Hemme işlerde türkmenler başga milletden gaýradyr


Men köp pikirler çekdim, biziñ türkmenler arasynda näme iş bardyr ke, ökde we öñde bolsun başga milletlerden diýip. Şu jüre ökde we öñde hiç bir iş tapabilmedim. Adamlar, eger bilseñiz we men ýañlyş diýsem, aýdyñ. Ýañlyşmaz hiç bir iş etmedik adam. Hudaý Tagaladan başga ynsan ýañlyşar. Meniñ köýlümge her bir işlerimiz başga milletlerden gaýra we asgyndyr. Gözümge hiç bir işlerimiz iliñkiçe görünmiýä. Köp gözlerimni açyp turar (?) gararmen we ýorar (?) kim köp islär käbir ýagşy zady görmekni. Emma hiç ugur-ýol tapman we gamgynlyk ýetişip, köp müñ tüýsli pikir-gaýgy(m)lar başymga gelip, meni köp hapa eder.
Nakyl bardyr ki, her adamnyñ egninde bir horjun bolurmyş. Hudaý Tagala şol horjunyñ öñki gözüne iliñ aýybyny salyrmyş we yzky gözde her adamynyñ öz aýyby bolurmyş. Adamlar iliñ aýybyny görüp, özüniñkini görmüzmiş. Emma meniñ egnimdäki horjunyñ içi öz türkmen aýyplarymyzdan dolupdyr we meniñ gözümge dürtüşip, gözümni aljak bolurlar. Gorkýan, özümge kömekdeş bolmasa, gözüm kör bolup galar we aýyplarymyzyñ üsti gömülip, hiç wagt ýüze çykmaz. Ýetmedik zatlarmyzny ýerine ýetirebilmeris we şunluk bilen il hataryna goşulman, hemişe aýak astynda galarmyz.
Bizde ne emel, ne hünär-bilim, ne düzgün, ne agzybirlik bardyr. Söwdegärçilik, ustaçylyk, her jüre şuña meñzeş peýda-haýyrly işler başga milletleriñ golundadyrlar. Biz, türkmenler, özümiz bir okuwly, terbiýetli patyşanyñ golundadyrmyz. Emma hiç bir ýagşy hünär-ylym ögrenmek pikirini çekmiýäs we her bir işleri türkmençilikge salýas. Ýaman işleri, ýagny arak-şerap içmekni we pis aýallar bilen gezip kesellemekde jahyllarymyz başga milletden ökdedir.
Her bir işler başymyzga okuwsyzlykdan gelur. Muhammet Aleýhussalam aýdypdyr, ýagny: ''Gelb ediñ ylymly sallançakdan gabyrga goýlança''. Şu sözleri tutmak bizge wajypdyr.


''Ruzname-ýi Mawera-ýi Bahr-i Hazar''

(06. II. 1915)

Muhammetguly Atabaý ogly

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir