyň bu baý medeniýetini dünýäniň köpsanly halklary bilen bir hatarda hytaýlylar hem kabul edip aldy we bu nepis zatlar hem olaryň medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Häzirki zaman adamsynyň synasyny bezeýän, onuň esasy eşikleriniň biri bolan jalwaryň gözbaşynda hunlar-oguzlar tarapyndan döredilen ajaýýp hem-de ýaraşykly eşigiň – gyýma balagyň durýandygyny köpler bilýänem däldir. Daş asyrynyň tümlüginden çykyp, medenýet ýoluna düşýän ynsanýetiň durmuşynda bu lybasyň orny hem, ähmiýeti hem aýratyn. Muňa şol döwrüň dünýä taryhyna ser salanyňda-da doly göz ýetirip bolýar. Türkmenler ýaly adymy halklar bolan müsürliler, grekler, rimliler, araplar, hindiler, hytaýlylar, Günorta Aziýanyň halklary başgaça geýinýärdiler. Müsürliler, grekler, rimliler, hindiler, hytaýlylar we olar bilen goňşy günortaly halklar in matany bedenlerine oraýýardylar ýa-da matany billerine çatalbalary bilen bilelikde orap oňňut edäýýardylar. Araplar, gadymy eýranlylar, Günbatar we Gündogar Ýewropanyň yzagalak tokaýly halklary bolsa, topuga düşüp duran uzyn köýnek geýýärdiler. Näme üçin? Sebäbi olaryň köpüsi  at münýän millet däldiler. Atly esger bolmak üçin ýa grekler we rimliler ýaly ýarym ýalaňaç bolmaly ýa-da hunlaryňky-oguzlaryňky ýaly, bu iki gonçly arzyly lybasy  geýmeli. Muny başgaça göz öňüne-de getirmek kyn. Topuga düşüp duran uzyn köýnekli at münmegiň nähili oňaýsyzdygyny düşündirip oturmagyň hajaty ýok bolsa gerek. Hytaýlylar ata-babalarymyzyň döreden bu ýaraşykly hem-de oňaýly lybasyny, esbaby ýetik atlary münmek däplerini göwünjeňlik bilen  kabul edipdirler. Elbetde, halkymyzyň hytaýlylardan alan zatlaram az däldir. Iň bärkisi, ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişi hakyndaky hytaý çeşmelerini alyp göreliň. Ýoýulmalaryň örän köpdügine garamazdan, halkymyzyň gadymy taryhyny öwrenmekde hytaý çeşmeleri asla inkär edip bolmajak gymmatlykdyr.Hytaýlylar we türkmenler hat-ýazuwy bolan gadymy milletlerdir. Käbir alymlar hytaýlylar bilen goňşuçylykda ýaşan hunlarda hat-ýazuwuň bolandygyna müňkürlik edýärler. Hytaýyň meşhur taryhy eserleriniň biri bolan «Üç döwletiň taryhynda» («San go-çži») hunlarda-da hat–ýazuwuň bolandygyna şaýatlyk edýän maglumat getirilýär. 245-250-nji ýyllarda hytaýly emeldar Kan Taý gadymy Kamboja döwleti bolan Funana ilçi edilip iberilipdir. Sapardan dolanyp gelenden soň Kan Taý Funan döwleti barada gymmatly ýazgylary galdyrypdyr. Şol ýazgylaryň arasynda duş gelýän şeýle setirler gyzyklydyr: «Funanlylarda kitaplar bar, olary ýörite arhiwlerde saklaýarlar. Olaryň hat-ýazuwy hunlaryňkyny ýada salýar». Gyzykly ýeri, gürrüňi edilýän döwür hunlaryň gowşan wagtlarydyr. Emma muňa garamazdan, hunlarda hat-ýazuwam, ösen medeniýetem bolupdyr. Türkmenleriň we hytaýlylaryň  hatda nesilbaşylary hem döwürdeş. Oguz han Türkmen bilen ady rowaýata öwrülip giden hytaýly patyşa Ýao (hytaýlylaryň ilkinji Şan döwletini esaslandyran hökümdar) bir döwürleriň şahsyýetleri. Olar b.e.ö. III müňýyllygyň başlarynyň şahsyýetleri. Oguz han bilen Ýao patyşanyň ýaşan döwürleriniň arasynda 200-300 ýyl tapawut bar. Halkymyzyň hytaý milleti bilen diňe bir hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bolman, eýsem iki halkyň arasynda garyndaşlyk  arabaglanyşygy hem bolupdyr. Hytaýlylaryň millet hökmünde kemala gelen ýeri Huanhe bilen Ýanszy derýalarynyň aralygy hasap edilýär. Häzir bu ýerler merkezi Hytaýy emele getirýär. Wagtyň geçmegi bilen hytaýlylar Ýanszydan günortada ýerleşýän ýerleri hem özleşdiripdirler. Şonuň üçin hem indi Huanhe bilen Ýanszynyň aralygy  demirgazyk, Ýanszydan asakdaky ýerler bolsa, Günorta Hytaý diýlip atlandyrylýar. Huanheden demirgazykdaky we Sary deňizden tä Gara deňzine çenli aralykdaky ýerlerde bolsa türkmenleriň ata-babalary bolan oguzlar ýaşaýardylar. Şeýlelikde, müňýyllyklaryň dowamynda goňşyçylykda ýaşan iki halk gyz alyp, gyz berşipdirler, garyndaş bolupdyrlar. Bu bolsa iki milletiň etniki taryhyna, olaryň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösüşine uly täsir etdi. Wagtyň geçmegi bilen, bir halkyň gazananlary, beýleki halk üçin hem milli gymmatlyklara öwrüldi.  Elbetde, iki halkyň arasyndaky gatnaşyklar hemişe ýönekeý bolmandyr, döwletara we halkara gatnaşyklary üçin häsiýetli bolan düşünişmezlikler hem kä halatlar ýüze çykypdyr. B.e.ö. III asyryň ahyrlarynda Hytaýda merkezleşdirilen Çin döwletini (Çyn-Maçyn ady şundan gelip çykýar) esaslandyran Çin Şi-Huandi (b.e.ö.221-210) hunlar-oguzlar  bilen araçäkde beýik diwar çekip başlapdyr. Sebäbi hytaý köşgüniň käbir emeldarlary «hojalyk we durmuş taýdan biri-birine meňzemeýan hunlar bilen hytaýlylar hiç haçan oňşukly ýaşap bilmezler. Iki halkyň arasynda nähilidir bir hili gatnaşyklaryň bolmagy mümkin däl» diýişýärdiler. Üstesine-de, hytaýly hökümdar bu diwary diňe bir hunlar bilen gatnaşyk açmazlyk üçin däl, eýsem hytaýly daýhanlaryň adalat  okum sürýän hunlaryň ýurduna gaçyp gitmezlikleri üçin hem gurdurupdyr. Çin   Şi-Huandi  yürtda berk tertip-düzgüni we agyr salgyt ulgamyny girizipdir. Şonuň üçin hem ýowuz düzgüne döz gelip bilmeýän hytaýly daýhanlar, adalatyň  hökum sürýän ýerine – hunlaryň ýurduna köpçülikleýin gaçyp gidýärdiler. Iki döwletiň arasyndaky şeýle gatnaşyklar taryhyň aýry-aýry döwürleri üçin häsiýetlidir. Galan wagtlar iki halkyň arasynda adaty syýasy-ykdysady we medeni gatnaşyklar alnyp barlypdyr.Türkmenler bilen hytaýlylar Beýik Taňry tarapyndan hökümdarlyk hukugy berlen, dünýäniň az sanly halklarynyň hataryna degişlidir. Türkmenlerde Oguz hanyň nebereleriniň hemmesine patyşalyk, häkimlik hukugunyň düşüp bilşi ýaly, ýerli däpler boýunça, bu hukuk Hytaýyň islendik raýatyna-da düşüp bilýärdi. Şonuň üçin hem asyrlaryň dowamynda Hytaýyň ýerinde esaslandyrylan döwletleriň hökümdarlarynyň arasynda daýhan, serkerde, esger, mugallym, söwdagär, mahlasy durmuş toparlarynyň islendiginden wekiller bolupdyr. Geçmiş mirasyndaky şeýle aýratynlyklar, Ýer ýüzünde türkmenleriň we hytaýlylaryň «şalyk halklary» diýlip atlandyrylmagyna sebäp bolupdyr. Hytaýda-da, oguzlaryň arasynda-da «Häkimýet hökümdara Taňry tarapyndan berilýär» diýip düşünilýärdi. Hytaýly patyşalaryň «Asmanyň», «Gögüň» ýa-da «Taňrynyň ogly» («Týan-szy») derejesi aýdylanlaryň aýdyň subutnamasy. Bu ýagdaý hunlarda-oguzlarda-da şeýle bolupdyr. Yene-de bir ýagdaýy aýratyn bellemelidiris. Geçmişde dünýä halklarynyň hiç biriniň hem türkmenler bilen hytaýlylar ýaly, köp sanly döwletleri döredip bileni bolmady. Geçmişde halkymyz 70-den gowrak döwlet döredip bilipdir. Hytaýlylaryň döreden döwletleriniň sany hem 50-den geçýär. Bir tapawudy, hytaýlylar şunça mukdardaky döwletleri öz ýerinde, türkmenler bolsa Žeminiň çar künjeginde, şol sanda Hytaýda hem döredipdirler.Asyrlaryň dowamynda türkmenler bilen hytaýlylaryň arasynda ýygjam goňşuçylyk gatnaşyklary ýola goýlupdyr. Dürli asyrlaryň dowamynda türkmen topragyna we Merkezi Aziýanyň ýerlerine hytaýly Gan In (94-96), ilçiler Çžan Sýan (b.e.ö. 140-126), Tun Ýuan we Gao Min (V asyryň oprtalarynda), budda zyýaratçylary Fa Sýan (400), Sun Ýun (518-522), Weý Szo (605-616), Sýuan Szan (629-648), I Szin (673-695), Hoý-Çao (723-729), U Kun (751-790) syýahat edip, türkmenler-oguzlar barada köp maglumatlary toplapdyrlar. Ady agzalan ýazarlaryň gymmatly ýazgylary bilen ýakyndan tanşanyňda, gadymy hem-de müdümi milletimiziň neneňsi baý maddy we ruhy baýlyklarynyň bolandygyna göz ýetirýärsiň. Türkmenler hem asyrlaryň dowamynda hytaý köşgüniň arzyly myhmanlary bolmak bilen, bu gadymy  ýurt, onuň parahatçylyk söýüji we zähmetsöýer halky barada ýakymly ýatlamalary galdyrypdyrlar.Türkmenleriň beýik Parfiýa (b.e.ö. III – b.e. III asyrlar), Oguz türkmenleriniň Beýik Hun (b.e.ö. III – b.e. III asyrlar) döwletleri ýaly, hytaýlylarda hem edil şol döwürlerde Han hökümdarlygy diýlip atlandyrylýan uly döwlet (b.e.ö. III – b.e. III asyrlar) bardy. Han hökümdarlygy ýykylandan soň, Hytaýda tä VI asyryň ahyrlaryna çenli bitewi döwlet bolmady. Han döwletiniň harabalyklarynda dörän köpsanly hytaý beglikleri bolsa özara oňuşmaýardylar. Bu beglikleriň aglabasy bilen oguzlar hoşniýetli gatnaşyklary saklapdyrlar, olaryň käbirleri bilen bolsa, ýaranlyk gatnaşyklary ýola goýlupdyr. Göktürkmenleriň döwleti döränden soň bolsa, köp hytaý beglikleri yklym hanlary bolan oguz hökümdarlarynyň tabynlygynda boldy. Şonuň üçin hem göktürkmen hanlaryny Günbatarda «Hakany-Çin» («Hytaýyň hany») diýip atlandyrýardylar. Oguzlar-türkmenler we hytaýlylar biri-birini kyn günlerde goldan, goran milletlerdir. Biziň eýýamymyzyň başlarynda Han döwleti gowşap, ýurtda  häkimýet ugrunda göreşler başlapdyr. Tagt hökümdar neslinden bolmadyk, köşk emeldary Wan Man (8-23) tarapyndan bikanun eýelenipdir. Han nesilşalygy üçin şeýle çylşyrymly döwürde oguzlar ýurduň kanuny hökümdaryna ýaranlyk goluny uzadypdyrlar we bikanun häkimýet syndyrylyp, Hytaýda adalat dikeldilipdir.VI asyryň ortalarynda  oguzlaryň Žužan zulmundan ejir çekýän döwründe, Hytaýyň Günbatar Weý döwletiniň patyşasy Wyn-di Bumyn hana ýakyndan goldaw beripdir. Bumyn han hem öz gezeginde Wyn-dini Gündogar Weý döwletine garşy göreşde  goldapdyr. Netijede, Günbatar Weý döwleti syýasy garaşsyzlygyny saklap bilipdir, Bumyn han bolsa 552-nji ýylda Göktürkmenleriň döwletini esaslandyrypdyr. Wyn-diniň asylzada gyzlarynyň biri Bumyn hana aýal edilip berlip, iki dostlukly döwletiň arasynda garyndaşlyk gatnaşyklary hem ýola goýlupdyr.VI asyryň ahyrlarynda Hytaýda Suý döwleti diýlip atlandyrylýan merkezleşdirilen bitewi döwlet emele geldi. Emma hökümdarlaryň ýowuz syýasatynyň netijesinde Suý döwleti köp ýaşaman, VII asyryň başlarynda syndy. Synan döwletiň ýerinde ägirt uly Tan hökümdarlygy (618-907) emele geldi. Tan hökümdarlygy Hytaýyň köp müň ýyllyk taryhynda aýratyn orun eýelän döwlet bolup, ol göktürkmenleriň ýakyndan ýardam bermeginde, oguz-türkmen asylly nebere tarapyndan esaslandyryldy. Bu döwletiň ýaşan asyrlarynda Hytaý dünýädäki iň kuwwatly döwletleriň hataryna goşuldy. Araplaryň Uzak Gündogara tarap ýörişleriniň öňüni alan hem göktürkmenler bilen tanlardyr. Asyrlaryň dowamynda Hytaýda 50-den gowrak döwlet döredilipdir. Şolaryň aglabasy 30-40 ýyldan köp ýaşamandyrlar. Emma Han (b.e.ö. III-b.e. III asyrlar), Tan (618-907),  Sun (960-1279), Min (1368-1644), Mançžur (1644-1911) hökümdarlygy ýaly döwletler birnäçe asyrlap ýaşapdyrlar. Mälim bolşy ýaly, hunlaryň–oguzlaryň nesilleri tarapyndan esaslandyrylan Tan hökümdarlygy hem şeýle döwletleriň biri bolupdyr. Hytaýy dolandyran Tan nesilşalygynyň taryhy barada gymmatly maglumatlar saklanyp galypdyr. Olaryň iň ygtybarlylary  941-945-nji ýyllarda Lýu Heý tarapyndan ýazylan «Tan nesilşalygynyň köne taryhy» («Szýu-tan-şu»), ikinjisi bolsa 1045-1060-njy ýyllarda Ouýan Sýu tarapyndan ýazylan «Tan nesilşalygynyň täze taryhy» («Sin-tan-şu») hasap edilýär. Taryhy maglumatlaryň şaýatlyk etmegine görä, tanlar hunlaryň – oguzlaryň nesilleri bolup, olar Demirgazyk Hytaýda uly abraýdan we täsirden peýdalanan oguzlaryň hytaýlaşan Li neberesinden gelip çykypdyrlar. Olar asyrlaryň dowamynda Hytaýň demirgazygyndaky döwletleriň taryhynda görnükli orun eýeläpdirler. 400-nji ýylda şu nesilden bolan Li Hao  Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Ansi we Dunhuan welaýatlarynyň häkimi bolupdyr. Beý Liýan döwletiniň gowşanlygyndan peýdalanyp, Li Hao Liýançžou şäherini özüne paýtagt edinip, Si Liýan döwletini esaslandyrypdyr. 422-nji ýylda Li Haonyň döwleti günortaly hunlar-oguzlar tarapyndan eýelenipdir we Li neberesi ýene-de öňküleri ýaly gullukçy maşgala öwrülipdir. Li neslinden bolan gullukçylar, Hytaýyň  V-VI asyrlardaky döwletleri bolan Toba-Weý we Beý-Çžou döwletleriniň döwründe-de abraýly derejeleri we orunlary eýeläpdirler. Li neberesinden bolan serkerdeler we döwlet gullukçylary hökümdarlaryna wepaly gulluk edipdirler we şonuň üçin hem uly wezipeleri-derejeleri eýeläpdirler. Ahyrsoňy, bu nebere Hytaýyň  28 basgançakdan durýan döwlet gulluk derejeleriniň üçünjisi bolan «Tan gun» derejesine mynasyp bolupdyrlar. Li nesilşalygynyň 618-nji ýylda esaslandyran Tan döwletiniň ady hem şol gulluk derejesiniň adyndan gelip çykypdyr. Şeýlelikde, 200 ýyldan-da gowrak wagtyň içinde tan neberesi, bu sebitde ýaşaýan oguzlar, ýerli hytaýlylar bilen garyşyp, aýratyn bir halkyýeti emele getiripdirler. Göktürkmenler olary «tabgaç» diýip atlandyrýardylar. Hytaýlylar bilen gyz alyp, gyz berişip hytaýlaşsalar-da, Li neberesinde  oguz däp-dessurlaryna uly hormat goýlupdyr. Bu barada ygtybarly taryhy çeşmelere esaslanmak bilen bir hatarda, abraýly alymlaryň çykaran ylmy netijelerine salgylanmagam örän ýerlikli. Rus alymy L.N. Gumilýow ýazýar: «Tanlar iki taraplaýyn gelip çykyşy bolan nesilşalykdyr. Ony esaslandyran Li Ýuan çarwa däp-dessurlary bilen hoşlaşmadyk, hytaýlaşan türk[men] bolupdyr. Egindeşleri hem onuň özi ýalydy we olar häkimýete öz adamlaryny getirdiler.»VI asyryň ikinji ýarymynda şu nebereden bolan Li Hu, onuň ogly Li Ýuan tanymal adamlara öwrülipdirler. Gürrüňi edilýän asyryň ahyrlarynda Li neberesi hem Hytaýda başlan häkimýet ugrundaky göreşlere gatnaşypdyr. Emma 581-nji ýylda häkimýete Suý neberesi gelip, Hytaý birlesdiripdirler. Ýokarda bellenilip geçilişi ýaly, Suý neberesi ýurduň içinde ýowuz syýasat ýöredipdir. Şol döwürde goktürkmenleriň hökümdary Sibir han (608-619) bolupdyr. Suýlara garşy göreşýän hytaýly serkerdeleriň biri bolan Go Szy-he Hytaýyň demirgazygyndaky suýlaryň bellän häkimini agdaryp, özüni hökümdar diýip yglan edipdir we Sibir hana goşulypdyr. Ol göktürkmen hökümdaryndan hytaýlydygyna garamazdan, oguzlaryň «Böri şat» («Böri şazada») derejesini göwünjeňlik bilen alypdyr.Günbatar Ordosda ýerleşýän Şofan galasynyň serkerdesi Liýan Şi-du hem Sibir hana sygnypdyr. Ol hem öz serkerdelik edýän welaýatynda häkimýeti suý dikmeleriniň elinden alypdyr we Liyan nesilşalygyny esaslandyrypdyr. Sibir hana ýapja bolmak bilen, Liýan Şi-du göktürkmen hanyndan oguzlaryň «Bilge han» derejesini alypdyr.Göktürkmenlerden goldaw alan hytaýly serkerdeleriň ýene biri-de, Gündogar Ordosyň Maýi galasynyň serkerdesi Lýu U-çžoudy. Hytaýly serkerde öňki dikmäni agdarypdyr we özüni hökümdar diýip yglan edipdir. Öz ýagdaýyny berkitmek üçin Sibir handan kömek sorapdyr. Göktürkmen hany oňa goşun we ýüzüne möjegiň altyn kellesi çekilen baýdak iberipdir we oňa «Suý neslini ýykan han» derejesini beripdir.Suýlara garşy durýan esasy güýçlere tan nesilşalygynyň düýbüni tutujy, meşhur serkerde Li Ýuan baştutanlyk edipdir. Onuň goşunynda köp sanly göktürkmen ýigitleri hem gulluk edýärdiler. Netijede goktürkmen hökümdary Sibir hanyň (608-619) ýakyndan goldamagynda, Li Ýuan 617-nji ýylda suýlaryň paýtagty Çanan şäherini eýeleýär, bu wakadan bir ýyl geçenden soň bolsa, ol Tan hökümdarlygynyň esaslandyrylýandygyny  yglan edýär. Göktürkmen hökümdary Sibir han Li Ýuany goldamak we onuň goşunlaryny  güýçlendirmek üçin, täze dörän döwletiň paýtagty Çanana 2000 sany at, täze hökümdary garşydaşlaryndan goramak üçin bolsa, gowy ýaraglandyrylan 2000 atlyny iberipdir. Häkimyeti doly ele alandan soň, Li Ýuan ýurtda giň günä geçişlik yglan edipdir, suýlaryň döwründäki ýowuz kanunlar ýatyrylypdyr. Döwlet ammarlary horluk çekýän ilat üçin açylypdyr, köşk haremhanalaryndaky gyzlar bolsa öz maşgalalaryna gaýtarylyp berlipdir. Esgerlere ilaty talamaklyk, sütem etmeklik gadagan edilipdir. Suý kanunlarynyň deregine Li Ýuan (618-626) täze kanunlary girizipdir. Kabul edilen kanunlara görä, «Tan nesilşalygynyň taryhy» eserinde aýdylyşy ýaly, «ganhorlar, talaňçylar, dönükler we topalaňçylar ölüme hökum edilipdir».Li Ýuandan soň tan tagty onuň edenli ogly, serkerde Li Şi-mine (626-649) miras galypdyr. Li Şi-miniň dolandyran ýyllarynda göktürkmenleriň döwletiniň gündogar bölegi hem Tan döwletiniň düzümine giripdir. Emma 682-njy ýylda Gutlug Ilteriş han (682-693) Göktürkmen döwletini gaýtadan dikeldýär we iki döwletiň arasynda täze gymmatlyklara esaslanýan syýasy-ykdysady we medeni gatnaşyklar  ýola goýulupdyr.Göktürkmenler garyndaşlary bolan tan nesilşalygyny kyn günlerde goldapdyrlar. Li Şi-miniň ogly Gaoszunyň (649-683) dolandyran ýyllarynyň ahyrlarynda köşkde  patyşanyň hytaýly aýalynyň täsiri güýçlenipdir. Gaoszun ölenden soň, onuň ogly Çžunszun (683-710) patyşa diýlip yglan edipdir. Emma patyşa aýal U öz ogluny, tagtyň hakyky mirasdaryny häkimýetden çetleşdiripdir we ähli dolandyryşy öz eline alypdyr. Patyşa aýal U köşkdäki wezipelere hytaýlylary çekip ugrapdyr. Onuň maksady keseki asly bolan tanlary bütinleý ýok etmekdi. Şonuň üçin hem şa aýaly U 684-nji ýylda tan neslinden bolan birnäçe şazadyny ýok edipdir, 689-njy ýylda bolsa tan nesilşalygynyň adyny dolandyryşdan aýrypdyr. Bir ýyldan soň U özüni patyşa diýip yglan edipdir. Tan nesilşalygy üçin şeýle pajygaly döwürde göktürkmenler olara hemaýat beripdirler. Ustesine-de, bu döwürde Hytaýyň üstüne mongol taýpalary hem  talaňçylykly ýörüşleri geçiripdirler. Göktürkmen hökümdary Gapagan han (693-716) basybalyjylary derbi-dagyn edipdir we Hytaýy halas edipdir. Ahyrsoňunda Gapagan hanyň hyzmaty bilen tan tagtynyň kanuny mirasdary bolan Çžunszun häkimýete getirilipdir. Oguzlar  tan nesilşalygyna giçki döwürlerde-de ýakyndan goldaw beripdirler. 874-884-nji ýyllarda Hytaýda ägirt uly daýhanlar gozgalaňy turupdyr. Huan Çaonyň baştutanlygyndaky bu gozgalaňa 1 million ilat gatnaşypdyr. Şeýle galagoply döwürde hökümdaryň çagyryşy boýunça oguzlar tanlara kömege gelipdirler we ýurtdaky topalaň basylyp ýatyrylypdyr. Ýurtda adalaty ýörediji tan nesilşalygynyň dolandyran ýyllarynda Hytaýda medeniýet gülläp ösüpdir. Tan nesilşalygynyň dolandyran ýyllary hem, Hytaýda orta asyr gatnaşyklarynyň we medeniýetiniň gülläp ösen zamanasy hasap edilýär. Ýurduň paýtagty Çananyň patyşa köşkleriniň, ybadathanalarynyň, seýilgähleriniň, gülhanalarynyň we serhowuzlarynyň ertekilerdäki ýaly ajaýyplygy  we baýlygy bütin Gündogarda şöhratlanypdyr. Ýaponiýa, Koreýa, Wýetnam we beýleki goňşy döwletler şäher gurluşyk tilsimlerini  tanlardan öwrenýärdiler. Hançžou, Kaýfyn, Ýançžou, Çendu, Çançžou, Suçžou ýaly  häzirki döwürde-de meşhur merkezler hasap edilýän uly şäherler hem hut tan hökümdarlygy döwründe peýda boldy. Tan nesilşalygynyň dolandyran  döwründe Hytaýda Li Bo (699-762), Du Fu (712-770), Wan Weý (701-761), Bo Szýuý-i (778-846) ýaly ajaýyp şahyrlar ösüp ýetişdi. Ata-babalarymyzyň döreden medeni hem-de ruhy gymmatlyklaryna Hytaýda hemişe-de uly gyzyklanma bildirilipdir. Bu gyzyklanma has hem tanlaryň döwründe güýçli bolupdyr. Li Şi-miniň dolandyran ýyllarynda hytaý-oguz sözlügi çap edilipdir. Gynançly ýeri, bu gymmatly kitap biziň günlerimize gelip ýetmändir. Hytaýda  oguz sazlary hem patyşalaryň we köşk adamlarynyň çuň söýgüsine mynasyp bolan inçe sungat hasap edilipdir. Dogrusy, oguz sazlary şindi Hytaýdaky Beý-Çžou döwletiniň döwründe-de (557-581) baýramçylyklarda, dabaralarda we toý-meýlislerde köşk sazandalar topary tarapyndan yzygider ýerine ýetirilipdir. Köşkde geçirilýän dabaralarda we meýlislerde oguz sazlarynyň astynda oguz tagamlaryny hödürleýärdiler. Tan hökümdarlygy döwründe oguz sazlary doly ykrar edilipdir we Hytaýda köşk durmuşynyň adaty bir gymmatlygyna öwrülipdir. Ir döwürlerde hytaýlylar gymmat bolandygy üçin et önümleri az iýýärdiler, süýt-gatyk önümleri bolsa düýbünden iýilmändir. Tanlaryň döwründe-de, ondan soňky döwürlerde-de goýun-geçi, sygyr we ýylky eti, süýt, gatyk, süzme, gurt, gaýmak, peýnir, aýran we sargan hytaýlylaryň söýgüli höregine öwrülipdir. Ata-baba goňşy bolan oguzlar we hytaýlylar biri-biriniň ýurtlarynda-da ýaşapdyrlar. Şeýdip, halklar garyndaş bolýardylar. Hytaýda tan nesilşalygy häkimýet başyna gelenden soň, suýlaryň döwründe ýurduny taşlap, göktürkmenleriň ýurduna ýaşamaga gaçyp giden 80 müň hytaýly ýurduna dolanyp gelipdir. «Tan nesilşalygynyň taryhy» eseriniň berýän maglumatlaryna görä, VII asyryň 20-nji ýyllarynda Tan döwletiniň paýtagty Çananda 10 müň oguz maşgalasy ýaşaýar eken. Ýeri gelende aýtsak, Hytaý häzirki döwürde-de türkmenleriň kowçum-kowçum bolup ýaşaýan ýurtlarynyň biridir. Göktürkmenleriň geýim-gejimi, hüý-häsyetleri hytaýly begzadalary imrindiripdir we ýaraşykly geýinmekde oguzlara eýeripdirler. Oguzça geýinmeklik, soňa baka çanan köşgüne-de aralaşypdyr we hytaý jemgyýetiniň iň ýokary gatlaklarynda çalşyp bolmajak adata öwrülipdir.«Şazada Li Çžen-beg şindi çagaka-da türk[men]leriň dilinde gürleşmegi we olaryň geýimlerini geýmegi halaýardy. Şazada özüne dost saýlanda-da, olara meňzeşräkleri gözleýärdi. Türk[men]leriň durmuşyna öýükünip, ol oýnamak üçin özüne ak öý, ýüzünde möjegiň kellesiniň şekili ýerleşdirilen baýdaklary (göktürkmenleriň baýdagy), goýunlary we atlary getirmeklerini buýurýardy. Ol türk[men] hanynyň şady  («şat»- göktürkmenlerde tagtyň mirasdary) bolmaklyga höwes edýärdi» – diýlip, «Tan nesilşalygynyň taryhynda « aýdylýar.Oguzlaryň gögümtil we gyzyl-goňras donlarynyň (gyrmyzy don bolmaly), donuň üstünden guşalýan gaýyş kemeriň, tan eýýamynyň adaty nysagyna (moda) öwrülendigini XX asyr hytaý taryhçysy Lýu Mao-szaý belleýär. Ýöne , hemme zatdan beter, hytaýlylara oguzlaryň ak öýi ýaraýardy. Sebäbi Demirgazyk Hytaýyň aňzakly gyşlarynda içi gor ýaly oguz öýleri, hytaýlylaryň süňňüni gyzdyryp bilmeýän pagsadan edilen jaýlaryndan has kämil we oňaýly hasap edilipdir. Mysallardan görnüşi ýaly, iki halkyň dostlukly gatnaşyklaryna päsgel bermek üçin, gadymýetde gurlan Beýik Hytaý diwary, türkmenleriň we hytaýlylaryň ysnyşykly gatnasyklara bolan islegleriniň netijesinde, sözüň doly manysynda böwsülipdir.Hytaýlylar türkmen ak öýlerini «gök öý» ýa-da «gök küme» diýip atlandyrýardylar. «Gök küme» ýa-da «gök öý»  diýip hytaýlylar gadymy oguzlaryň ýeke-täk hudaýy bolan Gök Taňryny göz öňünde tutup aýdýardylar. Asyrlaryň dowamynda türkmenlerde  daşdan, pagsadan, bişen kerpiçden we agaçdan edilen öýler bolupdyr. Ýöne, maldar türkmen üçin çarwa ak öýünden amatly zat ýok. Biziň gürrüňini edýän döwurlerimiz, aýratyn hem tanlaryň döwründe, oturumly hytaý durmuşynda  oguz ak öýleri uly isleglerden peýdalanypdyr. Ýaşamak üçin amatlydygy, gyşyna ýyly bolýandygy üçin özüni oňarýan her bir hytaýly ak öy edinmäge çalyşýardy. Türkmen üçin ak öý iň mähriban  gymmatlyklaryň biri. Ony şahyr Bo Szýuý-i (778-846)  ussatlyk bilen   wasp edipdir. Hytaýly şahyr orta tapda we üpjünçilikde ýaşaýan sähraýy oguzyň ak öýüniň gürrüňini edýär. Emma  oguz hanlarynyň hem-de begzadalarynyň  ýaşaýan ak öýleri aýratyn tapawutly bolupdyr. Içki bezeginiň nepisligi we baýlygy bilen olar  kese ýerli  gezendeleri-de aňk edýärdi. Han öýüniň baýlygyna we onuň içinde ýaşaýyş üçin döredilen şertlere Göktürkmen hökümdary Istemi hanyňkyda (554-576) bolup gören, ömrüni Wizantiýa patyşalarynyň Kostantinopoldaky (häzirki Stambul) ajaýyp Wlahern köşgünde geçiren rumly taryhçy  Menandr Protektor hem haýran galypdyr.Hawa, türkmen hem-de hytaý halklarynyň taryhy geçmişinden mälim bolşy ýaly, asyrlaryň dowamynda iki milletiň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary hökum sürüpdir, dörediji milletler hökmünde  birek-birekden öwrenipdirler, birek-birege  öwredipdirler.Aziýanyň merkezinde ýerleşýän Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistan döwletinden bu gün dünýäniň çar künjegine, şol sanda gadymy Çyn-Maçyna-da dostluk ýollary uzaýar. Ol ýollar türkmeni dostluk-doganlyga, ösüşlere äkidýän, ony dünýä tanadýan  ýollardyr.Taryhy ykballary köp babatda meňzeş Türkmen hem-de Hytaý döwletleri XX asyryň ahyrlarynda – XXI asyryň başlarynda ykdysady ösüşiň depgini boýunça dünýäde öňdäki orunlara çykdylar. Bu gün iki dostlukly döwletleriň gazanýan haýran galdyryjy üstünliklerine dünýä guwanýar. Täze Galkynyşlar we beýik özgertmeler zamanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk respublikasynyň başlygy Hu Szintaonyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklar iki döwletiň hem çalt depginler bilen ösmegine mümkinçilik berýär.



Jumadurdy ANNAORAZOW.


www.kitapcy.ga

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir