ORTA ASYR TÜRKMENLERINIÑ ARASYNDA AÑTAWÇYLYK ULGAMY WE ONUÑ ÝOLA GOÝLUŞY

Ýüz gezek söweşip, ýüzüsinde-de ýeñiş gazanmak iñ ýokarky dereje däl-dir, has gowusy keseki goşunyny söweşmän boýun egdirmekdir(1).



Türkmenler müñlerçe ýyllaryñ dowamynda özleriniñ söweş tälimlerini kämilleşdirip gelipdirler. Bu irginsiz zägmet söweşleriñ köpüsinde ýeñiş gazanmaga ýardam edipdir. Söweşlerde we täze ýerleri basyp almaga añtawçylaryñ maglumatlarynyñ uly ähmiýeti bolupdyr.
Biz türkmenleriñ añtawçylyk gurluşyny şertleýin iki sany ugra bölüp bileris.
1. Añtawçy goşun.
2. Garşylykly we gizlin añtawçylyk.
Añtawçy goşun gerek ýerinde hem dozoryñ işini, hemem özbaşdak harby tabşyryklary ýerine ýetiripdir.
Dozorda 400-den 1000 adama çenli esger bolupdyr (esger sany harby herekediñ göwrümine laýyklykda goýlupdyr). Bu goşun bölümi esasy goşundan iki günlük at ýoly bolan uzaklykda gidipdir. Onuñ wezipesi duşmanyñ ähli hereketlerini esasy goşuna öz wagtynda habar bermekden, ikinji urgyny öz üstüne almakdan we basan ýerlerindäki obadyr şäherleriñ, galalaryñ we ş.m. ýaşaýan nokatlarynyñ, howdanlarynyñ ýerleşýän ýerini bellige almakdan ybarat bolupdyr. Añtawçylar baran ýerleri barada doly maglumat almagy we dürli ýagdaýlardan baş alyp çykmagy başarypdyrlar. Käwagt añtawçy bölümler öñünden çykan kiçiräk şäherleri basyp alypdyrlar, duşmany aldamak üçin ýalandan gep-gürrüñ ýaýradypdyrlar, duşmanyñ tylynda howsala döredipdirler, gijelerine duşmanyñ esasy goşunyna hüjüm edip, olaryñ azyklaryny olja alypdyrlar. Añtawçylar habar beriş ulgamyny gowy ýola goýup, harby herekediñ üstünlikli amala aşmagyna uly goşant goşupdyrlar(2).
Rim şahyry Owidiý Naszon özüniñ ''Gaýgyly elegiýasynda'' sarmatlaryñ (türkmenleriñ ata-babalary) añtawçylyk edişi barada şeýle diýýär: ''Minaradan ''Duşman gelýär'' diýen sesi eşidenimizde, ellerimizi sandyradyp harby geýimlerimizi geýerdik. Duşmanyñ ýagdyrýan awuly oklary, gazaba münen añtawçynyñ galanyñ diwarynyñ ugry bilen atyny sürüp gelşi inimizi tikenekledip, howsala salardy''(3).
Türkmenlerde ''Añtawçy goşunyñ'' uly ähmiýetiniñ bolandygy barada Mübärekşa-da özüniñ harby traktatynda durup geçýär. Ol bu meselä bagyşlap, tutuş bir baby ýazypdyr (14-nji bap, ''Dozorlaryñ (talaýýa), jansyzlaryñ (jasusan), habar getirijileriñ (munabbehiýen) ugradylyşy hakynda''). Şol ýerde şeýle setirler bar: ''Ýörite tabşyryk bilen ugradylan esgerleriñ ýyndam, dürli synaglardan geçirilen, sarç bolmadyk esgerleriñ ýyndam, dürli synaglardan geçirilen, sarç bolmadyk we toýnaklary güýçli atlary bolmaly. Olar islendik ýagdaýda söweşmekden gaça durmalydyr. Onuñ ýanynda artykmaç ýüki bolmaly däldir. Ýanynda diñe azygy, suwy we ýeñil ýaragy bolmalydyr. Dozorlaryñ san taýdan az ýa-da köp bolmagyna garamazdan, durmuş tejribesi bolan, köpi gören we hüşgär baştutany bolmaly...''. Olar hiç mahal ýaýrañ hatar bilen hereket etmeýärler. Dozorlar bir görseñ depelere dyrmaşýarlar, bir görseñem atly, bir görseñ bolsa pyýada ýöreýärler. Olar duşmany gören wagtlary, biri-birine sessiz duýduryp, tozan turuzman şol ýerden uzaklaşýarlar. Töwerekdäki ýagdaýdan habardar bolar ýaly öñden bir-iki sany hüşgär nökeri ugradýarlar. Dozor goşunyñ düşlän ýerinden 2 ýa-da 3 parsah uzaklykda (1 parsah takmynan 6-7 km ㅡ Ö. G.), saga çepe, öñe-yza hereket gezýär. Ol hiç wagt bir ýerde durmaýar. Dozor duşmanynyñ ýagdaýyny bilmek üçin çar tarapa aýlanyp çykýar. Çaknyşyk ýüze çykan wagty, olaryñ saýlama goşun bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny aýdyp, ýalan sözlemegiñ ýa-da ulaltmagyñ geregi ýok. Dozora humarly içgileri içmek, duşman bilen artykmaç gürrüñ etmek gadagandyr. Barlaga ugradylan nöker duşmana ynandyryjy sözleri aýtmagy we çynaberimsiz söz bermegi başarmalydyr. Möhüm bir işi amala aşyrmaga çalt heteket edýän 400 sany saýlama esgeri ibermek has göwnejaýdyr. Bu toparyñ sözi geçýän, buýruklary dessine ýerine ýetirilýän, agzybirligi saklap bilýän baştutany ýa-da emiri bolupdyr. Olar, ýagny baştutanlar beýik depäniñ üstünde düşläp, saýlama nökerlerini saga, çepe ugradýan ekenler. Añtawçylar günorta we ertirlik naharlaryny ikä bölünip iýipdirler. Birinji bölek çörek iýen wagty beýleki bölek olara göz-gulak bolupdyr. Namaz wagtlary nökerler ýüz-ýüzden bölünip, biri-birlerini gorapdyrlar. Olar nirä barsalaram, eserdeñlik bilen hereket edipdirler. Ýaşaýyş nokatlarynyñ üstünden geçmeli bolanda, hiç kimiñ göwnüne degmändirler. Ýagny gerek bolan zatlaryny zor bilen däl-de, puluny töläp alypdyrlar. Olar özlerini ýerli halkyñ agzasy hökmünde görkezmegi gowy görüpdirler. Ýerli ýaşaýjylardan ugur-ýol soramakçy bolanlarynda, ''Biz ho-ol ilerki obadan, pylan ýerde ýer bölüp beripdirler welin, nädip baryp bolarka'' diýip, olara mylaýymlyk bilen ýüzlenipdirler. Garyp-gasarlar bilen köne dostlar ýaly gepleşipdirler. Añtawçylar işleriniñ şowly bitmegi üçin Alladan dileg edipdirler we namazlaryny sypdyrman, öz wagtynda okapdyrlar. Ugradylan ýerlerinde gurbatlarynyñ çatdygyndan ýagşylyk etmäge çalşypdyrlar. Eger işleri şowuna bolmasa, duzaga düşmezlik üçin yzlaryna dolanypdyrlar. Golaý-goltumda dag bar bolsa, dagyñ etegini syryp yzlaryna gaýdypdyrlar. Depä çykan wagtlary hüşgärlik bilen hereket edipdirler(4).
Görşümiz ýaly, orta asyrlardaky añtawçy goşundan edilýän talaplaryñ häzirki zamandakydan onçakly tapawudy ýok. Diñe ulag serişdeleri, aragatnaşyk we ýarag babatda tapawutlanýar.
Türkmenler iñ ökde añtawçy hasaplanypdyr. Gündogaryñ hökümdarlarynyñ goşunlarynda olara aýratyn hukuklar berlipdir. Beýik Mogol imperiýasyny döreden Babyr (1483-1530) Hindistana ýöriş eden wagty, onuñ goşunynda ýörite türkmen bölümi hem bolupdyr. Olaryñ hemişe goşunynyñ öñünden gidendigi aýdýar. Babyr özüniñ ölmez-ýitmez eserinde añtawa ugradylan türkmen harby ýolbaşçysy Rüstem Türkmen hakynda durup geçýär(5). Rüstemiñ ilki hökümdary goraýan ýörite janpenalaryñ baştutany bolandygy, soñra bolsa goşunyñ sag ganatynyñ goşunbaşysy bellenendigi aýdylýar(6).
Türkmen şadessanlarynda-da añtawçy goşun barada durlup geçilýär. ''Oguznamada'' Oguz hanyñ Yraga ýöriş etmänkä, 200 sany atlyny saýlap, olara şol ýeriñ ýagdaýy barada maglumat toplamagy tabşyrandygyny, galalara, berkitmelere aýratyn üns bermekligi we esasy goşundan gaça durmagy tabşyrandygy beýan edilýär. Ol: ''Eger şol ýerde kiçiräk obalar duş gelse, olary basyp alyñ, emma uly şäherlere ýa-da goragly ýerlere çozmañ'' diýýär(7).
Görşümiz ýaly, öñümizde özbaşdak harby tabşyrygy ýerine ýetirýän adaty añtawçylyk we ýumrujy goşun bölümi janlanýar. Bular ýaly añtawçylyk we ýumrujy goşun bölümi janlanýar. Bular ýaly añtawçy goşun bölümleri diñe bir añtawçylyk bilen meşgullanman, ýerli halkyñ arasynda howsalaly ýagdaýy döretmegi-de başarypdyrlar. Olar oslagsyz ýagdaýda duşmanyñ berkitmesine çozup, aldym-berdime salypdyrlar. Goşunbaşylar añtawçylardan maglumat alansoñlar, ýesir alnan ''dillerden'' sorag edipdirler. Meselem, şadessanda Oguz han ''ýesirlerden Rum diýarynyñ we Franklaryñ goşunlarynyñ güýji, ýaşaýan ýerleri barada maglumat alandan soñra, şol ýerleri nädip boýun egdirip boljakdygyny sorapdyr''(8).
Türkmenlerde ýörite añtaw bölümi döredilipdir. Olar söweşden öñ daş-töweregi, söweşiñ boljak ýerini, duşmanyñ ýaraglanyşyny, goşunyny, söweş usullaryny, taýýarlygyny we ş.m. öwrenipdirler. Belli hytaý harby alymy Sun U özüniñ biziñ eýýamymyzdan öñ VI asyrda ýazan ''Sunszy'' (Söweş sungaty) diýen traktadynda jansyzlary ulanmagyñ anyk ýollarynyñ ulgamy barada ilkinji bolup beýan edipdir. Ol eseriñ ''Jansyzlary ulanmak'' diýen 14-nji babynda, serkerdeleriñ öz adamlaryndan duşmanyñ takyk ýagdaýy barada anyk maglumatlar alandan soñra, söweşde üstün çykandyklaryny we goşunlary boýun egdirendiklerini ýazýar(9). Sun jansyzlaryñ 5 sany görnüşiniñ bardygyny aýdýar:
1. Ýerliler (şol töwerekde ýaşaýan adamlar);
2. Içerki jansyzlar (garşydaşy döwletiñ wezipeli ýerlerinde oturan adamlar);
3. ''Iki ýüzlüler'' (duşmanyñ jansyzlaryny özlerine garşy ulanýanlar);
4. Gaýdyp gelmeýänler (duşmany nädogry maglumat bilen ynandyrmak üçin ýörite ugradylanlar);
5. Yzyna gelýänler (maglumat getirýän jansyzlar) (10).
Sun U: ''Pähimlililigiñ iñ kämil derejesine eýe bolman, jansyzlary ulanyp bilmersiñ, adalatly we adamkärçilikli bolman, jansyzlara täsir edip bolmaz, düşünjeli bolmasañ, añtawçylaryñ getirýän habarlarynyñ düýp manysyna düşünmersiñ. Muña akyl ýetirmek mümkin däl... Emma şeýle-de bolsa, jansyzlaryñ ulanylmaýan ýeri ýokdur'' diýýär(11).
Sun U-nyñ öz işinde goñşulary bolan hunlaryñ, usunlaryñ we massagetleriñ tejribesinden peýdalanandygy jedelsizdir. Añtawçy jansyzlaryñ kömegi bilen duşmanyñ düzen harby meýilnamalaryny öñünden görmek, harby we syýasy göçümlerini saldarlamak, käwagt bolsa, duşmanyñ güýjüni we ýagdaýyny doly bilip, garşylykly meýilnama düzmek başardypdyr. Duşmanyñ uzak döwre niýetlenen meýilnamasyny öñünden görüp, oña garşy duzak gurupdyrlar. Muny ''strategema'' diýip atlandyrypdyrlar(12).
Gadymy grek taryhçysy Poliýen özüniñ ''Strategemalarynda'' (Harby hilegärlik) ýerli dessanlaryñ gahrymanyna öwrelen saklaryñ atbakary Sarygyñ (Syragyñ) hilegärligi barada şeýle ýazýar:
Dariý Turan taýpalarynyñ üstüne ýörişe çykan wagty (gürrüñ ahemeni patyşasy Dariniñ b.e.öñki 515-nji ýyldaky ýörişi hakda barýar), Saryk saklaryñ patyşalary Sakesfaryñ, Omargyñ we Tomirisiñ ýanyna baryp, eger özüniñ maşgalasyny eklemäge söz berseler, olara kömek edip biljekdigini aýdypdyr. Olar atbakaryñ çagalaryny eklejekdiklerine söz beripdirler. Saryk gulagyny, burnuny kesip, Dariniñ huzuryna barýar we oña özüni garyndaşlarynyñ maýyp edip taşlandyklaryny aýdýar. Ol özüniñ pars goşunlaryny Turanyñ merkezine äkitjekdigine söz berip aldaýar. Dariý Sarygyñ sözlerine ynanyp, ýörişe çykýar. Olar uzak wagtlap çölüñ içinden ýöreýärler. Goşunyñ ähli suw gory we azygy gutarýar. Emma çägeden ybarat, suwsyz we boş çölüñ añyrsy görünmeýär. Şeýlelikde, Sarygyñ piriminiñ üsti açylýar. Şonda pars goşunbaşylaryndan biri Sarykdan: ''Beýik patyşamyzy aldamaga, añyrsy-bärsi görünmeýän agyr goşuny guş uçmaýan, janly-jandar görünmeýän, bir girseñ çykylmaýan bu suwsuz çölüñ içi bilen alyp gitmäge haýsy güýç saña itergi berdi'' diýip sorapdyr(13).
Saryk (Syrak) başyny dik tutup, öz halkyny basybalyjylardan halas etmek üçin bu ýola baş urandygyny aýdýar. Ony jezalandyryp öldürýärler. Emma Dariniñ goşuny suwsuzlykdan ýaña tapdan düşýär. Parslar tötänden ýagan ýagşyñ kömegi bilen özlerine gorluk suw edinýärler we ölümiñ öñünde Baktr derýasynyñ (Amyderýanyñ) kenaryna barýarlar(14).
Ylmy barlagçy D. Kşibekow saklarda gulak kesmek däbi temmi bermegiñ bir görnüşi hasaplanandygyny, Dariniñ gulagy we burny kesilen Sarygyñ sözlerine ynanmagynyñ sebäbiniñ şondan gelip çykýandygyny belleýär(15).
Meniñ pikirimçe, ýagdaý düýbünden başgaçarak bolmaly. Sak türkmenleriniñ we hunlaryñ ata-babalary ogurlygy iñ agyr jenaýat hasaplapdyrlar. Olar ogurluk eden adamyñ gulaklaryny kesip, obadan kowup goýberipdirler. Maşgalasyny bolsa gula, gyrnaga öwrüpdirler. Sarygyñ bu wakadan has öñräk jenaýat iş edip, kowum-garyndaşlary tarapyndan kowlan bolmagy mümkin. Ol öz maşgalasyny gulçulykdan azat etmek we eden etmişini ýuwmak maksady bilen duşmana garşy bu aýgytly ädimi äden bolmaly. Saklaryñ patyşalary Sarygyñ çagalaryny eklemegi öz üstlerine alyp, ony parslaryñ düşleýän ýerine ugradýarlar. Dariý atbakaryñ gulaklarynyñ we burnunyñ kesikdigini görüp, onuñ näletlenen adamdygyny bilse-de, sözlerine ynanýar. Megerem, bular ýaly wakalar, soñra özüniñ epik görnüşine eýe bolan bolmaly.
Milady ýyl hasaby bilen 58 ㅡ 64-nji ýyllarda Rim-Parfiýa söweşine gatnaşan harby serkerde Ýuliý Frontin hem özüniñ ''Strategema'' diýen eserinde parfiýalylaryñ jansyzlardan peýdalanandygy hakynda agzap geçýär. Ol Rim goşunynda parfiýalylaryñ kirrestiýaly Farneý atly bir içalysynyñ bolandygyny ýazýar. Eserde ''...biziñ bilen dostsyran bolup, rimlileriñ arasynda bolýan ähli zatlary parfiýalylara ýetirýärdi'' diýilýär(16).
Awar türklerine garşy göreşen Wizantiýanyñ imperatory Mawrikiý (582-602) bu babatda şeýle diýýär: Birnäçeleri duşmandan san taýdan artykmaçlygyñ bolsa, gözsüz batyrlyk görkezseñ we naýzadyr gylyç bilen garpyşsañ söweşi gazanyp bolýandyr öýdýärler. Olar harby ugurdan tejribäniñ we harby tälimiñ gerekdigini welin unudýarlar. Eger sen tejribeli bolsañ, añtawçylyk işlerini dogry ýola goýsañ, açyk söweşe girmänem, duşmany boýun egdirip bolýar. Munuñ üçin duşmanyñ nirede ýerleşýändigini, haçan söweşe çykjakdygyny we oslagsyz çykaýjak ýerlerini bilmek gerek''(17).
Ýokarda belleýşimiz ýaly, gadymy döwürlerde-de, orta asyrlarda-da Gündogaryñ we Günbataryñ ähli goşunlary añtawçylyga uly ähmiýet beripdirler, içalyçylygy gitdigiçe ösdüripdirler. Bu barada türkmenleriñ ''Görogly'' şadessanynda-da durlup geçilýär. Onuñ ''Kyrkmüñler'' şahasynda Görogly duşmanyñ sanyny bilmek üçin hyzmatkär sypatyna girýär we baş serkerdäniñ ýanyna çenli özüni tanatman barmagy başarýar(18). Seljuk türkmenleriniñ beýik weziri Nyzamylmülk özüniñ ''Döwlet dolandyrylyşy hakyndaky kitabynda'' içalyçylyga ýörite bir baby bagyşlaýar (13-nji bap. Içalylaryñ ugradylyşy, döwletiñ bähbidi we halkyñ abadan ýaşaýşy). Bapda şeýle diýilýär: ''Jansyzlary täjirleriñ, derwüşleriñ, sopularyñ, derman serişdelerini satýanlaryñ we gedaýlaryñ sypatynda ähli ýerlere yzygiderli ugradyp durmaly. Goý, olar hiç zat gizlin galmaz ýaly, ähli gören, eşiden zatlaryny habar berip dursunlar. Şeýle edilse, islendik ýüze çykan wakadan baş alyp çykmaga ýagdaý döreýär. Ýerli ýolbaşçylaryñ, emeldarlaryñ, emirleriñ we ş.m. hökümdara boýun egmän, oña duşman hökmünde garap, ýamanlyk eden wagtlary az bolmandyr. Şonda jansyz ýagdaýy hökümdara ýetiripdir. Hökümdar bolsa duýdansyz goşun çekip olaryñ üstüni basypdyr we ählisini tussag edip, niýetlerini puja çykarypdyr. Ýa-da keseki ýurduñ hökümdarynyñ goşun çekip gelýändigini öñünden duýdurypdyrlar. Bu ýagdaýda hökümdaryñ ýagyny yzyna serpikdirmek üçin taýýarlyk görmäge wagty bolupdyr''(19).
Keseki ýurtlara ýörite tabşyryk bilen ugradylýan ilçileriñem içalyçylyk edendigini bellemegimiz gerek. Nyzamylmülk bu barada şeýle diýýär: ''Hökümdarlar biri-birleriniñ üstüne ilçileri, diñe bir şertnama baglaşmak ýa-da möhüm meseläni çözmek üçin ugratman, eýsem, ýüzlerçe gizlin we ownuk zatlary bilmek üçinem ýollapdyrlar. Meselem, olar keseki döwletiñ ýollary, geçelgeleri, derýalary, dereleri, agyz suwlarynyñ ýagdaýy, goşunyñ geçip biläýjek ýerleri, nirelerde ot-çöpüñ bardygy we ýokdugy, haýsy emeldaryñ nirede ýerleşýändigi, patyşanyñ goşunynyñ ýagdaýynyñ nähilidigi, sanynyñ näçedigi, ýaraglary we onuñ sany, hökümdaryñ myhman kabul edişi, ýygnak geçirişi, oturup-turşy, awa gidişi, ''çowgan'' oýnaýşy, gylyk-häsiýeti, durmuşy, haýyr-sahawatlylygy, hüşgärligi, dürli meselelerden baş alyp çykyşy, aýlyk, günlük töleýşi, adalatly we adalatsyz hereketi we ş.m. barada gyzyklanypdyrlar.
Şeýle hem, hökümdaryñ garrydygy ýa-da ýaşdygy, alymdygy ýa-da nadandygy, ýurdunyñ çagşaýandygy ýa-da gülläp ösýändigi, goşunynyñ ondan göwnüniñ hoşdygy ýa-da däldigi, halkynyñ baý ýa-da garypdygy, onuñ döwlet işlerini alyp barşy, wepaly weziriniñ bardygy ýa-da ýokdugy, dindarlygy, köşgüniñ ýagdaýy, tejribeli, öz işine ökde esgerleriniñ köpdügi ýa-da azdygy, alymlarynyñ, akyldarlarynyñ düşünjelidigi ýa-da däldigi, olaryñ nämäni ýigrenip, nämäni gowy görýändikleri, patyşanyñ şerap içen wagty şadyýandygy ýa-da däldigi, onuñ gulamlaryñ ýa-da aýallaryñ ýanynda bolmagy gowy görýändigi barada maglumat topalapdyrlar. Eger ilçiler hökümdaryñ garşysyna duşmançylykly hereketi ýüreklerine düwseler, onda onuñ alyp barýan işlerine garşy çäre görüpdirler, gowy hem-de erbet taraplaryny saldarlap görüpdirler''(20).
Bular ýaly tabşyryklar Ýewropanyñ hem-de Aziýanyñ ähli ilçilerine berlipdir. Meselem, Wenesiýanyñ senaty öz ilçisi Kateriony Dzenony Akgoýunly türkmenleriñ döwletine (XV asyr) ýollamakçy bolanda, şu aşakdaky gizlin tabşyrygy beripdir: ''...Bu hökümdaryñ (Uzyn Hasan Türkmeniñ ㅡ Ö. G.) gujur-gaýraty, ýaşy, saglygy, düşünjesi we onuñ döwleti, geografik ýerleşişi, girdejisi, goşuny, döwlet serhedi, şeýle hem, öz möhüm hasaplan beýleki zatlaryñ barada doly maglumat alyp gel. Yzyña dolanañda, hemmetaraplaýyn derñelen gowy maglumatlaryñ bolsun''(21).
Taryhy çeşmelerde türkmenleriñ garaşylmadyk ýerden duýdansyz peýda bolýandyklary barada köp agzalýar. Şol bir wagtyñ özünde hem, duşmanyñ türkmenleriñ sany, söweş täri barada hiç zat bilmän galýandyklary we türkmen serdarlarynyñ duşmanyñ ýerlerini özlerinden gowy bilip haýran galdyrandyklary barada aýdylýar.
Orta asyrlarda ýaşan taryhçy Ahmet al-Kalkaşandy ''Kätipçilik sungatyny bilmeýänler üçin gollanma'' atly ensiklopedik eserinde Müsürdäki memluk türkmenleriniñ añtawçylyk işleri barada gyzykly maglumatlar berýär. Onuñ aýtmagyna görä, añtawçylyk işleri barada gyzykly maglumatlar berýär. Onuñ aýtmagyna görä, añtawçylyk gullugy döwlet diwanbaşysyna tabşyrylypdyr. Diwanbaşy diñe bir diwandan geçýän iş kagyzlaryna gözegçilik etmek bilen çäklenmän, eýsem, soltanyñ resmi hatlaryna-da, poçta işlerine-de, Mekgä we Medinä gidýän hajylaryñ işlerine-de seredipdir. Ol diwanbaşylyk bilen bir hatarda gizlin gullugyñ başlygy wezipesini ýerine ýetiripdir hem-de onuñ düzümindäkilere gözegçilik edipdir. Bu wezipä ''Katib as-sirr'' (syr kätibi) ýa-da ''katim as sirr'' (Syr saklaýjy kätip) diýip at beripdirler. Syr saklaýjy kätiplik üçin akylly, mekir, ynamdar, dogry sözli, duşmanyñ däbini, hüý-häsiýetini we dilini bilýän içalylary saýlap alypdyrlar. Diwanbaşy ähli jansyzlary ýüzünden tanap, olary gerekli ýerlere tabşyryk bilen ugradypdyr. Kesekiler tarapyndan hakyna tutulmaz ýaly, gizlin işiñ üsti açylan wagty syrlaryny paş etmez ýaly, içalylar bilen ýörite terbiýeçilik işleri yzygiderli geçirlipdir. Syr saklaýjy kätip öz elindäki işgärler bilen hemişe sypaýyçylykly bolupdyr. Ol gödek bir ýalñyşlyk ýüze çykaýsa-da, sowukganlylygy elden bermändir. Içalynyñ zähmetiniñ sahylyk bilen sylagyny ýetiripdirler. Jansyz duşman goşunynyñ arasynda bolup ýörkä, onuñ çagalary döwlet tarapyndan eklenipdir. Eger içaly öldürilse, onda syr saklaýjy kätip onuñ mirasdüşerlerine elinden gelýän kömegi gaýgyrmandyr''(22).
Al-Kalkaşandy: ''Hiç kimiñ öz ýurduny, öz goşunyny duşmanyñ içalylaryndan goramaga güýji ýetmez'' diýip belleýär. Şeýle-de bolsa, içalylardan goranmak üçin birnäçe çäreler görlendigini, ýagny esasy döwlet edaralarynda diñe musulmanlaryñ işländigini, bir sebitden ýygnanan adamlardan goşun bölüminiñ döredilmändigini, çaparlaryñ doly barlagdan geçirilip, ynamdarlygyna göz ýetirilendigini nygtaýar.
Memluk goşunynyñ aglabasy oguz türkmenlerinden we gypjaklardan ybarat bolupdyr. Aýratynam, olar üsti açylan içalylary özlerine çekmeklige uly üns beripdirler(23).
Sun U duşmanyñ jansyzlaryny öz tarapyña nädip çekmelidigi hakynda şeýle ýazýar: ''Biziñ garşymyza işlemäge gelen duşmanyñ içalylaryny içimizden añtap tapmak gerek. Olaryñ ugruny tap-da, özüñe çek. Hiç ýanyñdan aýyrma. Netijede, sen iki esse köp jansyz edinen ýaly bolarsyñ. Iki esse köp peýda görersiñ. Çünki sen olardan alan maglumatlaryñ esasynda, keseki ýurduñ içinden we töwereginden içaly edinip bilersiñ. Olardan alan maglumatlaryñ kömegi bilen seniñ gitse gelmeýän jansyzlaryñ duşmany aldap, ýalan habarlary ýaýradyp bilerler. Olaryñ kömegi bilen yzyna gaýdyp barýan jansyzlary-da peýdalanyp bolar. Gerek ýerinde ...iki taraplaýyn işleýän jansyzlara zadyñy gaýgyrman jomartlyk etmelidir''(24).
XIV-XV asyrlarda türkmenler añtawçylygyñ ähli döwrebap tärlerini we garşylykly añtawçylygy gowy bilipdirler.
Şeýle hem olar ikiýüzli içalylary ulanyp, duşmany aldamagy we ýalan maglumat ýaýratmagy başarypdyrlar(25).
Ähli gizlin habarlar täjirleriñ ýa-da Müsürde giñden ulanylan kepderi poçtalarynyñ kömegi bilen ''Syr kätibine'' ýetirilipdir. Iş kagyzlarynyñ köpüsi şifre (belgä) salnypdyr. Gündogarda-da, Günbatarda-da gizlin ýazgylara aýratyn üns berlendigini bellemegimiz gerek. Gadymy döwrüñ harby nazaryýet işgäri Eneý (b.e.öñ IV a.) traktatynyñ ýazgysynyñ on iki göterimini gizlin aragatnaşyklaryñ serişdelerine bagyşlapdyr. Gizlin ýazgylar bilen meşgullanmak Eneýiñ iñ gowy görýän işi bolupdyr. Ol Gündogaryñ hem Günbataryñ añtawçylyk tejribelerini deñeşdirip, öz tärini saýlap tapypdyr(26). Elbetde, gizlin habarlary äkitmegiñ iñ ýeñil usuly ony bildirmän, gizlin ýetirmekden we şifre salmakdan ybaratdyr. Türkmenleriñ ata-babalarynyñ ösen añtawçylyk gullugynyñ we özlerine mahsus bolan gizlin ýazgylarynyñ bolandygyna şek-şübhe ýokdur. Gizlin ýazgylaryñ orta asyrlarda kämillik derejesine ýetendigini-de aýdýarlar.
Al-Kalkaşandy şifrli ýazgylaryñ birnäçe ugurlarynyñ bolandygyny beýan edýär. Meselem, ol süýt bilen ýazylan ýazgynyñ şemiñ ýalnyna ýüze çykýandygyny (muña, sogan şiresi bilen ýazylan ýazgylaram girýär), mis kuporusy bilen ýazylan ýazgyny bolsa suw goşulan hoz syýasynyñ kömegi bilen okap bolýandygyny aýdýar. Başga-da birnäçe haýran galdyryjy usullar bolupdyr. Muña mysal edip, arap elipbiýindäki harplaryñ beýleki halkalaryñ ulanýan harplary bilen üýtgedilişini görkezmek bolýar (bu ýerde türk, mongol, ermeni, pars, ýewropa, grek, latyn we ş.m. elipbiýleri göz öñünde tutulýar.) Gizlin ýazgylaryñ görnüşleriniñ içinde tersine okamak (meselem, Muhammet adynyñ Temmahum ýazylyşy) ýa-da harplary sanlar bilen üýtgetmek (meselem, Muhammet=40+8+40+4) ýaly usullar has hem özüne çekijidir. Şeýle hem, her bir arap harpy üçin adamyñ, ýurduñ, haýwanyñ, ösümligiñ we ş.m. zatlaryñ atlaryny añladýan ýörite gizlin belgi (kod) bolupdyr(27).
Etnolog Ý. M. Botýakow XIX asyrda hem-de XX asyryñ başlarynda ýaşan türkmenleriñ alyp baran añtawçylyk işleri barada diýseñ gyzykly maglumatlary berýär. Onuñ ýol ýazgylarynda Türkmenistandaky türkmenlerde añtawçylaryñ üç sany görnüşiniñ bolandygy aýdylýar.
1. Sakçy ㅡ pyýada garawul;
2. Barlagçy ㅡ atly añtawçy;
3. Ilçi ㅡ maglumat agtarýan añtawçy.
Bularyñ ählisi biri-birine bagly bolupdyr. Ilçi, köplenç, derwüş ýa-da täjir sypatynda gezip içalyçylyk, habar-maglumat añtawçylygyny ýerine ýetiripdir. Ol agtaryp tapan maglumatlaryny harby atly añtawçylyk gullugyna ýetiripdir. Barlagçy bolsa, öz gezeginde bu maglumatlary haýsy-da bolsa bir geçelgede gizlenip duran pyýada añtawça (sakça) beripdir(28).
Türkmen añtawçylary birinji jahan urşy döwründe rus harby adamlaryny haýran galdyrypdyrlar. Ýagny 1914-17-nji ýyllarda Russiýa imperiýasynyñ tarapynda söweşen teke atly polky frontda uly gahrymançylyk we ýokary harby ussatlygyny görkezmegi başarypdyr. 1914-nji ýylyñ Sanjar aýyndaky ''Petrograd kurýerinde'' habarçy F. Kupçinskiý türkmen ýigitleri hakynda şeýle diýýär: ''Tekeler öz ýanlary bilen ätiýaçlyk atlaryny haly çadyrlaryny getiripdirler. Olar birnäçe gezek söweşe gatnaşan bolsalar-da, edil toýa gelen ýaly ruhubelent, şadyýan hem keýpihondylar. Bular, esasan, at üstünde gezip, añtawçylyk bilen hem meşgullanýardylar. Olaryñ bu işi ýerine ýetirişi hemişelik (regulýar) atly goşunyñkydan kem däldi. Aram-aram atlaryny taşlap pyýada ýöreýärdiler.
Olaryñ duçmanyñ tylyna aralaşyp, möhüm maglumatlar getirýän wagtlary az däldi''(29).
Ikinji jahan urşy döwründe hem ýüzlerçe türkmen añtawçylary dürli frontlarda söweşipdirler. Muña mysal edip, belli türkmen añtawçysy Gurban Durdyny, Aga Berdiýewi ýatlamak bolar. 1941-nji ýylyñ Gorkut aýynyñ 26-synda ser£ant Gurban Durda ýanyna iki sany esger alyp añtawçylyga gitmelidigi hakynda buýruk berilýär. Olar Prut derýasyndan geçip, bir gün diýen ýaly faşist goşunlarynyñ ýerleşýän ýerinde bolýarlar. Añtawçy topar duşmanyñ güýjini anyklap, ot açyş nokatlaryny karta geçirenden soñra yzyna dolanýar. Olar yzyna gaýdyp gelýärkäler, duşmanyñ kiçiräk goşun bölümine pete-pete gelip, söweşmeli bolýarlar. Faşistler san taýdan köplük bolsalar-da, türkmen añtawçylary bu çaknyşykda üstün çykýar. Gurban Durdy faşist esgerleriniñ we ofiserleriniñ köpüsini ýok edip, diri galanlaryny ýesir alýar. Gorkut aýynyñ 27-sinde bolsa añtawçy gahrymanymyz duşmanyñ iki sany ot açyş nokadyny ýok edip, goşunyñ öñe gitmegini gazanýar. Gurban Durdy üç ýerinden agyr ýaralansa-da, söweşmegi dowam etdirýär. Diñe dördünji alan ýarasy sebäpli, ol söweş meýdanyny taşlamaly bolýar. SSR Soýuzynyñ Ýokary Sowetiniñ Prezidiumy görkezen gahrymançylygy üçin Gurban Durda Sowet SoýuzynyB Gahrymany diýen belent ady dakýar. Türkmen söweşijisiniñ nemes-faşistik basybalyjylaryna garşy gahrymanlarça söweşip, Sowet Soýuzynyñ Gahrymany diýen belent ady ilkinjileriñ hatarynda alandygyny-da aýratyn bellemek gerek(30).
Şeýlelikde, gadymy döwürde hem-de orta asyrlarda ýaşan türkmenleriñ añtawçylyk ulgamynyñ ýola goýluşynyñ şol döwrüñ ýewropa halklarynyñkydan has kämil bolandygyny aýtmak bolar. Has dogrusy, Ýewropada añtawçylyk gullugynda XVI ㅡ XVII asyrlarda, ýagny Ýewropanyñ harby serkerdeleri (strategleri) Aziýa halklarynyñ harby tejribelerini öwrenenden soñra yzygiderli peýdalanyp başlapdyrlar.

Edebiýatlar

1. Sun U. Synszy ''Söweş sungaty'' (b.e.öñ VI asyr).
2. Gundogdyýew O. A. Geroiçeskiýe eposy o woýennoý istorii turkmen //Türkmen arhiwi/ - Aşgabat, 1996.-No1-2.-S.66.
3. Sit. Po: Kowalewskaýa W. B. Kawkaz i alany. Weka i narody. -M., 1984.-S.74.
4. Mubarakşah Ş. Abad al-harb wa-ş-şudjaat (Prawila wedeniýa woýny i mu£estwo) Per. s per. D£. Nad£mutdinoý i S. Şuhomorowa. -Duşanbe, 1997. -S. 178-180.
5. Babur-name /Per. M. Sale. -Taşkent, 1958.-257.
6. Şol ýerde - sah.368.
7. Raşid-ad-Din Fazlallah. Oguzname/Per. R.M. Şukýurowoý. -M., 1991.-S.57
8. Şol ýerde -S.46.
9. Sun U Sunszy (Iskusstwo woýny).-http://lib.ru/POECHIN/suntzur.txt.-S.24.
10. Şol ýerde - S.25.
11. Şol ýerde - S.25.
12. Gorbylýew A. Neizwestnoýe nin-dzýusu. WIK ,,Put Meça'': Ýaponiýa-razwedka i nindzýusu.-S.4-5.
13. Stawiskiý B. Ýa. Me£du Pamirom i Kaspiýem (Srednýaýa Aziýa w drewnosti).-M., 1966.-S.99.
14. Şol ýerde - S.25.
15. Kşibekow D. Koçewoýe obşestwo: genezis, razwitiýe, upadok.-Alma-Ata, 1984.-S.58.
16. Frontin Sekst Ýuliý. Strategemy (Woýennyýe hitrosti).-Kniga I. ㅡ x Legio. Boýewaýa tehnika drewnosti. -Bibloteka. Perwoistçniki.-S.2.
17. Mawrikiý. Taktika i strategiýa/Per. s lat. Kapitana Sabyşewa.-SPb, 1903.-x Legio. 1.5.-Desýatyý legion. Boýewaýa tehnika drewnosti. -Biblioteka. Perwoistçniki.-Kniga wtoraýa. Ob uprawlenii konniseý.-S.1.
18. Mammedýazow B. Turkmenskiý geroiçeskiý epos ''Gýorogly''.-Aşhabad, 1992.-S.156.
19. Nizam al-Mulk. Siýasat-name (Kniga ob uprawlenii gosudarstwom)/Per. B. N. Zahodera. -Duşanbe, 1998.-.73.
20. Şol ýerde - sah.89.
21. Mahmudow Ýa. M. Wzaimootnoşeniýa gosudarstw Akkoýunlu i Sefewidow s zapadnoýewropeýskimi stranami (II pol. XV - naçalo XVII weka). -Baku, 1991.-S.24; Gundogdyýew O.A. Iz istorii turkmenskoý diplomatii. -Aşgabat, 2003,-S.114.
22. Smirnow W. Ýe.,Nedweskiý A. G.Mamlýuki - besstraşnyýe woiny i razwedçiki Ýegipta//£iwaýa istoriýa Wostoka: Sbornik.-M., 1998.-S.225.
23. Şol ýerde - sah.256.
24. Sun U. Ukaz. rab.-S.25.
25. Smirnow W. Ýe., Nedweskiý A. G. Ukaz. rab.-S.256.
26. Belýaýew W.F. Eneý - Taktik - perwyý woýennyý teoretik antiçnosti. -x Legio. 1.5.-Desýatyý legion. Boýewaýa tehnika drewnosti. -Biblioteka. Perwoistçniki. -S.6
27. Smirnow W. Ýe. Nedweskiý A. G. Ukaz. rab.-S.257.
28. Botýakow Ýu. M. Alaman. Sosialno-ekonomiçeskiýe aspekty instituta nabega u turkmen (seredina XIX-perwaýa polowina XX wek). -SPb, 2002.-S.166-167.
29. Gundogdyýew O.A., Annaorazow D£. Slawa i tragediýa. Sudba Tekinskogo konnogo polka (1914-1918). -Aşhabad" 1992.S.19.
30. Istoriýa Turkmenskoý SSR.-Aşhabad, 1955.-T.II.-S.567-568.


Öwez GÜNDOGDYÝEW

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir