1. Uzakly gün klawiaturada ýazýan adamyň barmaklary günde ortaça 20 km ýol geçýär.
2. “e-Bay” internet bazarynda her sekuntda ortaça 680$ satyş amala aşyrylýar.
3. Kompýuter ulanýan adam minutda ortaça 7 sapar gözüni gyrpýar. Adatdakymyz mundan esli kän bolup, gözümizi minutda 20 gezek gyrpýarys.
4. ABŞ-da ýylda 220 million tonna köne kompýuter we tehnologiýa enjamlary zyňylýar.
5. “Facebook” saýty ýalňyşyny tapan kişilere azyndan 500$ baýrak berýär.
6. Eger-de “Facebook” ulanýanlar aýratyn ýurt bolan bolsady, olar ululygy boýunça 3-nji ýeri eýelärdi.
7. Her gün internet arkaly 160 milliard hat ugradylýar we olaryň 97%-i “spam” hasaplanylýar.
8. 2012-nji ýylda internede birikdirilen enjamlaryň sany 17 mlrda ýetdi.
9. Adamlar internetde aýda ortça 15 milliard wideo seredýärler.
10. “Google” arkaly bir günüň dowamynda ortaça 1 milliard gözleg edýäris.

Tehnologiýa, bank tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir