Ata Gowşudow

Ata Gowşudow 1925-26-njy ýyllarda ownuk goşgular, oçerkler ýazyp başlaýar. 1925-nji ýylda ''Ýaş kommunist'' gazeti açylanda oña redaktor bellenýär. Ata Gowşudow mugallym, ''Türkmenistan'' gazetinde edebi işgär, habarçy, dil we edebiýat institutynda ylmy işgär bolup işlemek bilen Türkmenistanyñ dürli künjeklerine aýlandy.
A. Gowşudow türkmen halk döredijiligini toplamakda, öwrenmekde uly iş bitiren ýazyjylaryñ biridir. Ol 1940-njy ýyllarda türkmen halk ertekileriniñ ençemesini, ''Aýal-gyzlaryñ aýdymlaryny we lälelerini'', ''Görogly'' eposyny neşir etdirýär. ''Magtymguly we halk döredijiligi'', ''Bagşy we şahyr'' ýaly makalalary ýazýar.
Bir tarapdan, belli ertekiçi Ogulgerek ejäniñ gürrüñleri, ikinji tarapdan, ýazyjynyñ ýurduñ bar ýerine aýlanyp, gadymy mirasymyzy toplamagy, durmuş tejribesiniñ artmagy geljekki meşhur kyssaçynyñ ''Gandym awçynyñ maşgalasy'' (1942), ''Dordepel'' (1951) ýaly powestleri, uruşdan öñ ''Perman'', uruş ýyllary ''Mähri-Wepa'', uruşdan soñ ''Köpetdagyñ eteginde'' ýaly romanlaryny okyja hödürlemäge ýardam boldy.
Ata Gowşudow bilen ellinji ýylyñ güýz aýlary, uniwersitetiñ birinji kursynda okap ýörkäm ýazyjylar soýuzynda ilkinji sapar duşupdym.
Eserlerini halap okap, gaýybana tanap ýören adamyñ duşmak durmuşyñda ýatdan çykmajak uly waka bolýar.
Ata aga agras, gatybir geplemsegem däl eken welin, añyrsynda degişme gürrüñleri ýeterlik ýaly.
ㅡ Urşuñ yz ýanlary otluda Moskwa, ýazyjylaryñ ýygnanyşygyna gitmeli bolduk ㅡ diýip, bir bolan wakany gürrüñ berdi. ㅡ Hawa, Ata Salyh ikimiz Almaatadan añryk gazak ýazyjylary bilen otluda bir küpede gitdik. Tanyşlykdan soñ, olaryñ biri, öz galamdaşlary barada söhbet açdy. Ata Salyham Jambyl bilen öñ sataşany üçin, gaty düşünmese-de, söhbetdeşini ''Hawa, hawa'' diýip, makullan bolup, ýylgyryp otyrdy.
Ýañky gürrüñ berýän ''Heniz aradan çykmanka, men Jambyla duşdum'' diýip ýatlanda, Ata Salyham ''Jambylyñ täze kitaby çykdy'' diýendir öýdýän bolsa gerek. Ellerini çarpyp, makullap gülüp goýberdi. Soñ dym-dyrslyk aralaşdy. Sebäbi ýañky söhbetdeş çaý demlemäge çykdy. Ata Salyh biraz diñşirgenip maña:
ㅡ Atam, näm boldy? Hijiñiz sesiñiz çykmaýar-la ㅡ diýdi.
Menem:
ㅡ Atdaş, sen ses çykar ýaly etdiñmi? Dostumyz gaharlanyp çykyp gitdi. Ol:
''Jambyl aradan çykdy'' diýdi welin, senem oñly düşünmän, elleriñi çarpyp, gülmek güldüñ.
Atdaş: ''Wah ol-a bolmandyr'' diýip, güp ynanyp, esli wagtlap dymyp oturypdy ㅡ diýip, gürrüñ beripdi.
Hawa, kanikuldan gelip, ilki baran ýerim Aşgabadyñ haýwanat bagy bolupdy. Ýoldaşym bilen baran agyzdaky gyzyl sülgünleri synlap durus. Wagtam gijöýländi. Edil gapdalymyzda iki adamyñ gepleşýäni eşidildi.
ㅡ Ata aga, gezelençmi?
ㅡ Gahrymanlarymy şu baga aýlap ýörün.
Ýalpa şol tarapa seretdim. Görsem, belli kyssaçymyz Ata Gowşudow ekeni. Ýazyjyny öñ birki sapar görüpdim. Bäş-on agyz gürrüñem eşidipdik. ''Tanarmy tanamazmy?!'' diýip ikirjiñlendim. Barybir, salam berip, onuñ golaýragyna bardym:
ㅡ Ata aga, salawmaleýkim!
Ata Gowşudow elini uzadyp, tanajak bolup synandy öýdýän. Ýiti-ýiti seretdi:
ㅡ Aleýkim, jigi! Gurgunlykmy, aýlanýañyzmy?
ㅡ Tanan dälsiñiz, Ata aga!
ㅡ Han ogul, bir görenim-ä meñzedýän. Ýazyp-bozýan ýaşlardan bolsañ gerek.
Men özümi tanatdym. Öñem bir sapar gürrüñdeş bolanymy ýañzytdym. Gürrüñimiz ugra gitdi. Ol elini arkasynda gowşuryp, synlap ýörşüne gürrüñ edip barýar:
ㅡ Men şu baga aram-aram aýlanyp durýan. Jandarlaryñ hersine nazar aýlanyñda, bir wakany ýatladaýýar. Özüñ ýekeje bolsañam, telim gahrymanyñ ýerine kelläñde bir öwürmeli bolýañ. Awçynyñ ýerine oýlanjak bolsañ, şularam synlamaly-da, haýwanat dünýäsem, görýäñiz, durşyna ummasyz baýlyk. Munam öwrenmeli. Oña birbada akyl ýetirip bolaýmaýar...
Ata Gowşudow uly ýazyjydy, ýöne kiçi göwünlidi. Entek bäş-dört goşgusy çykan başlangyç şahyr bilen şeýdip tirkeşip ýörmegi, pikir alyşmagy şol mahal kalbymda öçmejek täsir döredipdi. Geljekde tebigat dünýäsi bilen barha ysnyşmagyma, oña diñe peýdalanmak gözi bilen garaman, añymda täsir almak, guwanmak duýgusynyñ ösmegine gönüden-göni goltgy beripdi.
Ata aga haýwandyr guş-gumrularyñ her gözeneginiñ alnyna baranda, il içindäki rowaýaty, gürrüñleri aýdyp, düşündiriş berip barýardy. Ol entek ellem ýaşamandy, şonda-da süýrüleç kellesi çap-çaldy. Özi äwmezek, degişgen, sarpaly adamdy.
Ýöne öýkelegräkdi, gönümel häsiýetem bardy. 1951-52-nji ýyllar bolsa gerek, ýazyjylar guramasynyñ ýolbaşçylarynyñ biriniñ otagyna ýygnanandyk. Ata Gowşut ýolbaşçy ýazyjynyñ stolunyñ üstünde üýşüp duran, dürli ýurtlaryñ kyssa kitaplarynyñ birki sanysyny eline aldy-da:
ㅡ Hä, bularyñam geregi çykýarmy ýa bulardan öwrenjek bolýarmyñ? ㅡ diýip, çalarak çetine degjek bolan ýaly, ýañsylabrak sorady.
Ýolbaşçam Ata agadan 15-16 ýaş kiçiligi üçinmi ýa jaý jogap tapyp bilmäni üçinmi, çekinibräk:
ㅡ Bularam okamal-a ㅡ diýip garyljagrak sözläp, gyýtagrak bakyp, jogap berdi.
Bir sapar öýlerine baranymda, ol otuzunjy ýyllarda Kerki (häzirki Atamyrat) töwereginde ''Türkmenistan'' gazetiniñ ýörite habarçysy bolup işlänini, käbir ýaşulylar bilen ýörite söhbet edendigini süýjüdip gürrüñ berdi. Öz döwründe ýörgünli ''Juma'' oýnunam şol taýlaryñ durmuşyndan öwrenip ýazanynam gürrüñ arasynda ýatlady.
Ata aganyñ öýünde myhman bolup men bir zada geñ galdym: ýazyjy şol etraplaryñ käbir adamlarynyñ atlaryny köplenç aýaly Bossan daýzadan soraýardy:
ㅡ Bossan, hol 300 goýunly baýyñ ady nämedi? Ýadyña düşýändir-ä, Bossan! Pomidory mallaram, iýmän, ysgap-ysgap geçibererdi. Şo töwerekde ilki pomidor ýetişdiren adamyñ ady ýadyña düşýärmi? ㅡ Ata aga uludan demini aldy ㅡ Ol ýyllar Ahal-da bag juda azdy. Çüli bile Babarapda almalyk bardy. Hemme ýerde känräk üzüm bolardy. Bu töwerek düme bugdaý ekerdi. Gawun-garpyzyñ-a adam ýokdy.
Ata aganyñ esliräk ýüwrüp ýörenje gyzlary hem Ilşat diýen ogly bardy. Gyzlaryñ atlary geñräk, owadan, utgaşykly bolany üçin, häzirem ýadymda.
Şemşat, Gülşat, Baharşat, Bolşat, Nurşat.
A. Gowşudow bimahal, ýañy elli ýaşynda (1903-1953) aramyzdan gitdi. Ony örän uly märekä goşulyp, talyplar bilen jaýlamaga-da gatnaşypdyk. Ata Gowşudowyñ kitaplary biziñ ýaşlyk ýoldaşymyz bolupdy.
Türkmen edebiýatynyñ taryhynda mynasyp orny eýeleýän, edebiýatyñ aýry-aýry döwürlerde ösüş basgançaklaryna galmagyna badalga beren Ata Gowşudowyñ käbir gahrymanlary okyjynyñ añynda ýaşap gelýär. Ol bolsa belli kyssaçymyz Ata Gowşudowyñ ýatlanmagyna mynasyp ýazyjymyz bolanlygynyñ alamatydyr.


Kaýum TAÑRYGULYÝEW

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir