Magtymguly we Oguz han (J. Ataýew)

DÖRT DELIL ýa-da «Ol Oguz han, bakyda bir röwşen Guz bar!»

Türkmen topragynda pasyllaryň soltany hasaplanýan baharyň iň soňky aýy – maý aýy türkmen üçin Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mübärekleşen aýlaryň birine öwrüldi. Bu aýyň birinji ongünlügindäki Ỳeňiş baýramynyň dowamaty ikinji ongünlikde Gündogaryň şamçyragy, Turan topragynda ýaşaýan türki halklaryň ruhy zulmatda ýaşan zamanasynda — XVIII asyrda olaryň tümlüge bürenen ruhy asmanyna nur saçyp, halka geljegiň ýoluny görkezen parlak ýyldyz – türkmen milletiniň beýik aryf-danasy hezreti Magtymguly Pyragynyň hormatyna uly dabara bilen bellenýän Galkynyş, agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen sepleşýär. Milletimiziň beýik akyldaryna döwlet derejesinde edilýän bu hormat, külli türkmeni diýseň hoşnut edýär. Milli Liderimiziň türkmen ruhunyň şamçyragy – hezerti Magtymguly Pyragy babatda amala aşyrýan haýyrly işlerini diňebir türkmenistanlylar däl, eýsem-de dünýäniň çar künjeginde ýaşaýan türkmenler bimöçber alkyşlaýar. Mähriban Arkadagymyzyň aryf-danamyza goýýan çuňňur hormaty, akyldaryň döredijiligini öwrenýänlere-de ruhy hemdemlik berýär. Şu makala hem Milli Liderimiziň aryf-danamyzyň mertebelenmäge mynasyp ruhuna goýýan çuňňur hormatyna özboluşly seslenmedir. «OGUZDAN TÄ KI, ÇINGIZ HANA ÇENLI» Türkmeniň beýik şahyrlarynyň biri Nurmuhammet Andalyp «Oguznama» poemasynyň «Gypjak hanyň dünýä inmegi» atly babynyň 18-nji beýtinde Oguz han atamyzyň dünýäden öten wagtyndan Çingiz hanyň dünýä inen senesine çenli geçen zamanany şeýle nygtaýar: Oguzdan tä ki, Çingiz hana çenli, Geçipdir tört müň ýyl, dah:a (ýene-de) elli... Diýmek,Oguz hanyň dünýäden gaýdanyndan tä Çingiz hanyň dünýä inen ýylyna çenli 4050 ýyl töweregi wagt geçipdir. Şeýle bolsa, Çingiz han miladynyň 1155-nji ýyly dünýä inen. Eger ol seneden bäri 2014-nji ýyla çenli 859 ýyl geçendigini göz öňünde tutsak, ony hem goşgy setirlerindäki agzalýan 4050-niň üstünde goşup, Andalybyň hasaby esasynda jem çykarsak, Oguz han atamyzyň dünýäden gaýdanyna 859+4050 = 4909 geçipdir... Indi ýene-de Andalybyň «Oguznamasyna» dolanalyň. Ol «Oguz hanyň hakanlygyny ogullaryna tabşyrmagy» atly babynda Oguz hanyň şa tagtynda oturan döwri barada şeýle maglumat berýär: Jahangirlik (patyşalyk) ýolunda segsen üç ýyl, Gezip, öz iline aýlandy ol, bil... Diýmek, Oguz han atamyz 83 ýyllap dünýäniň dürli künjegine ýöriş edip, iň soňunda öz iline aýlanypdyr (dolanypdyr). Ỳokarda çykaran sanymyz esasynda Oguz han atamyzyň 2014-nji ýyldan 4909 ýyl ozal aradan çykandygyny ykrar edýän bolsak, onda ol sanyň üstüne onuň hökümdarlyk süren 83 ýylyny ham goşsak, onda «Oguz han atamyz mundan (4909+83=) 4992 ýyl ozal şa tagtyna çykypdyr» diýen netijä gelmek bolýar. Eger «Oguz han atamyz orta hasap bilen 25 ýaşanda hökümdarlyga geçiripdir» diýip kabul etsek, onda «Ol 2014-nji ýyldan (4992+25=) 5017 ýyl ozal dünýä inipdir hem-de 108 ýyl töweregi ýaşapdyr» diýen netijä gelmek bolar. Bu çaklama hasabymyzda 5-10 ýyl eýläk-beýlek bolup biler. Andalybyň poemasyndaky bu maglumaty Magtymguly akyldarlyrymyzyň şygyrlaryndan ýüze çykaran dör delilimiz bilen hem kömegi bilen hem berkidip bileris. Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanynda ýerleşdirilen «Ýaşy nädendir?» atly goşgusynda bar bolan iki setiriň türkmen neşirlerinde berilýän nusgany getireliň: «OL KIMDIR, BAKYDA BIR RÖWŞEN GÖZ BAR» Birinji delil Hezreti Magtymgulynyň şygyr diwanyndaky Oguz han hakyndaky syrly setirleri seljermäge girişmezden ozal, bir meseläni çözmekçi. Hezreti Magtymgulynyň şygyr diwanyna seljeriş işlerini ýazmagy özüme maksat edinenim bäri 20 ýyldan gowrak wagt geçipdir. Zähmetimiň miwesinden 100 töweregi ulyly-kiçili makala emele gelipdir. Emma bu Magtymgulynyň syrly diwanyny içi ary baldan doly ýanlyga meňzetsek, meniň barmagyma ilen, ol ýanlykdan aşak daman bir damja bal mysalyndadyr. Şoňa-da şükür edýärin. Bu gezekki makalany ýazmak bilen edýän synanyşygymyz Magtymguly danamyzyň şygyr diwanynda Oguz han atamyza bagyşlanan syrly setirlere ünsi çekmekdir. Şahyryň 7 bentden ybyrat «Ỳaşy nädendir?» atly goşgusynyň aşakdaky setirleri şeýle nusgada ýerleşdirilen (mysalllar TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň neşir eden «Magtymguly» eserler ýygyndysy atly 2 jiltlik (Aşgabat — 2013) kitapdan alynýar): Ol kimdir, bakyda bir röwşen göz bar, Öňünde magnysy tört müň tört ýüz bar... (1-nji jilt, 126 sah.) Şygyrdaky birinji setirinde neşirçiler tarapyndan doly anyklanylmadyk nätakyklyk gidipdir, sebäbi ondaky «göz» sözi biziň pikirimizçe göz däl-de «Guz» bolmaly. Arap dilinde Oguz hanyň adyny Guz, oguz-türkmenleri hem guzlar diýip ýazypdyrlar. Bulary delillendirmek üçin arap, pars çeşmelerinde däl-de, okyjylarymyzyň aglabasyna elýeter, 1957-nji ýylda Aşgabatda rus dilindeneşir edilen «Istoriýa Turkmenskoý SSR» atly taryh kitabynyň 1-nji jildiniň 178-nji sahypasyna salgylanmak ýeterlik. Onda şeýle ýazylan: «Araplar oguzlary «guza», hytaýlylar bolsa «gesa» diýip atlandyrypdyrlar». (Elbetde, bu ýerde özümden goşmaça aýtjak zadym, araplar oguzlara «guza» diýmän, «guz» diýipdirler). Arapça: «gaýn», «waw» we «ziý» harplary bilen ýazylan «guz» sözüni diňe arap elipbiýini bilýän, arap ýazuwynyň esasyndaky köne türkmen elipbiýinde «gül», «gunça», «göz» ýaly sözleri ýazmak üçin ulanylýan «gaf — (g)» harpynyň bardygyny ünsden düşüren kätip «Guz» sözüni «göz» diýip okap hem, göçürip biler. Ýöne hezreti Magtymguly ol setirleriniň başynda «Ol kimdir?» diýen sowaly goýýar ahyryn! Eger ol ýerde ynsanyň synasyndaky göz hakynda gürrüň gidýän bolsa, onda ol ýerde aryf danamyz: «Ol näme?» diýen sowaly orta atardy. Şeýlelikde, ol ýerdäki söz «göz» däl-de, has at (Oguz adynyň arapça nusgasy) Guz bolup gelýär diýsek, dogry bolar. Şahyryň: «Ol kimdir, bakyda bir röwşen Guz bar?» diýýänini sadalaşdyryp, häzirki türkmen dilinde aýtsak, ol «Baky dünýäde, ýatan ýeri ýagty (röwşen) bolan Guz diýen şahsyýeti tanaýaňyzmy?» diýýär. Ol sowala, elbetde: «Ol Oguzdyr, bakyda-da bir röwşen Guz bar» diýip, jogap berip bolar. Bu ýerde ýene-de bir meselä üns bermek gerek. Biz «bakyda» sözini häzirki wagtda «hemişelik», «o dünýäde» diýip düşünýäris. Emma «bakyda» sözüniň köpmanylylygyna üns berseň: 1. Geçmişde; 2.Taryhda diýen manylary hem bar. Mysal üçin, Abureýhan Biruniniň (miladynyň 973-1048-njiýyllarynda ýaşan) «El-asar ul-bakiýä» atly eseriniň adynda «baky» düýp sözünden ýasalan «bakiýä» sözi bar. Eseriň adyny türkmençä «Geçmişden (taryhdan) galan ýazgylar» diýip terjime etmek bolar. Şonuň üçin akyldarlarymyzyň ýokardaky şygyr setirlerinde: «Geçmiş taryhda öçmejek, ýagty yz (röwşenlik) goýan (O)Guz barada bilýäňizmi?!» diýmek isländir diýen netijäni çykarmak bolýar. Soňra bolsa şahyr seljerilen setiriň yz ýanyndaky setirde «Öňünde magnysy tört müň tört ýüz bar...» diýen ikinji setirini getirýär. Özi-de «4400 ýyl bar» diýmekden ozal «Öňünde magnysy...» diýen söz düzümini ulanypdyr. Eýsem, «4400»-iň öňündäki «magnysy» näme? Hakykatdan hem biz bu iki setiriň Oguz han atamyza bagyşlanandygyny subut etmek isleýän bolsak, onda 4400 ýylyň üstüne akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň dünýä inen wagtyndan bäri şu ýyla çenli geçen 290 ýyly goşsak-da, 4400+290 = 4690 bolup, ol ýokarda Andalybyň hasabyndan çykaran jemimiz 5017 hasabyna dogry gelmeýär. Bu ýerde bir syr bolmaly. Biz bu syry açmak üçin «öňünde magnysy» diýen söz düzümini dolulygyna ebjet hasabyna salyp görmegi dogry bildik: arap elipbiýinde türkmeniň diliniň «öňünde» sözündäki «ö» harpyny aňlatmak üçin «elip» hem-de «waw» harplaryny bile ýazmaly): «elif» bilen «waw» —7+«n» (nun) — 50+«g» («gaf») — 20+«waw» — 6+«n» (nun) — 50+«d» (dal) — 4+«e» («ha-ýe häwwäz») — 5 = 142. Şeýlelikde, «öňünde» sözüniň ebjet hasabyndan çykýan sanyň jemi —142 bolýar. Indi bolsa «manysy» sözüniň ebjet hasabyny çykaralyň: «m» (mim) — 40+«a» («aýn») — 70+ «n» («nun») — 50+ «y» («ýa») — 10+ «s» («sin») — 60+ «y» («ýa») — 10 = 240. «Magnysy» sözüniň ebjet hasabyndan çykýan sanyň jemi = 240. Indi bize ebjet hasabyna salnan sanlar bilen göni agzalan sanlary goşaýmak galýar: 142+240+4400 = 4782. Magtymguly Pyragynyň ol setirleri ýazan zamanasyny kesgitlemek üçin Andalybyň poemasyndaky setirleriň esasynda çykarylan 5017-den Magtymgulynyň şygyrlarynyň hasabynda emele gelen 4782-ni aýyrýarys. 5017-4782 = 235. Indi bolsa, häzirki ýaşap ýören ýylymyzdan — 2014-nji ýyldan 235-i aýyrýarys. 2014-235 = 779. Diýmek, bu çaklama boýunça şahyr bu şygyryny 1779-njy ýylda ýazypdyr diýmek bolýar. Ikinji delil Görnüşi ýaly, her näçe geň hem bolsa, Nurmuhammet Andalyp bilen Magtymguly Pyragynyň setirlerindäki: Oguz hanyň dünýä ineninden bäri 5017 ýyl geçipdir, onuň ömrüniň dowamlylygy hem 108 ýyl bolupdyr diýmäge esas berýändigi baradaky pikirleriň gaýtalanmagy ýöne ýerden däl. Türkmen akyldarlarynyň Andalyp bilen Magtymgulynyň ikisi hem bu meseläni özüçe düşündirmegi başarypdyr. ... Hezreti Magtymgulynyň şygyr diwanynda şu ýerde seljermäge mynasyp ýene-de bir irki setir bar. Ynha, ol setir türkmen neşirlerinde şeýle nusgada çap edilýär: Tört müň tört ýüz ýaşan Lukman hekimiň, Başy gara guma batdy, ýaranlar! Bu setirleriň çap edilen nusgasynyň asyl nusga golaýdygyna şekim bar, çünki yslam dinine degişli ygtybarly çeşmeleriň hiç birinde Lukman hekimiň 4400 ýaşandygyny barada maglumat ýok. Aslynda «hekim» sözi «tebip» sözüni aňlatman, «dana», «paýhasly», «akyldar»... diýen manylary berýär. Eger taryhda Lukman lakamy bilen meşhur bolan Gippokrat (miladydan ozalky 460-370-nji ýyllarda ýaşan) ýa-da Abu Aly ibn Sina (miladynyň 980-1037-nji ýyllarynda ýaşan) 4400 ýyl ýaşamadyk bolsa, onda hezreti Magtymguly näme üçin «Lukman atly hekimiň 4400 ýaşandygyny» nygtaýarka? Eger Magtymguly beýle diýmedik bolsa, onda näme üçin neşirlerde ol setir hut ýokardaky nusgada?Bu sowallary köpeldip hem bolar. Bu ýerde «Birinji setirdäki «lukman» sözüň üýtgemegine goşgyny arap elipbiýinden göçürenler ýa-da arap elipbiýinden türkmen elipbiýine geçirenleriň haýsydyr bir sebäbe görä goýberen säwlikleri sebäp bolupdyr» diýen netijä gelmek bolar. Indi bu ýerde Oguz adynyň arap elipbiýinde ýazylşyna üns bereliň 1..زوغا4زوغ..2 زغوا3زغ Gadym döwürlerde (hatda geçen asyryň 70-nji ýyllaryna çenli hem) hemme ýerde ýazuw syýa per (pero) batyrylyp ýazylýardy. Eger syýaly ýazylan kagyz çyg çekse welin harplar gürrüňsiz ýoýulýar. Onsoň olary okamak hem kynlaşýar, ýoýulmalar emele gelýär. Indi Oguz adynyň syýa bilen ýazylan nusgasy (1-nji şekil) syýasy (kagyzy) çyg çekip, ol ady nähili derejede üýtgedip biljekdigini (2-nji şekil) göreliň: 1. نمقول.2 _____________ زغوا _____________ Ilkinji şekil göçüriji, eger ol «lukman» sözüniň arapça dogry ýazylyşyndan asla bihabar ýa-da onuň çyg çekip ýoýlandygyndan habarsyz kätip bolsa «Oguz» sözüni tebigy şertlerde ýoýulmalara sezewar bolan nusgasyny «lukman» diýip göçirip biler ýa-da ol sözi okaýan hem şeýdip biler. Elbetde, arapça «lukman» ady biraz başgaça ýazylýar, emma halkymyzyň «Her molla öz bildiginden okar» diýen sözi hem ýöne ýerden dörän däldir. Ýüreklerinde ýagşy işi edesi gelýän hem bolsa, elipbiýni özleşdirdim hasaplan mollaryň hemmesiniň sowat derejesi deň bolan däldir. Soňra 1900-nji ýyllardan 1928-nji ýyla çenli arap elipbiýinde çekimlileri ýazmak, ýagny jeditçe (jezitçe) elipbiý halk arasynda rowaç bolupdyr. Şeýle häsiýetli ýene-de bir mysal bu setirleri arap elipbiýinden türkmen elipbiýine geçirenler, ol ýerdäki «Garagum» diýen sebit adyny baş harpy bolmaýan arap elipbiýsindäki «gara gum» diýip sypat görnüşinde kabul edip, kirill elipbiýsinde we häzirki milli elipbiýimizde-de setir harpy bilen ýalňyş ýazypdyrlar. Emma ol ýerdäki Garagumuň manysy –Türkmen ülkesi. Şeýlelikde, ol iki setir hakykat ýüzünde şeýle nusgada bolmaly. Tört müň tört ýüz ýaşan Oguz hekimiň, Başy Garaguma batdy, ýaranlar! (2-nji jilt 70 sah) Ozalky seljeriş setirlerimizde Magtymguly Pyragynyň hasabynda onuň öz döwrüne çenli Oguz hanyň aradan çykanyna (4400+240=) 4640 ýyl geçipdir diýýändigini nygtapdyk. Ỳokardaky setirlerde şahyr Oguz han atamyzyň aradan çykan wagtynyň däl-de, «ýaşan», ýagny «dünýä ineni bäri» geçen zamanyny aýdýar. Bu ýagdaýda hem 4400 ýyl Oguz han bilen bagly 5017 ýyla gabat gelmeýär. Şonuň üçin bu ýerde hem «4400» sandan soňky «ýaşan» diýen sözi ebjet hasabynda sana öwreliň (sebäbi ol ýerdäki «ýaşan» sözi mantyga-logika hem laýyk gelmeýär): «ý» — 10+«a» — 1+«ş» — 300+«a» — 1+«n» — 50 = 362. Ol sany 4400-iň üstüne goşsak, 362+4400 = 4762 ýyl bolýar. Akyldar ýokardaky setrirleriniň üsti bilen türkmeniň nesilbaşysy Oguz han atamyzyň dünýä ineninden (şahyryň ol setirleri ýazan zamanasyna çenli) 4762 ýylyň geçendigini habar bermek isläpdir. Indi Magtymgulynyň bu setirleri haçan, haýsy ýyl ýazandygyny kesgitlemek üçin, ozalky çykaran sanymyyz 5017–den 4762-ni aýyrýarys. 5017-4762 = 255. Bu 255-i häzirki 2014-nji ýyldan aýyrýarys. 2014-255 = 1759. Diýmek, şahyr bu setirlerini miladynyň 1759-njy ýylynda ýazypdyr. Üçünji delil Magtymguly atamyzyň şygyr diwanynda «Zory gitmezmiş» atly şygyr ýerleşdirilen. Onda şeýle setirler bar: Dört togsan müň elli alty dünýäniň bary, Iki müň iki ýüz Resuldan bäri... (2-nji jilt 230 sah) Ilkinji nobatda ikinji setiri seljerip, soňra uzak düşündiriş talap edýän1-nji setirde geçmek isleýärin. Kitaby neşire taýýarlanlar (goşgyny arap elipbiýinden türkmen elipbiýine geçirenler) 2-nji setiriň birinji sözüni ýalňyş okapdyrlar. Arap elipbiýinde «iki» sözüni ýazmak üçin «elip», «ýa», «kaf» we «ýa» harplaryny ýazmaly. Ỳöne «ýeke» diýip ýazmak üçin bolsa «ýa» , «kaf», «he» (ha-ýe häwwäz) harplary ýazylmaly. Bu şygyry arap elipbiýinden geçirenleriň nähili säwlik goýberenlerini aýdyp bilmesemem, birinji sözüň «iki» däl-de, «ýeke» diýip okalmalydygyny bütin jogapkärçilik bilen aýdyp bilerin. Çünki, ol setirde akyldarymyz: «Resuluň (hezreti Muhammet pygamberiň) dünýäden öteli bäri 1200 ýyl («Ỳeke müň iki ýüz») ýyl geçdi» diýmek isläpdir. Eger biz ol setiri diwany neşire taýýarlanlaryňky ýaly «Muhammet pygamberiň dünýäden gaýdaly bäri 2200 ýyl geçdi» diýsek ol gülkünç bolýar. Häzirki wagtda ondan bäri bary-ýogy hijri-şemsi hasabynda 1392 ýyl, hijri-kamary hasabynda bolsa 1434 ýyl geçen. Şeýle bolýan bolsa, hijri senenamasynyň birinjisi (şemsi) boýunça 2200 ýyla ýetmek üçin ýene-de 808 ýyl, ikinji (kamary) hasaby boýunça bolsa ýene 766 ýyl gerek. Akyldarymyzyň hezreti Muhammet pygamberiň dünýäden gaýdan zamanasyndan özüniň ýokardaky setirlerini ýazan ýylyna çenli 2200 ýyl geçdi diýmegi asla mümkin däl. Şonuň üçin ol setir: Ỳeke müň iki ýüz Resuldan bäri... nusgasynda düzedilip okalsa, ol dogry bolar. Häzirki wagt hijri-kamary hasabynda 1435-nji ýyl. Hijri-kamarynyň 1200-nji ýylyny milada geçirmek üçin ony 97-ä köpeldýäris. Çykan sany 100-e paýlap, onuň üstüne 621-i goşýarys. Bu hasap boýunça akyldarymyz ol setiri (ýagny «Ỳeke müň iki ýüz Resuldan bäri» diýýän goşgusyny) miladynyň 1785 (86) –nji ýylynda ýazypdyr. Bu setiriň meselesini çözdük diýip, indi 1-nji setiri seljereliň. Aryf-danamyzyň ol setiri: Dört togsan müň elli alty dünýäniň bary... diýmegi şol ýagdaýda hiç kime düşünikli däl bolsa gerek. Ol setirde «Dört» ýa-da «togsan» sözleriniň haýsyda bolsa biri öz ýerinde däl ýa-da ol sözlerde bir syr bar. Ỳadyňyza düşýän bolsa, Nurmuhammet Andalyp hem öz «Oguznamasynda» Oguz hanyň dünýäden öteninden Çingiz hanyň dünýä inen senesine çenli: Geçipdir tört müň ýyl, dah:a (ýene-de) elli... diýip ýatlaýardy. Şeýlelikde, Nurmuhammet Andalyp «4050...» ýyly getirýär. Hezreti Magtymguly bolsa «dört» sözi bilen «müň» sözüniň arasynda şol ýerde, şol ýagaýda hiç hili many aňlatmaýan «togsan» sözüni getirýär. Eger biz ol ýerden «togsan» sözüni aýryp okasak, aryf-danamyzyň hem getirýän sany 4056 ýyla deň bolýar. Emma bu setirde, şol ýagdaýda şahyr Oguz han barada söhbet açypdyr diýmäge esas bolmaýar, çünki 4056-nyň üstüne 1785 (86) –nji ýyldan bäri geçen 227 ýyly goşsak bu sanlaryň jemi 4283 ýyl bolup, ol biziň Oguz hanyň dünýä ineni bäri ozalky nygtaýan 5017 ýyl aradan çykaly bäri bolsa 4909 ýyl diýýänimize asla gabat gelmeýär. Şonuň üçin biz, ol setirdäki öz ýerinde bolmadyk «togsan» sözüni hem ebjet hasabynda sana geçireliň. «T» — 400+«o» — 6+«g» — 100+«s» — 60+«a» — 1+«n» — 50 =617. Indi biz 4056-nyň üstüne 617-ni goýarys, 4056+617 = 4673. Bu 4673 ýylyň üstünde şahyryň ol setirleri ýazan senesini 1785-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli geçen döwri milady hasabynda däl-de, hezreti Magtygulynyňky ýaly hijri-kamary senenamasy boýunça çykarýarys (milady hasabynda ol geçen döwür (2014-1785=) 229 ýyl bolýar). Ol hijri-kamaryda 236 ýyldan ybarat bolýar. Bu 236 + 4673 = 4909 ýyl. Diýmek, hezreti Magtymguly ol setiriň üsti bilen türkmenleriň dünýä senenamasy Oguz han atamyzyň aradan çykan senesinden, ýagny mundan 4909 ýyl ozal (hezreti Magtymgulynyň ol setirleri ýazan döwründen bolsa 4673 ýyl ozal) başlandygyny aýtmak isläpdir. Ol 4909 ýylyň üstüne atamyz Oguz hanyň ýaşan108 ýaşyny goşýarys welin, onuň dünýä ineli bäri häzirki wagta çenli geçen wagt ol setiriň seljerşinden çykýan hasap ene-de 5017 ýyla gabat gelýär duruberýär. Mälim bolşy ýaly, gadymy dünýäniň taryhynda döredilen (ulanyp başlanan) senenamalar aglaba ýagdaýda beýik hökümdarlaryň dünýä inen ýa-da aradan çykan... ýyllaryndan başlapdyr. Mysal üçin, milady hasaby hem öz gözbaşyny Isa pygamberiň dünýä inen senesinden başlaýar. Şeýle mysallar taryhda ýetik. Dördünji delil Magtymguly Pyragynyň «Kaýdady bilinmez» atly sowal görnüşli goşgusynda: Tört müň tört ýüz kyrk tört sapasyn sürsün... diýen setir bar. Ol setir özüniň öň ýanyndaky ýa-da soňundaky setir bilen pikir taýdan baglaşman, özbaşdak gelýär. Onsaň, akyldar näme üçin eýesiz sözlem ýasap, sözlemiň eýesi hökmünde «4444» diýen syrly sany getirýärkä?! Hut şonuň hem Oguz han atamyz bilen bagly bolaýmasyn diýen pikir bilen bu setiri seljermäge girişdim. Elbetde, «4444» bu setirde göze görnüp duran san. Biz ol setirdäki «sapasyn» sözüniň hem ebjet hasabynda aňladýan sanyny çykaralyň. «Sad» (s) — 90+«fe» (f) — 80+«elip» (a) —1+«sad» (s) — 90+«ýa» (y) — 10+«nun» (n) — 50 = 321. Bu sany 4444-üň üstüne goşsak, 4444+321 = 4765 bolýar. Şahyr ýokardaky setirleri bolan «Kaýdadygy bilinmez» atly goşgusyny miladynyň 1762-nji ýylynda ýazypdyr diýip açyk aýdyp bilýäris. Eger 1762–nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli geçen 252-ýyly ol 4765-iň üstüne goşsak, ýene-de bu setirden hem umumy çykýan san 5017 ýyla deň bolýar duruberýär. (Çünki, ozalky delilde çykaran 5017 ýyldan 252-i aýyrsak 4765 çykýar. Eger 2014-den 252-i aýyrsak, çykýan san 1762-nji ýyl bolýar). Şeýlelikde, «Şahyr bu setiriniň üsti bilen özüniň şol setirleri ýazan wagtyna çenli dünýä inenden 4765 ýyl geçen Oguz hanyň nesil dowamatlary bu dünýäde abraýly döwran sürmegi dowam etdirewersin diýmek isläpdir» diýen netijä gelmek bolýar. Sözsoňy Şeýlelikde, türkmen milletiniň akyldary hezreti Magtymguly babatda käbir bilermensireýäniň «Ol näme üçin Oguz han barada öz şygyr diwanynda hatyralanmandyr?» diýen bolup akyl satmagyna bu seljeriş ýazgylary geljekde böwet bolar diýip umyt edýärin. Milli Liderimiz hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň milletimiziň şanly geçmişini dikeltmek, geçmişde ýaşan beýik ata-babalarymyzyň mertebesine-mertebe goşup, ruhlaryny hoşnut etmek üçin durmuşa geçirýän ýagşy işleri müňlerçe ýyllaryň gerdişini göterip gelýän goja türkmen halkyny geçmişe buýsandyryp, geljege galkyndyrýar. Ata Watanyna, milletine ýagşylyk etmegi başaran, başarýan islendik Şahsyýet goja zeminiň taryhynda ýalkanandyr, ýalkanýandyr! Eger şeýle bolýan bolsa, Türkmeniň milli Lideri hem ýalkanamaly şahsyýetdir.

Juma ATAÝEW,

magtymgulyşynas.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir