Täze okuw düzgüni

Her söz geplenende, agyzdan owaz çykar. Şo owazga görä hat hem ýazylar. ''Elip'', ''biý'' musulman harplarynyñ atlarydyr. Emma okulgan wagtyda başga jüre atlanur. Meselem, Atabaý adyda ilki owazy ''a'' eşidilse, onsoñ ''t'', onsoñ ýene ''a'', ýene ''b'', ýene ''a'', ýene ''ý'', eşidilişine görä hem okaýalar we ýazýalar. Oglanlary ilki okuwga salanda, ''elip'', ''biý'' adyny bermeli däldir. Näjüre owazda harplar gelse, şo(ña) görä hem harplarga at berip, oglanlarga okudyp ýazdyrmalydyr. Şu täze okuw düzgüni we kararyna ýagşy türkmen diline kitap çykarandyr mugallym Aliýew. Eger şu kitaplar bilen okudylyp, akylyna gelen oglanlar iki aýyñ içinde hat ýazmakny, okamakny biler. Onsoñ Kuran-Şerif we başga jüre kitaplarga salsañ, gözleri hatga düşüp, basym añsatlyk bilen okap çykar. Türkmenlerden başga milletlerde täze okuw düzgüni öñden bäri çykandyr. O sebäpden içlerinde hat bilen adamlar hem köpdir we öz ýurdunyñ söwdasy we her bir haýyr peýdaly zatlary öz elleri(n)dedir.
Elbetde, hemme mekdep we medresäge giren oglanlar uly molla çykýan däldir. Köpüsi biderek bolýandyr. Emma täze düzgün bilen okadylsa, hiç bolmasa, musulman hatny ýazmakny bilip çykar. Onuñ hat bilmegi bir ýerde peýda eder.

''Ruzname-ýi Mawera-ýi Bahr-i Hazar'' atly türkmen gazeti

(13. I. 1915)

Muhammetguly Atabaý ogly

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir