Öwez Gündogdy (1966 - 15.04.2013) Milletine buýsanýan, Watanyny jandan söýýän, ýaş arheolog alym, ýaşynyñ baharynda bimahal aramyzdan gitdi. Öwez Gündogdyew 1966-njy ýylda Aşgabatda dogulýar.  Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň taryh fakultetinde okaýar. Okuwy tamamlandan soň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynda ylmy işler alyp başlaýar. Soñky ýyllar ol Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Arheologiýa we Etnografiýa institutynyň direktoryň orunbasary bolup işleýärdi. Öwez Gündogdyew müňe golay ylmy we ylmy-populär makalalaryň awtory. Mundan başga-da ol „Aşgabat Keramatly Ärsagyñ şäheri“ yaly birnäçe Türkmenistanyň we Merkezi Aziýanyň taryhyna degişli kitaplaryň awtorydy. Öwez Gündogdyew üstümizdäki ýylyñ Aprel aýynyň 15-nde aradan çykdy. Onda öz milletine we watanyna bolan buýsanç hem guwanç örän güýçlidi. Hut şeýle düýgudan güýç alan Öwez, özüniñ ylmy işlerinde örän erkin we ynamly hereket edip başlady. Kolonýalistlaryñ türki halklara, şol sanda türkmen milletiniñ geçmişi we şu güni hakynda toslan kemsidiji we hiç hili ylmy hem logiki esasy bolmadyk toslama düşünjelerini eliniñ tersi bilen itip, daşary ýuwrtly alymlaryñ eserlerini-de tankydi garaýyş bilen gaýtadan gözden geçirmek arkaly, mähriban milletiniñ hem ebedi watanynyñ dogruçyl taryhyny ýazyp başlady.      Öwez,  milletimizi öz Ata Watanynda gelmişek hasap etjek bolýan we topraklarymyzdan arheologlaryñ ýüze çykarýan örän gadymy hem baý medeniýetri haman günbatardan gelenmiş diýen düşünjäni öñe sürýän kä bir siýasatçy alymlara aç-açan garşylyk görkezýän ýaş alymlardan biridi. Bu hakykata hormatly okyjylar onuñ ylmy makalalaryny hem-de „Aşgabat Keramatly Ärsagyñ Şäheri“ atly kitabyny aşakdaky adresden okap örän aýdyñ göz ýetirip bilerler.     (http://turkmensahramedia.net/q/q_tsan.php?tsan_id=39)      Arman, Öwez Gündogdy hem, edil garaşsyzlygyñ bosagasynda örän bimahal aramyzdan giden „Ahmat Bekmyrat“ ýaly öz milli işlerine ýañy başlanda aradan çykdy. Bularyñ ikisi-de milletimiziñ hem watanymyzyñ hakyky taryhyny ýazmakda has uly goşant goşup biljek alymlarymyzdy.    Ŷatan ýerleri ýagty bolsun, başlan beýik ýollary dowam etsin!


B. Gereý, Maý 2013      

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir